Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
Çap edildi 12.11.2018
1176

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luwsan Battulgadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iberen salamyny hem-de mähirli arzuwlaryny aýdyp, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň üstünlikli öňe gitmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, ol Garaşsyz türkmen döwletiniň esasy maksadynyň — raýatlaryň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem doly ygtyýarly wekile türkmen parlamentiniň düzümi hem-de işi, kanunçykaryjylyk işi we halkara gatnaşyklary barada habar berildi. Diplomat Türkmenistanyň giň gerimli üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halklaryny netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly esasy bolan dünýäde parahatçylyga we ylalaşyga gyzyklanmanyň birleşdirýändigi nygtaldy. Iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi-de bellenildi. *** Şu gün Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow