Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 26.09.2018
1282

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz, Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na iň mä­hir­li gut­lag­la­ry­my be­ýan et­mä­ge şat­dy­ryn. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy öz ag­za­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry bi­len je­bis­le­şip, “Biz, halk­lar” di­ýen şy­gar bi­len esas go­ýu­jy Ter­tip­na­ma­myz­da ber­ki­di­len mak­sat­la­ry ama­la aşyr­ýa­rys. Äh­lu­mu­my we­him­le­riň, şeý­le hem uly müm­kin­çi­lik­le­riň döw­rün­de bu mak­sat­lar bi­zi bag­la­nyş­dyr­ýan hal­ka bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ne­ti­je­li Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny dö­ret­mek, şeý­le hem pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi we hem­me­ler üçin adam hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek işi­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ma Si­zi ynan­dy­ra­sym gel­ýär. Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz, Si­ze çuň­ňur hor­mat goý­ýan­dy­gym ba­ra­da­ky ynan­dyr­ma­la­ry­my ka­bul ediň! An­to­niu Gu­ter­reş, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly je­nap Pre­zi­dent! Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hy­taý hö­kü­me­ti­niň, hal­ky­nyň adyn­dan hem-de hut öz adym­dan Si­ze we dost­luk­ly türk­men hal­ky­na iň oňat ar­zuw­la­ry­my iber­ýä­rin. Si­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz as­tyn­da Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­sy dur­nuk­ly­lyk sak­lan­ýar, yk­dy­sa­dy­ýet ok­gun­ly ös­ýär we döw­le­tiň hal­ka­ra ab­ra­ýy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­tan­da öz ha­ky­ka­ty­na la­ýyk gel­ýän ösüş ýo­ly üs­tün­lik­li ta­pyl­dy. Hy­taý dost­luk­ly ýa­kyn goň­şy hök­mün­de we stra­te­gik hyz­mat­daş hök­mün­de Si­ziň ýur­du­ňy­zyň üs­tün­lik­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den be­gen­ýär. Men hy­taý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýä­rin, öz ara­myz­da­ky şah­sy dost­lu­ga we iş­jeň gat­na­şyk­la­ra sar­pa goý­ýa­ryn. Ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak üçin hy­taý-türk­men stra­te­gi­k hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li iler­le­dil­me­gi­ne Si­ziň bi­len el-ele be­rip, bi­le­lik­de ta­gal­la et­mä­ge taý­ýar. Dost­luk­ly Türk­me­nis­ta­na gül­läp ösüş we kuw­wat­ly­lyk, onuň hal­ky­na bol­sa bagt we aba­dan­çy­lyk ar­zuw ed­ýä­rin. Si Szin­pin, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my, Si­ze we Si­ziň hal­ky­ňy­za bol­sa bagt we gül­läp ösüş ba­ra­da­ky iň oňat ar­zuw­la­ry­my uly ka­na­gat­lan­mak bi­len iber­ýä­rin. Aki­hi­to, Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Pre­zi­dent, ga­dyr­ly do­ga­nym! Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li türk hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze gut­lag­la­ry­my iber­ýä­rin. Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan bä­ri ge­çen 27 ýy­lyň için­de Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öz ägirt uly üs­tün­lik­le­ri bi­len bel­li bo­lan ýur­da öw­rü­lip, haý­ran gal­dy­ry­jy ro­waç­lyk­la­ry ga­zan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň bu ga­za­nan­la­ry­nyň Tür­ki­ýe­de do­gan­lyk buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýän­di­gi­ni nyg­ta­sym gel­ýär. Tür­ki­ýe bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne gel­jekde hem bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­my­zy art­dyr­jak­dy­gy­my­za ynan­ýa­ryn. Hor­mat­ly Pre­zi­dent, pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk we bagt, türk­men hal­ky­na bol­sa gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin! Re­jep Ta­ýip Är­do­gan, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ys­ra­ýyl Döw­le­ti­niň hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze we türk­men hal­ky­na mä­hir­li ar­zuw­la­ry­my we gut­lag­la­ry­my uly şat­lyk bi­len be­ýan ed­ýä­rin. Şeý­le hem he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne haý­ran gal­ýan­dy­gym ba­ra­da­ky söz­le­ri­mi be­ýan et­mä­ge rug­sat ediň! Şu ýyl biz Ys­ra­ýyl döw­le­ti bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­zi döw­let sa­pa­ry bi­len gel­mä­ge ýe­ne bir ge­zek ça­gyr­ýa­ryn. Iki ýur­duň ara­syn­da mun­dan beý­läk-de dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­mak we hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek mak­sa­dyn­da Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz bi­len iş­leş­mek hor­ma­ty­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ryn. Hor­mat­la­mak bi­len, Reu­wen Riw­lin, Ys­ra­ýyl Döw­le­ti­niň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Ga­dyr­ly do­ga­nym! Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň gü­ni my­na­sy­bet­li Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň köp­mil­let­li hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan Si­zi we do­gan­lyk türk­men hal­ky­ny tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Soň­ky ýyl­lar­da dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan öz­bek-türk­men gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­jä çyk­dy. Bi­ziň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­myz bi­len öza­ra gat­na­şy­gyň äh­li ugur­la­ryn­da ýe­ti­len anyk ne­ti­je­ler Öz­be­gis­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň berk bin­ýa­dy­ny dö­ret­di. Bi­ziň kö­pu­gur­ly anyk hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­niň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň we halk­la­ry­my­zyň ja­na-jan bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk ge­lip, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň howp­suz­ly­gy­ny we gül­läp ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Go­laý­da ge­çen Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­gyň çäk­le­rin­de türk­men top­ra­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne gör­ke­zi­len Si­ziň hut şah­sy ün­sü­ňiz, däp bo­lan mä­hir­li we ýü­rek­deş ka­bul ediş­lik üçin ýe­ne bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­rin. Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we tä­ze üs­tün­lik­ler, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin! Çuň­ňur hor­mat bi­len, Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li me­niň tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň! Türk­me­nis­tan ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­le­ti ber­kit­mek, hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak işin­de düýp­li üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy. Si­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz as­tyn­da ýur­du­ňy­zyň be­lent mak­sat­la­ra ýe­tip, ok­gun­ly ös­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin. As­ta­na­nyň we Aş­ga­ba­dyň däp bo­lan dost­luk­ly we ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­ga gö­nük­di­ri­len gat­na­şyk­la­ry­nyň bol­jak­dy­gy­na we bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan-da beý­läk pug­ta­lan­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk, eg­sil­mez gu­jur-gaý­rat, jo­gap­kär­li işi­ňiz­de üs­tün­lik, do­gan­lyk türk­men hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin. Iň go­wy ar­zuw­lar bi­len, Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk­ly we yna­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne we pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len gyr­gyz-türk­men dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de öza­ra hor­mat goý­mak we hyz­mat­daş­lyk et­mek ru­hun­da ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýä­rin. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk we üs­tün­lik, türk­men hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin. Hor­mat­la­mak bi­len, Soo­ron­baý Žeen­be­kow, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Mil­li baý­ram — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len öz adym­dan we Azer­baý­jan hal­ky­nyň adyn­dan Si­zi we türk­men hal­ky­ny tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Azer­baý­jan bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar umu­my gym­mat­lyk­la­ry we däp-des­sur­la­ry bo­lan halk­la­ry­my­zyň erk-yg­ty­ýar­la­ry­na esas­lan­ýar. Hä­zir­ki ýo­ka­ry de­re­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň mun­dan beý­läk-de çuň­laş­ma­gy­na he­mi­şe­lik berk bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Bu şan­ly gün­de Si­ze berk jan sag­lyk, alyp bar­ýan işi­ňiz­de üs­tün­lik­ler, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we aba­dan­çy­lyk ar­zuw ed­ýä­rin. Hor­mat­la­mak bi­len, Il­ham Ali­ýew, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li me­niň tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň! Si­ziň ýur­du­ňyz mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny we aja­ýyp däp-des­su­ry­ny sak­la­mak bi­len dur­nuk­ly ösü­şi we döw­let­le­riň gül­läp ösü­şi­ni üp­jün et­me­giň, se­bit we hal­ka­ra iş­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň halk­la­ry­nyň dost­luk­ly we öza­ra hor­mat goý­mak däp­le­ri­ne esas­lan­ýan ýo­ka­ry yla­la­şyk­la­ry­nyň bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň er­me­ni-türk­men döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne we ola­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ma­gy­na mö­hüm iter­gi bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk we ro­waç­lyk, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin! Hor­mat­la­mak bi­len, Ar­men Sar­kis­ýan, Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Uk­rai­na­nyň hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň! Uk­rai­na­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da bar bo­lan mä­hir­li we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň bi­ziň halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­ly­gyň sal­dam­ly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Iki­ta­rap­la­ýyn esas­da, şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň edil­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk, jo­gap­kär­li döw­let işi­ňiz­de tä­ze üs­tün­lik­ler, dost­luk­ly türk­men hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin! Hor­mat­la­mak bi­len, Pýotr Po­ro­şen­ko, Uk­rai­na­nyň Pre­zi­den­ti. * * * Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Mil­li baý­ram — Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len Si­zi tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Hä­zir­ki za­man­da Türk­me­nis­tan döw­let gur­lu­şy­ny üs­tün­lik­li ber­kid­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­ýär, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýar. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da eme­le ge­len hyz­mat­daş­lyk we öza­ra hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk hem äh­li ugur­lar­da be­la­rus-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýä­rin. Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze berk jan sag­lyk we me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riňizi dur­mu­şa ge­çir­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin. Hor­mat­la­mak bi­len, Alek­sandr Lu­ka­şen­ko, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow