Baş sahypa
\
Sport
\
2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri
Sport
2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri
Çap edildi 08.11.2018
2479

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy. Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi. Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithanowa (Gazagystan) itekläp götermekde 108 kilogram agramyň hötdesinden gelip, güýçli hasaplanylýan A toparçadaky bäsdeşleriniň köpüsinden ýokary netije görkezdi we netijede, ikinji orna mynasyp boldy. Umumy hasapda birden götermekde London Olimpiadasynyň çempiony ispaniýaly Lidiýa Walentin Perez ýeňiji boldy. Belarus Respublikasyndan gelen türgen Darýa Naumowa bolsa bürünç medaly eýeledi. Itekläp götermekde örän çekeleşikli göreş dowam etdi, aýgytlaýjy synanyşyga çenli türgenleriň birnäçesi çempionlyk adyna dalaş etdiler. Türgenleriň ikisi 137 kilogram agramlygy götermegi başardylar. Ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça Darýa Naumowa altyn medaly eýeledi, ol çykyşlaryň jemi boýunça ikinji orna mynasyp boldy. Itekläp götermekde ikinji orna eýe bolan ekwadorly Tamara Salazar çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny eýeledi. Itekläp götermekde üçünji orna mynasyp bolandygyna garamazdan, çykyşlaryň iki görnüşi boýunça ispaniýaly türgen Lidiýa Walentin Perez jemi 249 kilogram agramyň hötdesinden gelmek bilen, ýeňiji bolmagy başardy. Erkekleriň arasynda B toparçada 102 kilograma çenli agramlyk derejede bäsleşikden daşary çykyş edýän ildeşimiz Öwez Öwezow çykyşlaryň jemi boýunça hem-de birden götermekde iň gowy netijäni görkezdi we itekläp götermekde üçünji orny eýeledi. A toparçasynda birden götermekde esasy göreş Özbegistandan, Eýrandan we Ukrainadan gelen türgenleriň arasynda ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşigiň şu görnüşinde özbek türgeni Akbar Juraýew aýgytlaýjy synanyşygynda 180 kilogram agramy göterip, ýeňiji boldy hem-de ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny iki gezek täzelemegi başardy. 179 kilogram agramy göteren eýranly Ali Haşemi kümüş medala, ukrainaly türgen Dmitro Çumak bolsa bürünç medala mynasyp boldular. Itekläp götermekde ýene-de bir eýranly türgen Reza Beýralwand çempion diýen ada mynasyp boldy. Ol 218 kilogram agramyň hötdesinden gelip, itekläp götermekde ýeňiji boldy, çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny eýeledi. Ukrainaly türgen D.Çumak itekläp götermekde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça ikinji orny eýeläp, netijede, kümüş medallaryň ikisine we bürünç medallaryň birine mynasyp boldy. Çykyşlaryň iki görnüşiniň jemi boýunça Ali Haşemi (Eýran) dünýäniň çempiony boldy. Ol itekläp götermekde üçünji orny eýeledi. Özbegistanly Akbar Juraýew birden götermek boýunça altyn medaly eýeläp, çykyşlaryň iki görnüşiniň jemi boýunça 392 kilogram bilen ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Ertir, ýaryşlaryň tamamlanmagynyň öň ýanynda erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 87 kilograma çenli agramlyk derejelerde baýrakly orunlara mynasyp boljaklar belli bolar.

Soňky habarlar
23.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar
22.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.06
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
22.06
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
top-arrow