Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Mary welaýaty
Ykdysadyýet
Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Mary welaýaty
Çap edildi 17.10.2018
1822

Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynyň depgini barha güýçlenýär, «ak altynyň» müňlerçe tonnasy her gün ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýar. Ýer eýeleri yhlasly, agzybir zähmeti bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine Watanymyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerine şu ýyl abraý bilen hötde gelmek üçin ýygym möwsüminiň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli özgertmeleri ýokary netijeleri gazanmagyň möhüm, höweslendiriji güýji bolup durýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynda obasenagat pudagyny öňdäki sepgitlere çykarmak boýunça kabul edilen düýpli çözgütler ýetişdirilen hasyly iň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin her güni we sagady netijeli peýdalanyp, meýdanlarda güýçli depgin bilen yhlasly zähmet çekýän kärendeçi pagtaçylary ýokary sepgitleri gazanmaga ruhlandyrdy. Mary welaýatynyň ekerançylary hem pagta ýygymynyň depginini barha artdyrýarlar. Olar Watan harmanyna gymmatly çig malyň 313 müň tonnasyny goşmagy borç edindiler. 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde iň oňat kärendeçi pagtaçy, mülkdar, ýer eýesi, kombaýnçy we sürüji diýen atlar ugrunda ýurdumyz boýunça yglan edilen ýaryşa goşulyp, Mary welaýatynyň oba zähmetkeşleri öňdebaryjylaryň hataryna girmäge çalyşýarlar. Garagum, Türkmengala, Oguzhan etraplarynyň pagtaçy kärendeçileri ýygym möwsüminiň başyndan üstünlikli bat aldylar. Kärendeçileriň uly yhlasy, maddy taýdan gyzyklanma, öňdebaryjylaryň höweslendirilmegi daýhan birleşiklerinde we sebitiň beýleki etraplarynda adamlary ýygymy güýçli depginde alyp barmaga iterýär. Meýdanlarda herekete girizilen ýokary öndürijilikli tehnika, şol sanda şu ýyl oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ygtyýaryna gelip gowşan täze kombaýnlar hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalar bellenilen netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Welaýatyň meýdanlarynda jemi 324 kombaýn işledilýär. Bu tehnikalar “ak altynyň” her günde bir müň tonnadan gowragynyň pagta kabul ediş bölümlerine gelip gowuşmagyny üpjün edýär.

Soňky habarlar
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
top-arrow