Baş sahypa
\
Sport
\
Söweşjeň sungat boýunça türgenleriň nobatdaky üstünligi
Sport
Söweşjeň sungat boýunça türgenleriň nobatdaky üstünligi
Çap edildi 29.03.2015
2400

Sportuň söweşjeň sungat görnüşleri bilen meşgullanýan biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen bizi guwandyrýarlar. Bu gezek sportuň bu görnüşinde ussatlarymyz hytaý uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionatynda hem-de taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde tapawutlanmagy başardylar. Olar jemi 11 medaly — 8 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medaly eýelediler. ... Uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionaty ýakynda Riga şäherinde üçünji gezek geçirildi. Bäsleşiklere Russiýadan, Litwadan, Estoniýadan, Norwegiýadan, Polşadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Biziň toparymyzda 10 türgen çykyş edip, olaryň 8-si altyn, ikisi bolsa kümüş medallary eýelediler. Şunda 56 kilograma çenli agram derejesinde erkekler toparynda finala diňe türkmenistanlylar: aşgabatly Çarygylyç Tagangylyjow we Baýramalydan Şirli Annaýew çykdylar. Olaryň özara bäsleşiginde Ç.Tagangylyjow tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldy. Erkekler toparynda Rahat Rahymow (60 kilograma çenli agram derejede), Salahetdin Baýramow (65 kilograma çenli agram derejede), Goçmyrat Jumaniýazow (70 kilograma çenli agram derejede), Muhammet Gurbanow (75 kilograma çenli agram derejede) we Kemal Sähedow (85 kilograma çenli agram derejede) ýeňiş gazandylar. Zenanlar toparynda biziň ildeşimiz Aýnabat Jumamyradowa 48 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, altyn medaly eýeledi. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde türkmenistanlylar ýene iki medala — bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Baýrammyrat Babaýew birinji orny, Baýrambibi Nurmuhammedowa bolsa ikinji orny eýelediler. Şunuň ýaly ýokary görkezijiler — 8 altyn we 2 kümüş medal Latwiýanyň uşu boýunça açyk çempionatyna gatnaşan toparlaryň arasynda iň ýokary görkezijidir we türkmen türgenleri resmi däl umumy toparlaýyn hasapda öňdeligi eýelediler. Häzirki wagtda Gündogaryň gadymy başa-baş tutluşygy bilen meşgullanýan türkmen türgenleri aprel aýynyň 20-lerine Sankt-Peterburg şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriljek söweş sungatlary boýunça IХ olimpiada taýýarlyk görýärler. Her ýyl geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna dünýäniň ellä golaý ýurdundan sportuň başa-baş tutluşyk görnüşleri boýunça iň güýçli türgenler gatnaşýarlar. Bu olimpiada Türkmenistandan uşuçylar ilkinji gezek gatnaşarlar, şonuň üçin hem ýokary netije gazanmak örän möhümdir. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümi 10-12-nji aprel aralygynda Daşoguz şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitleniler. Taý boksy boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek geçirildi. Bu iri ýaryş söweş sungatynyň dörän mekany bolan Tailandda geçirildi. Oňa 40 ýurtdan — Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Türkmenistandan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Marokkodan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan türgenler gatnaşdylar. Biziň toparymyzyň hatarynda Rasul Rasulow tapawutlandy, ol 91 kilograma çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. Ol çärýek finalda türk bäsdeşinden üstün çykyp, şeýle ýeňşe eýe boldy. Dünýäniň taý boks boýunça iň güýçli türgenleriniň birinden asgyn gelip, R.Rasulow finala çykyp bilmedi. Türkmenistanyň çempiony R.Rasulow häzirki wagtda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine girmäge esasy dalaşgärleriň biridir. Häzirlikçe bolsa R.Rasulow söweşjeň sungatyň beýleki türkmen ussatlary bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynda ýene-de Tailandda geçiriljek taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlanýar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow