Baş sahypa
\
Sport
\
Sport syny
Sport
Sport syny
Çap edildi 25.05.2015
1735

Geçen dynç alyş günleri paýtagtymyzda guralan köp sanly sport çäreleriniň hatarynda Tailandyň Pattaýa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen küştçilerini sarpalamak dabarasyny bellemelidiris. Gadymy oýnuň ýaş mukşdaklary dünýä çempionatynda iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular. Ýaşajyk küştçileri sarpalamak çäresi ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi. Dünýä çempionatyna 30-dan gowrak ýurtdan ýüzlerçe küştçiniň gatnaşandygyny ýatladýarys. ... Geçen dynç günleriniň sport çäreleriniň hatarynda awtomobil sporty we hokkeý boýunça bäsleşikleri görkezmek bolar. Ýaryşlaryň ikisi hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde geçirildi. Awtomobil ýaryşlarynda türgenler medallaryň 2 toplumy ugrunda hereketlendirijileriniň göwrümi 125 kub santimetr bolan “Halkara” derejeli kartingde we “Volkicar” awtoulaglarynda bäsleşikler geçirildi. Ýaryşlara IIM-niň awtomobil sporty merkeziniň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we Aşgabadyň “Pit stop” sport klubynyň toparlary gatnaşdylar. Düzgüne laýyklykda, ýeňijiler üç gezek geçirilen bäsleşigiň netijesinde kesgitlenilýär, olaryň hersi umumy uzynlygy 10 kilometre deň bolan 6 aýlawa bölünýär. Her aýlawyň pellehanasynda türgeniň görkezen wagty hasaplanyp, degişlilikde utuklar berilýär. Şu gezekki bäsleşikde ýaryşlaryň iki görnüşi boýunça hem ikinji aýlawdan soň birinji orna eýe bolanlar kesgitlenildi. Şeýlelikde, türgenleriň arasynda esasy çekeleşik kümüş we bürünç medallaryň ugrunda boldy. Bäsleşikleriň jemleri boýunça Wýaçeslaw Şkunow birinji orna, Guwanç Hommadow ikinji orna we Annamuhammet Mejekow üçünji orna eýe boldular. Kartingde ikinji orny eýelän G.Hommadow “Volkicarda” altyn medala we kuboga mynasyp boldy. Ikinji orny Myrat Mahtumow we üçünji orna Parahat Garlyýew eýe boldular. Baýrakly orna eýe olan türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Marks Orazmämmedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar. ... Hokkeý boýunça ýaryşlar IIM-niň sport toplumynda geçirildi. Baýrakly orunlar ugrunda 5 topar – “Galkan”, “Nesil”, “Şir”, “Oguzhan” we “Bürgüt” bäsleşdiler we ýeňijiler aýlaw görnüşli oýunlar boýunça kesgilenildi. IIM-niň kubogy ugrunda 2013 we 2014-nji ýyllarda ýeňiş gazanan “Galkan” topary tapawutlanar diýlip garaşylýar. Emma öňünden çaklaman, 27-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşlaryň tamamlanmagyna garaşalyň.

Soňky habarlar
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
09.09
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr
09.09
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
08.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow