Türkmenabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy. Türgenler III ulular derejesinden başlap, sport ussatlarynyň toparyna çenli bäş toparda ýurdumyzyň iň güýçli gimnastikaçysy diýen ady almak ugrunda bäsleşdiler. Erkek kişiler sport gimnastikasynyň 6 ugrunda — eliňi diräp bökmek, parallel bruslarda, halkalarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki ugurlarda bäsleşdiler. Bu ýerde birinji ýerleriň ählisini eýelemegi başaran türkmenabatly türgenler has erjellik görkezdiler. Şeýlelikde, Marufjan Açylow (sport ussatlar topary), Maksat Maksidow (sport ussatlygyna dalaşgär), Begenç Bäşimow (I ulular derejesi), Ramazan Hasanow (II ulular derejesi) we Süleýman Bazarow (III ulular derejesi) ýeňiji boldular. Galyberse-de, ýer eýeleri beýleki baýrakly orunlaryň ählisini diýen ýaly eýelemegi başardylar. Bu ýerde aşgabatly gimnastikaçylar diňe bir kümüş medal bilen oňmaly boldular — B.Myratjanow (I ulular derejesi). Türkmenabatly türgenleriň uly ýeňiş gazanmagy tötänden däldir. Birinjiden, bu ýerde döwrebap sport binýady hereket edýär, ikinjiden bolsa, türgenler halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň çempionatynyň öňüsyrasynda Lebabyň erkekler ýygyndysy Almaty şäherinde (Gazagystan) sport ýygnanyşygynda boldular. Zenanlar Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda ýaryşlaryň 4 görnüşinde — eliňi diräp bökmek, dürli belentlikdäki bruslarda maşklary ýerine ýetirmek we beýleki görnüşlerde bäsleşdiler. Bu ýerde aşgabatlylar birinji orunlaryň 4-sini eýelemegi başaryp, öz sport ussatlyklaryny görkezdiler. Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Maýsa Kulyýewa (sport ussady), Sadap Berdiýewa (sport ussatlygyna dalaşgär), Aýgül Matjiýewa (II ulular derejesi) we Lisana Sadrttinowa (III ulular derejesi) aldylar. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda ýer eýeleri diňe I ulular derejesindäki gimnastikaçylaryň toparynda ýeňiş gazanmagy başardylar. Bu ýerde Zarina Narbaýewa baş baýraga mynasyp boldy. 1-nji aprelde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreler badalga alýar. Bu çäreler tutuş bir aýlap dowam eder. Giň gerime eýe boljak bu çäreleriň çäklerinde Türkmenabadyň 5-nji sport mekdebinde 18-19-njy aprelde sport gimnastikasy boýunça ýene-de bir milli ýaryş geçiriler. Şol ýaryşda Türkmenistanyň şu çempionatynda baýrakly orunlary eýeläp bilmedik türgenlere ýeňiş gazanmak üçin oňat mümkinçilik dörär. Maý aýynda bolsa bu ýerde Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler.