Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ikinji güni welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş bilen dowam etdi. Ýaryşa gatnaşýanlaryň arasynda meşhur küştçüler — FIDE-niň ussatlary Azat Sylabow we Muhtar Temirow, şeýle hem halkara ussady Suhrab Temiýew bar. Ertir halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýew bir wagtda ençeme küştçi bilen oýnamak bäsleşigini geçirer. Oňa meşhur küştçi bilen güýç synanyşmaga isleg bildirýän küştçüleriň ýüzüsi gatnaşar. Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda erkekleriň we zenanlaryň arasynda kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Medallara dalaş edýänleriň arasynda 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň kümüş medallarynyň eýeleri Aýna Jumakulyýewa, Serdar Jumaýew, Muhammet Temirow bar. Olar bilen birlikde öz agramlyk derejelerinde 2011-nji ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Gaýratjan Zaripow, 2013-nji ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş we bürünç medallaryna mynasyp bolan Aýna Zaripowa we Marat Orazow güýç synanyşarlar. Sportuň başa-baş we söweş görnüşleriniň ussatlarynyň, gimnastikaçylaryň we akrobatlaryň paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumyndaky şowhunly görkezme çykyşlary ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Kikbosçylar, uşuçylar, erkin göreşiň ussatlary, karateniň we hapkidonyň üç dürli mekdepleriniň wekilleri hem öz ussatlyklaryny görkezdiler. Kikboksing, söweş we sport sambosy, göreş we taekwondo (WTF) başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri bilen birlikde Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizildi. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda örän güýçli sambo mekdebi döredildi. Dünýäniň, Aziýanyň çempionatlarynda, Dünýä kubogynyň tapgyrlarynda we beýleki halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan zehinli türgenler hem, üstünligiň bosagasynda duran ýaşlar hem bizde az däl. Türkmen döwletiniň ösüp gelýän nesil baradaky aladasy türgenleriň ussatlygynyň ýokarlanmagynyň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmäge uly üns bermegi hem muňa ýardam edýär. Şunuň netijesinde sport we söweş sambosynyň ösmegine kuwwatly itergi berildi. Häzirki wagtda milletiň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen döwrüň dowamynda bedenterbiýe we sport ulgamynda ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn nesli, şol sanda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Biziň ussat türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler. Ine, “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hem samboçylar başa-baş söweşleriň dürli görnüşlerinden alnan emelleriň birnäçesini ussatlyk bilen görkezdiler. Türgenleriň görkezme çykyşlary örän gyzykly boldy we şol bir wagtyň özünde özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Ilki bilen meýdança Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň çagalar sport gimnastika mekdebiniň wekilleri çykdylar. Olar sport we çeper gimnastika hem-de akrobatika boýunça birnäçe çykyşlary taýýarladylar. Koreý hapkidosy bilen meşgullanýan ussatlaryň bäsleşigi hem örän gyzykly boldy. Sportuň bu görnüşi özboluşly tehnikasy, türgenleriň dürli maşklary ýerine ýetirmegi bilen tapawutlanýar. Uşu ussatlarynyň çykyşlary hem ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar dürli emelleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu söweş sungaty özüne sagaldyş gimnastikasyny we sport bäsleşigini birleşdirýär. Karateçiler hem dürli emelleri sazlaşykly ýerine ýetirdiler. Aýkidonyň muşdaklary hem inçe tehnikany, owadan we sazlaşykly hereketleri görkezdiler. Öz nobatynda kikboksçylar täsin hereketleri bilen öz ussatlyklaryny beýan etdiler. Umuman, görkezme çykyşlary sporty söýýänleriň we oňa sarpa goýýanlaryň hem-de beden we ruhy kämillige ymtylýanlaryň ählisi üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň çäklerinde geçirilýän sport çäreleri barha giň gerime eýe bolýar. Öňde gyzykly ýaryşlar garaşýar. Mysal üçin, 3-nji aprelde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport desgalarynda orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Şenbe güni, 4-nji aprelde Gyşky oýunlar sport toplumynda figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary guralar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde bolsa sambo boýunça açyk birinjilik badalga alar. Ýekşenbe güni irden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Saglyk ýolundan geçerler. Şol gün welosport boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçiriler.