Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Durnukly ösüşiň maksatlarynyň taslamalaryna maýa goýumlary boýunça okuw maslahaty
Ykdysadyýet
Durnukly ösüşiň maksatlarynyň taslamalaryna maýa goýumlary boýunça okuw maslahaty
Çap edildi 12.10.2018
1840

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryny maýa goýumlary bilen maliýeleşdirmegiň täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi. Ony Durnukly ösüşiň maksatlarynyň biraýlygynyň çäginde Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilelikde gurady. Okuw maslahatyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, dünýä belli “Stratigos” konsalting kompaniýasynyň hem-de ýurdumyzyň işewürler ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrmakda ykrar edilen öňdebaryjy döwlet bolmak bilen, özüne esasy ugurlaryň üçüsini — ykdysady, durmuş we ekologiýa garaýyşlaryny jemleýän Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ulgamynda syýasaty işjeň durmuşa geçirýär. Okuw maslahatyna gatnaşanlar maliýeleşdirmegiň we maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak üçin garyşyk maliýeleşdirmegiň we maýa goýumyny goýmagyň iň täzeçil usullary bilen tanyşdyryldy. Hususy bölegiň, döwletiň we maýa goýujylaryň ornuny ara alyp maslahatlaşmagyň jemleri boýunça Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde degişli seljerme işleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Mundan başga-da, türkmen işewürliginiň wekilleri maliýe bilermenleri bilen birlikde durmuş ugurly telekeçiligiň taslamalaryny işläp taýýarladylar. Okuw maslahatynyň barşynda has şowly çykan taslamalar we olary Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň usullary anyk ara alnyp maslahatlaşyldy. “Durnukly ösüşiň maksatlaryny maýa goýumlary bilen maliýeleşdirmegiň täsiri” atly okuw maslahatynyň geçirilmegi şu ýylyň iýunynda Aşgabatda guralan Durnukly ösüşiň maksatlaryny maliýeleşdirmegiň ählumumy we sebitleýin ugurlary hem-de “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda öňde goýlan wezipeleri anyklaşdyrmagyň bir görnüşi boldy.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow