Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy
Çap edildi 26.09.2018
1400

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar. Jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermek bilen utgaşdyrýan mähriban zenanlarymyzyň sagdyn durmuş kadalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, maşgala ojagynyň mukaddesligini gorap saklamakda bitirýän işleri hem sylag-hormata doly mynasypdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aramgül Annageldiýewany, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Annasona Ballyýewany, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Dygdan Hojaýewany, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň Almaatyşan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Sülgün Ýazmedowany, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri Tamara Nurmamedowna Esenowany, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň H.Jumaýew adyndaky geňeşliginiň H.Jumaýew adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bibinabat Soltanowany. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow