Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy. Adyndan belli bolşy ýaly, maslahatyň wezipesi ýurduň içeri we daşary syýasaty babatda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ähmiýetine garamakdan ybaratdyr. Munuň özi olaryň ýurdumyzyň diňe bir sport ulgamyna däl, eýsem, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna hem täsir edişiniň hem-de miras galmagynyň peýdasynyň has doly derejede bolmagyny gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan başlap, sebit we dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň durmuşa geçirilişine çenli ugurlara degişlidir. Çäreleri guraýjylar bolan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça şeýle maksady öz öňlerinde goýdular. Aziadanyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda ýerleşen Milli sport we syýahatçylyk instituty maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Sport we syýahatçylyk pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi dünýä derejesinde ýörite bilim bermegi guramak üçin hemme şertleri bolan ajaýyp topluma üç ýyl mundan ozal göçüp geldi. Şu ýerden uzak bolmadyk ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep hem ýerleşýär. Onuň esasy wezipesi ýaş zehinleri ösdürmekden we geljekki çempionlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýlelik bilen, şu üç desga “mekdep-institut-stadion” diýen ýokary derejeli türgenleri taýýarlaýyş ulgamynyň özboluşly özenini emele getirdi. Olaryň toplumlaýynlygyna hem daşary ýurtly myhmanlar baha berdiler. Myhmanlaryň arasynda diňe bir Aziýadan däl, Ýewropadan hem bolan köp ýurtlaryň wekilleri bar. Ol ýurtlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Filippinler, Katar, Eýran, Yrak, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Beýik Britaniýa, Awstriýa, Fransiýa we beýlekiler bar. Şu günki umumy mejlise ertir geçiriljek sport media-forumyna gatnaşjaklar hem çagyryldy. Institutyň maslahatlar zalyna ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýurdumyzyň dürli pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şu gün myhmanlary kabul edýän ýokary mekdebiň mugallymlary we talyplary bar. Bu ýerdäki foýede Aziada bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň esasy eksponatlarynyň arasynda Olimpiýa şäherçesiniň uly makedi bar. Onuň gapdalynda Oýunlaryň nyşany şekillendirilen dokma we sowgatlyk önümleri goýlupdyr. Milli Liderimiziň galamyna degişli bolan kitaplar, häzirkizaman Türkmenistan baradaky beýleki neşirler goýlan diwarlyk sergide hormatly orun tutýar. Maslahatyň dabaraly açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiz Gutlagynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, sport ulgamynda gazanýan üstünliklerimizi dünýä ýaýmakda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn diýip nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aziadanyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, türkmen hünärmenleri Ýer ýüzünde iri sport çärelerini geçirmekde baý tejribesi bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary, ýörite ugurly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistany Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar, dürli döwletleriň milli Olimpiýa komitetleri, sport federasiýalary bilen hünär boýunça gatnaşyklary ýola goýuldy. Häzirki maslahat hem bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça bilelikde kabul edilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maslahatyň işiniň başynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylygy bu ýere ýygnananlary gün tertibinde bellenen ugurlar boýunça Türkmenistanda geçirilýän işler bilen gysgaça tanyşdyrdy. Şu babatda ýurdumyzda badalga alan «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» biraýlygynyň ähmiýeti hem bellenip geçildi. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça her ýylda guralýan uly möçberli bu çäre ýurdumyzyň sport tejribesini, şol sanda köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek babatda tejribäni artdyrmaga we baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň Aziada—2017-ä gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Ýagny, türkmen paýtagtynda Aziýa oýunlary ilkinji gezek 60-dan gowrak ýurdy öz içine alýan geografik taýdan has giň görnüşde geçiriler. Bu öz gezeginde Oýunlary guraýjylaryň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýär, olardan şeýle uly möçberli sport baýramçylygyny üstünlikli geçirmek üçin sazlaşykly we utgaşykly özara hereket etmegi talap edýär. Soňra Aziýa Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Weý Jižonga söz berildi. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň adyndan sport ulgamynda türkmen döwletiniň syýasatyny goldaýandygyny we oňlaýandygyny beýan edip hem-de biziň ýurdumyz tarapyndan Oýunlara taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilýändigini bellemek bilen, myhman ynsanlary we halklary birleşdirýän sportuň möhüm wezipesiniň, Olimpiýa hereketiniň çuňňur mazmunynyň hem-de onuň parahatçylyk, deňlik, erkinlik diýen ruhy gymmatlyklarynyň üstünde durup geçdi. Jenap Jizhongyň Olimpiýa hereketiniň gymmatlyklarynyň şahsyýetiň we jemgyýetiň mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam edýändigi baradaky täsirli gürrüňi diňleýjilerde uly tolgunma döretdi. Soňra myhman Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň orny we onuň alyp barýan işi, 1951-nji ýyldan bäri geçirilýän hem-de sport ähmiýetli çäklerden geçip, uly jemgyýetçilik-syýasy täsirlere eýe bolan Aziýa oýunlarynyň taryhy barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda ol görnüşleriniň bäşisini özünde jemleýär--olar toplumlaýyn Aziýa oýunlary (her dört ýyldan), gyşky, tomusky, kenarýaka (jübüt ýyllar boýunça), Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlar (täk ýyllar boýunça) bolup durýar. Türkmenistan şeýle ähmiýetli çäreleri guramaga we mynasyp geçirmäge ukyply bolan yklymdaky kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýar. Bu uly waka biziň ýurdumyzyň üstünlikleriniň köptaraplaýyndygynyň, onuň dünýä derejeli ösüşleriň belentliklerine tarap yzygiderli hereketleriniň köpugurlydygynyň we toplumlaýyndygynyň aýdyň tassyklanmasyna öwrüler. «Bütin Aziýa Aşgabatda wekilçilik eder hem-de özleri üçin häzirkizaman Türkmenistany açar” diýip, jenap Jižong aýtdy. Mundan başga-da Oýunlar türkmen paýtagtynyň düzüminiň gowulanmagyna, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga çekilmegine, ençeme dolandyryş düzümleriniň işleriniň işjeňleşmegine ýardam eder. Aşgabatdaky Aziadanyň birnäçe görkezijiler boýunça rekorda öwrüljekdigine garaşylýandygy sebäpli, onuň goýjak yzy bütin sebit üçin hem wajypdyr. Bu sebitde gapma-garşylyga parasatly we sagdyn bäsdeş hökmünde Olimpiýa hereketi okgunly depginler bilen ösýär — çünki sport bu ruhuň güýjüdir. Şoňa görä-de köpçülikleýin hem-de ýokary gazanylanlaryň sporty el-ele berip gitmelidir, çünki bir derejede güýjüň artmagy gürrüňsiz suratda beýlekä täsir edýär. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti şeýle hem V Aziada taýýarlygyň we onuň oýunlaryny beýan etmegiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hereket etmek meselesini gozgady hem-de häzirki wagtda däp bolan habar beriş serişdeleriniň çeşmelerinden başga-da habarlary ýaýratmagyň internet ulgamynyň has uly täsir edýändigine ünsi çekdi, şu şertlerde hem olaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak we işlemegiň täze görnüşlerini özleşdirmek zerurdyr. Şunda teleradio ýaýlymlarda, sport wakalaryny göni alyp görkezmeklige esasy orun degişli bolmagynda galýar, çünki olaryň her bir pursaty täsindir we gaýtalanmajakdyr. Soňra maslahatda Aziýanyň Sport tans federasiýasynyň prezidenti Keýji Ukai çykyş etdi. Ol 2010-njy ýylda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sport tanslarynyň goşulmagynyň olaryň çäklerini giňeltmäge, bäsleşikleriň dartgynlylygyna sazyň we täsin hereketleriň gözelligini salmaga, tomaşaçylaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berendigini belledi. Sport hem, tans hem dil päsgelçiliklerini aradan aýyrýar, olaryň özeninde hereketiň we ruhubelentligiň pelsepesi goýlandyr, sport tanslary bolsa özünde sazlaşygy tapmagy, medeni däpler bilen aragatnaşygy hem-de ýokary netijelere ymtylyşy utgaşdyrýar, gürrüňsiz suratda 2017-nji ýylyň Aziadasy bu görnüşiň ösmegine Türkmenistanda hem güýçli itergi berer, oňa ýaşlaryň ünsüni çeker, şeýle hem boş wagty işjeň geçirmäge eýerijileri artdyrar. Sebäbi sportuň bu görnüşi hemmeler üçindir, onuň bilen islendik ýaşda meşgullanyp bolýar ýa-da Ýaponiýada aýdylyşy ýaly “6-dan 86 ýaşa çenli” hemmeler meşgullanyp bilýär diýip, bu ýurduň wekili belledi hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýa sebitinde sport tanslaryny ýaýratmakda tutýan ornuny nygtady. Sport ulgamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hereket etmek meselesini Aziýa-Ýuwaş Umman Teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary Jawad Mottaghi dowam etdi. Ol maslahata gatnaşyjylara Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmekde eýýäm bar bolan tejribe we onuň geljekki mümkinçilikleri, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Aziada taýýarlyk görmegiň hem-de ony şöhlelendirmegiň çäklerinde mümkinçilikler barada gürrüň berdi. Birleşige agza kompaniýalaryň ýüzden gowragynyň türkmen paýtagtyndan täzelikleri we reportažlary ýurtlaryň 62-sinde tomaşa edýän milliardlarça adamlara ýetirýän tele we radio ýaýlymlarda ýaýratmaklary meýilleşdirilýär. Bu meselelere media-forumda jikme-jik garalar, ýöne eýýämden V Oýunlaryň geçirilmeginiň hakykatdan-da taryhy waka öwrüljekdigini hem-de Türkmenistany yklymyň, Aziýanyň Olimpiýa hereketiniň kartasynda örän aýdyň ýüze çykarjakdygyny ynam bilen aýdyp bolar diýip, jenap Mottaghi sözüni jemledi. Aziýanyň Sambo birleşiginiň prezidenti Alamjon Mullaýew 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçiriljekdigini, 2014-nji ýylda bolsa Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň sambonyň Aziýa oýunlaryna girizilmegi barada çözgüt kabul edilendigini belledi. Munuň özi giň sebitiň ähli samboçylarynyň uly üstünligidir. Ol türgenleri täze ýeňişleri gazanmaga, şol sanda Türkmenistanda—tilsimleriniň köpüsi sambo giren guşakly göreşiň watanynda geçiriljek Aziadada ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Birleşigiň gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerini giňeltmek boýunça uly meýilnamalary bar, şol meýilnamalar köp babatda Aşgabatdaky oýunlar bilen baglanyşyklydyr. Şol oýunlar sportuň we türkmen myhmansöýerliginiň hakyky baýramyna öwrüler diýip, jenap Mullaýew aýtdy. Şu ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiriljek sport we söweş sambosy boýunça Aziýanyň çempionaty bu iri wakanyň öňýanynda barlag ýaryşyna öwrüler. Inçhondaky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Jeongsang Park türkmen hünärmenlerine Aziadalary geçirmek, çäreleriň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça peýdaly işlerini, olaryň mahabat işlerini öňe ilerletmek hem-de maglumatlaryň berilmegi, şol sanda internetde ýaýradylmagy boýunça bar bolan hemme tejribeleri ýetirmek üçin olar bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi. Şular hem-de meşhur internet serişdelerinde şekilli kontentleriň, smartfonlara hem-de elde göterilýän ykjam serişdelere ýörite goldanmalaryň döredilmegi we Günorta Koreýaly işläp düzüjileriň ýokary tehnologiýalary peýdalanylan ençeme beýleki ugurlarda tejribe alyşmaga taýýardyrlar. Koreýleriň şol tehnologiýalary ulanylmazdan, maglumatlar ulgamynda iş alnyp barylmaýar. 2013-nji ýylda Inçhonda Ýapyk binalarda IV Aziýa oýunlary geçirildi. Şonda ol ilkinji gezek söweş sungatlary bilen birleşdirildi. Şol oýunlaryň üstünligi ýurda 2014-nji ýylyň güýzünde XVII köp ugurly Aziýa oýunlaryny kabul etmäge mümkinçilik berdi. Bu oýunlar 45 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan türgenleri özünde ýygnady. Şonda Oýunlaryň 23 rekordy täzelendi. Indi Inçhon Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Oýunlary guramak gezegini Aşgabada geçirýär. Bu ýerde 62 ýurt wekilçilik eder. Munuň özi ozalkydan-da ýokary netijelilik hem-de has giň seslenme döreder diýip garaşmaga esas berýär. Kataryň ylmy-derňew we ösüş guramasynyň ýerine ýetiriji direktory, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň wekili Abdulla Al Mulla 2002-nji ýylda Katarda BMG-niň bölümleri bilen bilelikde “Serhetsiz sport” diýen futbol ýaryşynyň guralandygy barada gürrüň berdi. Ony guramak baradaky pikir özaralarynda dawalaşýan ýurtlaryň toparlaryny ýygnamakdan ybaratdy. Bu ýaryşyň üstünligi, elbetde, oýunlaryň hasabynda däldi. Şoňa görä-de, ol BMG-niň Baş sekretarynyň we FIFA-nyň ýolbaşçysynyň uly goldawyna we oňlamasyna eýe boldy. Bu çäre sportuň adamlaryň parahatçylygy kabul edip bilşine neneňsi kuwwatly täsir edýändigini, päsgelçilikleri yzda galdyrmakda hem-de özara düşünişmegiň we ynamyň ýola goýulmagynda nähili uly güýje eýedigini aýdyň görkezdi. Şu hem sportuň hemme döwürlerde wajyp bolup durýan esasy wezipeleriniň biridir. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wekili hökmünde myhman, şeýle hem bu geňeşiň Türkmenistan bilen ösdürilýän hyzmatdaşlygy barada gürrüň berip, ýene iki ýyldan bu ýerde parahatçylygyň hem-de ähli halklaryň gülläp ösüşiniň bähbidine örän uly sport baýramçylygynyň geçiriljekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapynyň jemleýji çykyşy 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek Aziada guramaçylykly taýýarlyk görmek baradaky media-tanyşdyryş hasabaty hem-de wideoşekilleriň görkezilmegi bilen alnyp baryldy. Şonda Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi, onuň binalary we düzümleýin desgalary hem-de taýýar edilen we tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler görkezildi. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriljek esasy desga durky täzelenenden soň, 2016-njy ýylyň iýunynda ulanmaga berilmäge taýýar bolar. Umuman gurluşygy üç nobatda amala aşyrylýan Olimpiýa şäherjiginiň düzümine dürli ähmiýetli desgalaryň 30-dan gowragy girer. Oňaýly hereket etmek üçin şäherçäniň uly çäkleri boýunça monorels ýoly hereket eder. Ol 12 müň “ýaşaýjysy” boljak Olimpiýa şäherjigini şäherçäniň beýleki desgalary bilen baglanyşdyrar. Görkezilen wideoşekil ertirki güne bakmaga hem-de desgalaryň ählisiniň diňe bir daşyndan däl, eýsem, iç ýüzünden olaryň bezelişiniň aýratynlyklary bilen görmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa, dogrudan-da, “ertirki gündür”—sport desgalarynyň we onuň bilen ugurdaş binalaryň şeýle derejesini biz heniz görmedik... Günüň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler. Olar ol ýerde ägirt uly toplumyň gurluşyklarynyň depginlerine hem-de hiline gözleri bilen görüp göz ýetirip bildiler, onuň desgalaryna baryp gördüler we ýöriteleşdirilen sport zallarynyň hem-de köpugurly meýdançalaryň, şol sanda 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek meýdançasynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Myhmanlar geçirilen işlere oňyn baha berdiler we dünýä ülňülerine hem-de uly ýaryşlary geçirmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýän bu desgalaryň ählisiniň bellenilen möhletlerde synagdan geçiriljekdigine ynam bildirdiler. Şol gün türkmen tarapynyň wekilleriniň öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. 3-nji aprelde maslahat öz işini bölümçelerde dowam eder. Olaryň biri “Aziada—2017—Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň tutýan orny” diýlip atlandyrylýar. Oňa sportuň ýapyk görnüşlerindäki federasiýalarynyň wekilleri gatnaşar. Mejlis Milli sport we syýahatçylyk institutynyň binasynda geçiriler. “Olimpiýa we Aziýa oýunlaryny geçirmekde halkara tejribesi” diýen beýleki bölümçe Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň maslahatlar zalynda söweş sungatlarynyň federasiýalarynyň wekillerini jemlär.