Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 25.10.2018
1283

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Portugaliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-portugal hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin diplomatik tejribesini we bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Portugaliýanyň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen hem tanyşdyryldy. Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa Portugaliýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Bu syýasat dünýä bileleşiginde Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär. Dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Portugaliýanyň girýän Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň hem aýratyn möhümdigini bellediler. *** Şu gün Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa medeni maksatnamanyň çäklerinde “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow