Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-niň wekilýeti Daşkentde duşuşyklar we geňeşmeler geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-niň wekilýeti Daşkentde duşuşyklar we geňeşmeler geçirdi
Çap edildi 19.10.2018
1191

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özbek tarapynyň milli Liderimiziň şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň wekilýetiniň Daşkentde bolmagynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şonda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da giňeltmek meselelerine seredildi. Şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylda Özbegistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek we onuň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, deňhukuklylyk esasynda guralýan Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda aýdylanda bolsa, bar bolan uly mümkinçilikler özara haryt dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow