Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­ny ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­ny ka­bul et­di
Çap edildi 21.11.2018
1739

u gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry je­nap Lam­ber­to Zan­ni­ýe­ri ka­bul et­di. Myh­man mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de ýüz­be-ýüz du­şu­şyk­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, ÝHHG-niň Türk­me­nis­tan bi­len äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ÝHHG bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny, soň­ky ýyl­lar­da bu hyz­mat­daş­ly­ga hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­len­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lan ýur­du­my­zyň umu­my­dün­ýä ösüş ýag­da­ýy­na oňyn tä­sir et­mä­ge gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny esa­sy ugur edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Lam­ber­to Zan­ni­ýe­re hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na gol­daw ber­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň äh­li ugur­la­ry, şol san­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, eko­lo­gi­ýa we yn­san­per­wer­lik gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Mil­li az­lyk­lar we ola­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na go­şu­lyş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­duň äh­li ra­ýat­la­ry­nyň deň­hu­kuk­ly we pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şiň ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da de­mok­ra­tik esas­la­ry we adam hu­kuk­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da ge­çen ýyl dö­re­di­len Adam hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky do­ly yg­ty­ýar­ly eda­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň we de­giş­li Ka­nu­nyň esa­syn­da Türk­me­nis­tan­da ge­çen ýyl adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­liň — Ada­lat­çy­nyň we­zi­pe­si dö­re­dil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki ýag­daý ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär hem-de ony hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. Mu­nuň özi se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm şer­ti bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­ma­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da ýur­du­my­zyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Lam­ber­to Zan­ni­ýer Türk­me­nis­ta­nyň soň­ky ýyl­lar­da öňe sür­ýän bir­nä­çe mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň döw­re­bap gu­ra­ly­ny dö­ret­mä­ge, äh­lu­mu­my howp­suz­lyk bin­ýa­dy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy­ny we äh­mi­ýet­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry yn­san­per­wer ul­gam­da­ky, hu­su­san-da, ylym we bi­lim ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­ki ugur­la­ry ha­kyn­da pi­kir alyş­dy­lar. Myh­man Türk­me­nis­tan­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­lim ul­ga­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ösü­şi­ne oňyn ba­ha be­rip, bu ugur­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­mak ha­kyn­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň dün­ýä yl­my­na çuň­ňur ara­laş­ma­gy, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni, mu­nuň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Lam­ber­to Zan­ni­ýer bar bo­lan äh­li me­se­le­ler bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de öza­ra ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge bo­lan taý­ýar­ly­gy mä­lim et­di­ler. Du­şu­şy­ga ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Drozd gat­naş­dy. *** Şu gün şeý­le hem ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň Aş­ga­bat­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de Mej­lis­de we Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň do­wa­myn­da köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy, ösü­şe we aba­dan­çy­ly­ga umu­my gy­zyk­lan­ma­lar, adam­la­ryň howp­suz we bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin has amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bu gat­na­şyk­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow