Baş sahypa
\
Sport
\
«Ahal» ýeňşe golaýlady
Sport
«Ahal» ýeňşe golaýlady
Çap edildi 11.03.2015
2808

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda «S» toparynda ikinji tapgyryň duşuşygy geçirildi. «Ahalyň» bäsdeşi «Istiklol» topary häzirki günde Täjigistanyň güýçli futbol kluby bolup durýar. Täjigistanyň 3 gezek çempiony bolmagy başaran topar ýurduň Kubogyna 4 gezek, Naýbaşy kubogyna bir gezek mynasyp boldy, 2012-nji ýylda bolsa yklymyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli baýragyny — AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýeledi. Myhman toparyň düzüminde milli ýygyndy toparyň oýunçylarynyň 14-siniň we Ispaniýadan, Serbiýadan, Ukrainadan hem-de Eýrandan oýunçylaryň dördüsiniň bardygyny hem aýtmak gerek. Şulara nazara alyp, hakykatda, şu gün Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky bürünç baýragynyň eýesi daşary ýurtly oýunçylar bilen güýçlenen Täjigistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy diýip aýtmak bolar. Oýunçylary seçip almakda täjik klubynyň güýçli artykmaçlygyna garamazdan, biziň watandaşlarymyz oýnuň şowly jemlenmegine golaý geldiler. Myhmanlar eýýäm bäşinji minutda hasaby açdylar. Çekeleşikli oýun pursadynda myhman toparyň futbolçysy Fathullo Fathulloýew sag gyradan alan pökgäsini derwezä därs gönäkdirmegi başardy. 26-njy minutda Süleýman Orazow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Oňa şeýle mümkinçilik 60-njy minutda-da döredi. Emma ikinji 11 metrlik urgyny şowly geçirmäge biziň futbolçymyza serbiýaly derwezeban Nikola Stoşiç päsgel berdi. Türkmen futbolçylary ýeňiş gazanmaga ymtylyp, hüjüme geçdiler, myhmanlar bu ýagdaýdan peýdalanyp, garşylyklaýyn hüjüm guradylar. Bu dartgynly oýun pursatlary derwezäniň uzakdaky burçuna takyk ugry geçiren «Istiklola» 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi. AFK-nyň Kubogynyň toparlaýyn ýaryşynyň indiki tapgyrynda «Ahal» 18-nji martda Aşgabatda Yragyň «Erbilem» topary bilen oýnar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow