Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Iordaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Iordaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 19.10.2018
1275

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Rifaýenden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň adyndan myhmany ýurdumyzdaky diplomatik wekilhananyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Iordaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, Patyşalykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, durnukly ösüşiň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge, häzirki döwrüň ählumumy ulag, energetika hem-de ekologiýa wezipelerini çözmäge gönükdirilen halkara tekliplerine işjeň, ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de baş maksady halkymyzyň abadançylygy, onuň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň özeni bolan iri möçberli taslamalar we maksatnamalar barada gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek boýunça ýurdumyzyň işjeň garaýşy bellenildi, şolaryň amala aşyrylmagy aýdyň durmuş häsiýetine eýedir. Doly ygtyýarly wekil türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen hem tanyşdyryldy. Duşuşygyň ahyrynda Ismail Rifaýen Iordanýianyň biziň ýurdumyz bilen döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. *** Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edildi, şonda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow