Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
Çap edildi 08.10.2018
1446

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Meniň gadyrly doganym! Men Size köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan aýratyn goşandyňyz üçin Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýokary sylagynyň gowşurylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim. Abraýly halkara guramanyň bu ýokary sylagy Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatyňyza dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telekommunikasiýalary we ählumumy habarlar giňişligi ulgamynda Türkmenistanyň gazananlarynyň ykrarnamasydyr. Aşgabadyň Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylmagy Siziň ýurduňyzyň halkara derejede barha artýan abraýynyň subutnamasydyr. Biz Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Siziň hut özüňiziň özbek-türkmen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine üns berýändigiňize ýokary baha berýäris. Özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň biziň halklarymyzyň bähbitlerine, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumy maksatlaryna doly kybap gelýändigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Şawkat MIRZIÝOÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow