Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy, hususan-da, sport desgalarynyň bezelişi hem-de olaryň ulanylyşy bilen, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda — dünýä birinjiliginiň esasy çäreleriniň geçiriljek ýerinde türgenler üçin şertleriň döredilişi we ýaryşlary ýokary derejede guramak ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. ...Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň sport, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary P.Agamyradow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew we beýlekiler garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz onlarça ýurtlardan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän iri möçberli ýaryşlary ýygy-ýygydan kabul edýän ýurdumyzda sport hereketiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar, munuň özi Türkmenistanyň möhüm halkara sport merkezi hökmünde derejesiniň pugtalandyrylmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýakynlaşdygyça, milli Liderimiz bu iri ýaryşlara görülýän taýýarlyk işlerine, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşyna has içgin üns berýär. Sebäbi sport dünýäsinde dünýä birinjiligi ýaly iri waka sport döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder, ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bu iri ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyny türgenler üçin naharhana baryp görmekden başlady. Türkmen aşpezleri dünýäniň dürli halklarynyň tagamlaryny taýýarlamagyň aýratynlyklaryny we usullaryny özleşdirdiler, daşary ýurtly aşpezlik pudagynyň belli ussatlarynyň hem-de abraýly hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýörite okuwlarda we okuw maslahatlarynda dürli tagamlary taýýarlamagyň syrlaryny ele aldylar. Bellenilişi ýaly, türgenler üçin niýetlenen naharhanada ýokary halkara ölçeglere hem-de sagdyn iýmitlenmegiň talaplaryna laýyk gelýän birinji we ikinji naharlaryň dürli görnüşleri, türkmen topragynda ösüp ýetişýän ekologiýa taýdan arassa, tagamy boýunça deňi-taýy bolmadyk gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, üzümler we bakja önümleri hödürlener. Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew milli Liderimize dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenler, tälimçiler we beýleki myhmanlar üçin sagdyn iýmitlenmek üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. Myhmanlara türkmen aşpezlik däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga-da mümkinçilik dörediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agyr atletikaçylaryň ýeňil bolmadyk beden taýdan türgenleşikleriniň aýratyn iýmitlenmegi talap edýändigini, onuň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýanlara bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle iýmitler türgenleşik wagtynda adamyň sarp edýän güýjüniň öwezini dolmak bilen çäklenmän, ýokumly düzümleriň, witaminleriň we minerallaryň beden üçin zerur bolan mukdaryny üpjün etmelidir. Iýmitleriň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerden düzülmegi möhümdir, olar dürli gök önümlerden, miwelerden hem-de ýokary ýokumlylyk häsiýetlerine we beden üçin peýdaly köp sanly düzümlere eýe bolan türkmen topragynda ýetişýän beýleki nygmatlardan ybarat bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi, tälimçileriň özara pikir alyşmagy ýa-da eminler toparlarynyň bäsleşikleriň käbir pursatlaryny anyklamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaryşlaryň belli bir pursatlaryna gaýtadan seretmek üçin monitorlar gurnalypdyr. Döwlet Baştutanymyz bu zalyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, onuň işini guramak boýunça birnäçe maslahatlary berdi, wideo serişdeler arkaly maglumatlary anyklamak üçin monitoryň iş mümkinçiliklerini hut özi barlap gördi. Milli Liderimiz binadan çykyp, türgenler üçin niýetlenen myhmanhananyň daşky keşbini synlady hem-de ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi. Şunda Olimpiýa şäherçesiniň seýilgäh zolaklarynyň abadanlaşdyrylmagyna, agaç nahallaryna ideg edilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu ýerde bina edilen ýaşaýyş jaýlaryndan şäher ilatyna öýleri bermek barada karar kabul edendigini, paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, söwda merkezini döretmek boýunça tabşyryklary berendigini ýatladýarys. Häzirki wagtda abadanlaşdyrylan iki gatly söwda merkezi ulanylmaga taýýardyr. Onuň birinji gatynda azyk önümleriniň, ikinji gatynda bolsa senagat, hojalyk harytlarynyň söwdasy guralar. Milli Liderimiz merkeziň abadanlaşdyrylyşy, ilata hödürlenjek önümleriň sanawy we hili bilen gyzyklanyp, bu ýerde söwda ulgamynyň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede hyzmatyň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda merkezinde gündelik sarp edilýän harytlaryň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň üpjün edilmelidigini, olaryň hil we howpsuzlyk babatynda gözegçilikden geçirilip, halkara kadalara laýyk gelmelidigini belledi. Ýaryşlaryň geçirilýän döwründe ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýleri alan raýatlaryň hem söwda merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegi üçin şertleriň döredilmegine üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda söwda merkeziniň açylmagy baradaky meselä degip geçmek bilen, Ş.Durdylyýewe degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň guraljak, 15 müň tomaşaça niýetlenen sportuň oýun görnüşleri toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, iri sport baýramçylygyny alamatlandyrýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda ýurdumyzda dünýä derejeli ýaryşlar geçiriler. Türkmen paýtagtyna daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesi — sport wekiliýetleri, tomaşaçylar, žurnalistler geler, şol sebäplem çempionatyň ýatda galyjy tomaşa öwrülmegi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň hemişelik ýadynda galmagy, şeýle hem bütin dünýä Türkmenistany özi üçin täzeden açmaga mümkinçilik döreder ýaly ähli meseleler içgin işlenilmelidir. Olimpiýa şäherçesiniň çäginde sport we beýleki maksatly köp sanly desgalar ýerleşýär, olar ähli görkezijiler babatynda ýokary halkara ülňülere hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde ýaryşlary geçirmek, şol sanda agyr atletika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak üçin ähli şertler döredilendir, şeýle hem ýörite türgenleşik zallary bar. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu ýaryşlaryň ýokary hil derejesinde beýan edilmegi üçin köp sanly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň iş gurşawynyň göwnejaý derejede guralmagynyň möhümdigini belledi. Metbugatda, teleradioýaýlymlarda, onlaýn görkezişlerinde dessin habar bermek, ygtybarlylyk, many-mazmunlylyk hem-de aýanlyk köp babatda bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň bu çempionatyň guralyş derejesi we umuman, Türkmenistan barada garaýyşlaryny kesgitlär. Soňra döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty toplumyna bardy. Toplumda çempionatyň esasy ýaryşlary geçiriler. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna toplumy bezemegiň taslamalary we çyzgylary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen içgin tanşyp, bezeg boýunça birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 5 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde başa-baş söweş sungatynyň köp görnüşleri — sport göreşi, boks, taekwondo, agyr atletika boýunça ýaryşlar geçirilip bilner. Onuň esasy zalynyň giňligi (52 metr — 30 metr) bu ýerde birbada üç tatamini ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Olimpiýa şäherçesiniň beýleki desgalary ýaly bu toplumyň taslama işleri hem-de gurluşygy Halkara Olimpiýa komitetiniň tehniki kadalaryna doly laýyklykda ýerine ýetirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň amatly işlemegi üçin göwnejaý enjamlaşdyrylan metbugat merkezi döredildi. Onda ýörite tapawutlandyrylan ýokary tizlikli internet gurnaldy we mejlisler zaly göz öňünde tutuldy. Sport toplumynda häzirki zaman, ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe lukmançylyk nokady bar. Döwlet Baştutanymyz halkara kadalaryň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmegiň aýrylmaz talaby bolup durýandygyny belläp, bu ýerde degişli kadalara laýyklykda ýaryşlary birkemsiz geçirmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň daşky bezegi, mahabatlandyryş bannerleri, dünýä birinjiliginiň nyşanlary, Wepaly atly alabaýyň heýkeljigi barada aýdyp, türkmen alabaýynyň ähli döwürlerde adamynyň wepaly dosty we kömekçisi bolandygynyň, şonuň üçin hem Wepalynyň ýurdumyzda geçirilýän iri ýaryşlaryň nyşany bolmalydygyny belläp, alabaýyň şekilleriniň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz agyr atletikaçynyň keşbindäki Wepalynyň heýkeljiginiň hakykata has ýakyn bolmalydygyny, sportuň bu görnüşiniň aýratynlygyny aýdyň äşgär etmelidigini belledi. Bu sowgatlyklar çempionata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ýakymly ýadygärlik, şol sebäpli hem olaryň görnüşi ýakymly hem-de çeperçilik häsiýetine eýe bolmalydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mahabatlandyryş bannerleri we şygarlar babatynda olaryň has sazlaşykly hem-de sport ruhuna ýugrulmalydygy barada birnäçe maslahatlary berdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Agamyradowa hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny guramak babatynda tabşyryklary bermek bilen, bu ýaryşlaryň ýurdumyzyň we bütin dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen türgenleriniň türgenleşik geçmegi üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, AFK — 2018 kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalyna çykan “Altyn asyr” futbol toparynyň abraýly baýrak ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyga nähili taýýarlyk görýändigi bilen hem gyzyklandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlarda Watanymyzyň baýdagyny belende göterip, agyr atletika boýunça dünýä birinjiliginde we AFK-nyň final ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, uly sarpa mynasyp bolarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türgenleriň ruhy-ahlak taýýarlyklarynyň, belent watansöýüjilik ylhamynyň ýeňşe bolan höwesi artdyrmakda ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Muňa türgenleriň özüniň göz ýetirmegi möhümdir. Milli Liderimiz ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça esasy wezipeleri ýene bir gezek kesgitläp, onuň sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň çözgüdine örän oýlanyşykly hem-de içgin çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda, Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä çempionatyny mynasyp derejede geçirmek üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy hem-de çempionatyň guramaçylaryna üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.