Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyryna çykdy
Sport
“Ahal” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyryna çykdy
Çap edildi 18.02.2015
1441

Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky toparlaýyn ýaryşlarda Türkmenistanyň topary hem çykyş eder. “Ahal” topary öz bäsdeşlerinden üstün çykyp, bu hukuga mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bir hepde mundan ozal “Ahal” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda ilkinji oýnunda Aşgabatda Gyrgyzystanyň dokuz gezek çempiony “Dordoý” toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ikinji duşuşykda bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orna eýe bolan we Türkmenistanyň kubogynyň iki gezek eýesi myhmançylykda Maskat şäheriniň “Al-Sib” stadionynda Omanyň “Fanja” toparyny utdy. Özüniň döredilenine 40 ýyldan gowrak wagt geçen bu topar Omanda örän meşhurdyr. Toparyň futbolçulary Omanyň sekiz gezek çempionydyr we ýurduň kubogyna dokuz gezek mynasyp bolupdy. Olar iň soňky gezek çempion adyna 2012-nji ýylda, kuboga bolsa geçen ýyl mynasyp bolupdylar. AFK- 2015 kubogynyň kadalaryna laýyklykda, ýaryşlaryň deslapky tapgyrynda ýeňijiler öz ýerinde ýa-da myhmançylykda geçirilen oýnuň netijesinde kesgitlenilýär. Guwançmuhammet Öwekowyň tälim berýän futbolçulary myhmançylyky oýnuň netijesiniň örän möhüm ähmiýete eýedigine göz ýetirip, eýýäm duşuşygyň ýedinji minudynda hasaby açdylar. “Dordoý” bilen duşuşykda ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini geçiren Altymyrat Annadurdyýew bu oýunda hem tapawutlandy. Ol duşuşygyň 41-nji minudynda ikinji pökginiň geçirilmegine hem goşant goşdy. A.Annadurdyýewiň urgusyny derwezeçi Ahmed Al-Hattaly gaýtarandan soň, pökgini Gurban Annaýew derwezä gönükdirdi. Duşuşygyň birinji ýarymy 2:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň 56-njy minutynda “Fanja” toparynyň baş tälimçisi hasaby deňlemegi umyt edip, täze futbolçularyň ikisini oýna girizdi. Bu öz netijesini hem berdi. Ibrahima Ndione 61-nji minutda bir pökgini geçirmegi başardy, emma şondan sekiz minut geçenden soň A.Annadurdyýewiň sag tarapdan geçiren pökgüsini Rahmet Şermetow derwezä ugrukdyrdy – hasap 3:1. Duşuşygyň 83-nji minutynda ýer eýeleri ýene-de hüjüme geçdiler. Duşuşygyň dowamynda oýna giren Bilal Dangur hasaby 2:3-e ýetirdi, ýöne bu olary şowsuzlykdan halas etmedi. Şunda derwezeçimiz Akmyrat Gurbanowyň goşandy uludyr, ol şu oýnuň iň güýçli futbolçusy diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, “Ahalyň” futbolçulary 3:2 hasabynda utup, AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazandylar. Ozal 2004-nji we 2007-nji ýyllar aralygynda Balkanabadyň “Nebitçi” topary bu hukuga üç gezek, paýtagtymyzyň “Nusaý” we HTTU-nyň toparlarynyň hersi iki gezek we Marynyň “Merw” topary bir gezek eýe bolupdylar. 2008-2014-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň toparlary ähmiýeti boýunça Aziýa yklymynda üçünji ýerde durýan AFK-nyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler. 2013-nji ýylda “Balkan” topary bu kubogyň eýesi boldy. Geçen ýyl bolsa Kubok ugrundaky ýaryşlarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow