Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylarynyň we ýeňil atletikaçylarynyň üstünlikleri
Sport
Türkmen samboçylarynyň we ýeňil atletikaçylarynyň üstünlikleri
Çap edildi 16.02.2015
1529

Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň ikisinde – Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde ýakynda geçen sport we söweş sambolary boýunça dünýäniň kubogy hem-de ýakynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň wekilleri jemi 10 medala mynasyp boldular, olaryň üçüsi altyn, üçüsi kümüş we dördüsi bürünç medaldyr. Sambo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda “ýaragsyz özüňi goramak” görnüşi boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet senasy iki gezek ýaňlandy. Şunda 68 kilograma çenli agram derejede biziň ildeşlerimiziň ikisi ýeňiji boldular. Abdylla Babaýew Minskiniň sport köşgünde 4 gezek göreşip, olaryň ählisinde hem ynamly ýeňiş gazandy. Aýgytlaýjy tutluşykda ýer eýeleriniň toparynyň wekili Dmitriý Kruhow biziň samboçymyzyň bäsdeşi boldy. Köpsanly tomaşaçylaryň goldawyna garamazdan, Belarus türgeni türkmen samboçysynyň çeýelik bilen görkezýän tilsimlerine garşy bolup bilmedi, netijede, Abdylla altyn medala mynasyp boldy. Şu agram derejesinde 17 ýaşly Kerimberdi Döwletow 3-nji orny eýeledi, ol şu ýaryşda çykyş eden iň ýaş türgendir. K.Döwletowyň başarnykly çykyş etmegi, onuň sport dünýäsinde uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Söweş sambosy boýunça biziň toparymyzda ikinji altyn medaly Mergen Tejenow eýeledi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby belarusly türgen Pawel Nesterenýukdan üstün çykyp, 90 kilograma çenli agram derejede tapawutlandy. Söweş sambosy boýunça 82 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Jowlanbek Madaminow bürünç medaly eýeledi. “Ýaragsyz özüňi goramak” görnüşi boýunça türkmen toparynyň düzüminde halkara derejeli sport ussady, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň iň güýçli türgeni diýlip yglan edilen Gülbadam Babamyradowa has ýokary netije gazandy, ol 52 kilograma çenli agram derejede ikinji orny eýeledi. Finala barýan ýolda iki gezek ynamly ýeňiş gazanyp, türgenimiz aýgytlaýjy duduşykda belarus türgeni Alesiýa Starowerowadan asgyn geldi. Türkmen türgenleriniň ýene ikisi Tejen Tejenow (82 kilograma çenli agram derejede) we Zöhre Madraýimowa (60 kilograma çenli agram derejede) bürünç medallara eýe boldular. Bu samboçylarymyzyň halkara derejesindäki ýaryşlarda şu ýylyň dowamynda gazanan eýýäm ikinji uly üstünligidir. Geçen aýda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň, Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän türgenleri Gazagystanyň Almaty şäherinde geçen sport we söweş sambosy boýunça dünýä kubogynyň tapgyrynda jemi ýedi medala – iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medaly eýelediler. Indi türkmen samboçylary Russiýanyň paýtagty Moskwada indiki aýyň aýaklarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “ýaragsyz özüňi goramagyň” iki ugry boýunça dünýäniň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlanyp başlarlar. Ol ýaryşa gatnaşmak üçin milli toparyň düzümi indiki aýda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitlener. ........ 10 ýurtdan 200-e golaý türgeniň gatnaşmagynda ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşynda türgenlerimiz diňe bir medal almak bilen çäklenmän, Türkmenistanyň birnäçe täze rekordyny hem goýdular. Rina Welihanowa “bäş görnüş” ugry boýunça 3267 utuk toplap, öňki milli rekordyň görkezijisini 300 utuk ýokarlandyrdy. 60 metr aralyga päsgelçiliklerden geçip ylgamak, ýokarlygyna bökmek, ýadro zyňmak, uzynlygyna bökmek we 800 metr aralyga ylgamak görnüşleri öz içine alýan ýeňil atletika boýunça ýaryşda ýene bir türkmen türgeni Olena Hudaýbergenowa ikinji orny eýeledi, ol ýeňijiden 200 utuga golaý yza galdy. Toparymyzyň düzüminde Walentina Meredowa ikinji kümüş medaly eýeledi, ol 60 metr aralyga ylgamakda tapawutlandy. Onuň görkezen 6,62 sekund netijesi mundan beýläk Türkmenistanyň täze milli rekordy diýlip hasap ediler. Şu görnüş boýunça ildeşimiz Maýsa Rejepowa 7,84 sekund netije bilen ýaryşyň iň gowy ýeňil atletikaçylarynyň bäşligine girmegi başardy. Mälim bolşy ýaly, ýeňil atletika 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bäş görnüş we 60 metr aralyga ylgamak görnüşleri boýunça hem Aziýa oýunlaryna gatnaşýan türgenler bäsleşerler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hajy Rahmanowyň, Guwanç Mataganowyň, Waleriý we Ýewgeniýa Şelutýakowlaryň tälim berýän ýokarda ady agzalan türgenleriň görkezen netijeleri Aziada-2017-de mynasyp çykyş etmegi başarjak geljegi uly ýeňil atletikaçylaryň eýýäm bardygyny subut edýär.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow