Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy PB-niň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy PB-niň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy
Çap edildi 19.10.2018
1176

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, daşarky howplara hem-de dünýä ykdysadyýetiniň üýtgemegine öz wagtynda täsir edilýär. Maslahata gatnaşyjylara durmuş ugurly içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly işler barada habar berildi. Türkmen Lideriniň halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasyna gatnaşyjylar 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň belent münberinden beýan eden teklibini biragyzdan goldadylar. Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşiginiň Assambleýasynyň ýanyndaky Şweýsariýa wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentarileriň hukuklary boýunça komitetiniň başlygy, senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň prezidenti hanym Gabriella Kuewas Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary boldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow