Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatlylar – iň ökde bilýardçylar
Sport
Aşgabatlylar – iň ökde bilýardçylar
Çap edildi 01.07.2015
2493

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýaryş Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Bilýard sport federasiýasy tarapyndan guraldy. Kubok ugrundaky bu ýaryş ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi. Çünki bu milli sport guramasy özüniň resmi işine geçen aýyň ilkinji günlerinden başlady. Federasiýanyň döredilmegi Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilmegi bilen utgaşdy. Çempionata welaýatlaryň dördüsiniň we Aşgabadyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Şol ýaryşda B.Aýdogdyýew finalda B.Aşyrowy ýeňip, ýurdumyzyň çempiony diýen ada mynasyp bolupdy. Bu geçirilen ýaryşda bolsa, Batyr Aşyrow çempionatda şowsuz çykyş etmeginiň öwezini doldy. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ezber bilýardçylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça federasiýanyň üstünlikli işleri alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky duşuşyklar paýtagtymyzyň “Älemgoşar” bilýard merkezinde geçirildi. Ýarym final duşuşyklary hem-de aýgytly duşuşyk Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirildi. Bilýard oýnunyň düzgunnamasyna laýyklykda, ýaryşda ýarym finalda ýeňilen oýunçylaryň ikisine hem bürünç medal gowşurylýar. Bu baýraga aşgabatlylar Ebabekir Bekdurdyýew bilen Garly Sowetow mynasyp boldular. Bilýard oýnunyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýändigi bellärliklidir. Şu sebäpli hem ýurdumyzda geçirilýän her bir ýaryşlar bu jogapkärli oýunlara taýýarlygyň wajyp bölegi bolup durýar. Bilýard boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 20 türgeniň girjekdigi eýýämden bellidir. Ol türgenler ýurdumyzyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanan utuklaryny hasaplamak arkaly saýlanyp alnar. Häzirki wagtda türkmen bilýardçylary öňde duran uly halkara ýaryşlaryna, şol sanda öňümizdäki güýzde geçiriljek dünýä we Aziýa çempionatlaryna ykjam taýýyrlyk görýärler. Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň ýolbaşçylary häzirki wagtda biziň sport guramamyzyň Aziýanyň bilýard sporty we snuker konfederasiýasyna agzalyga kabul edilmegi boýunça gepleşikler alyp barýarlar. Bu konfederasiýanyň wekilleri geçen baharda tanyş bolmak maksady bilen Aşgabada geldiler hem-de ýurdumyzyň sport desgalarynyň ýokary derejededigini bellediler. Şonda halkara hünärmenleri sportuň bilýard görnüşiniň biziň ýurdumyzda berk binýadynyň tutulandygyny, sportuň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleriniň gelejeginiň uludygyny, olaryň dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlikler gazanjykdyklaryny bellediler.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow