Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 25.09.2018
6209

Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len umu­mymil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne türk­men döw­le­ti­ni we jem­gy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň, esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny goý­jak oňyn öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri gi­ri­zil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da hem-de umu­my­lyk­da yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da, mil­le­tiň baý ta­ry­hy dur­mu­şy­na esas­la­nyp, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne, saý­la­nyp al­nan pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly­ly­gy özün­de jem­le­ýär. Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, py­ýa­dalap, paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gü­ne gel­di. ...Ru­hy­ýet köş­gün­de be­lent da­ba­ra­ly­lyk, äh­lu­mu­my je­bis­lik we ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýy äş­gär du­ýul­ýar, bu ýe­re ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar ýyg­nan­dy­lar. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar ör tu­rup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sah­na çyk­ýar hem-de köp ­san­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar we fo­ru­myň myh­man­la­ry bi­len mä­hir­li sa­lam­laş­ýar. Mas­la­hat hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­tin­de de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, mä­lim bol­şy ýa­ly, biz we­kil­çi­lik­li halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň örän mö­hüm eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­dük di­ýip bel­le­di. Bu baş­lan­gyç ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň Mas­la­ha­tyn­da do­ly gol­dan­yldy. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­ky Kons­ti­tu­sion Ka­nu­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar we ka­bul et­di­ler. Şu gün, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň no­bat­da­ky baý­ra­my­nyň öň­ ýa­nyn­da biz jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň has mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne ýyg­nan­dyk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Şu gün­ki mej­li­se Halk Mas­la­ha­ty­nyň saý­la­nan ag­za­la­ry, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň hem-de şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, da­şa­ry ýurt döw­let­le­rin­dä­ki il­çi­le­ri­miz, il için­de ta­nal­ýan hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem-de ça­gy­ry­lan adam­lar gat­naş­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­ýär: Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar, umu­my­mil­li mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar onuň söz­le­ri­ni ag­zy­bir­lik bi­len alyp gö­ter­ýär­ler. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň Halk Mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­li­gi­niň bo­lan­dy­gy­ny bel­läp, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­ler we res­mi­na­ma­lar bo­ýun­ça tek­lip­le­riň ýa-da bel­lik­le­riň bar­ly­gy ýa-da ýok­lu­gy bi­len gy­zyk­lan­dy. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy we ma­kul­la­ma­gy bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­la­nan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de uly mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­kyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, şu gün ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da giň­den bel­le­nil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ­ýa­nyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­ýä­ris di­ýip bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy mer­da­na hal­ky­myz we dün­ýä bi­le­le­şi­gi üçin örän äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan mil­li we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­lent yn­san­per­wer däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mä­ge şert dö­ret­di. 1991-nji ýyl­da mu­kad­des ýa­şyl Baý­da­gy­myz we mil­li ag­zy­bir­li­gi­miz bi­len, döw­le­ti­miz hem-de jem­gy­ýe­ti­miz üçin düýp­li öz­gert­me­le­riň tä­ze döw­ri baş­lan­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň res­mi hu­kuk de­re­je­si we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry hök­mün­de bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny ka­bul et­mek ba­ra­da yk­bal kes­git­leý­ji ka­ra­ra ge­lin­di. Dün­ýä tej­ri­be­sin­de türk­men bi­ta­rap­ly­gy äh­lu­mu­my ösüş ýol­la­ry­ny üýt­get­me­giň has amat­ly nus­ga­sy­ny tek­lip et­di, hyz­mat­daş­ly­gyň we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­ma­gyň tä­ze kon­sep­si­ýa­sy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bi­ra­gyz­dan gol­dan we ka­bul eden Re­zol­ýu­si­ýa­syn­da mil­let­ler bi­le­le­şi­gi «Türk­me­nis­ta­nyň yg­lan eden he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny yk­rar ed­ýär we gol­da­ýar» diý­lip bel­len­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu sy­ýa­sat mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­na, köpasyr­lyk ösü­şi­niň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne hem-de mil­li däp-des­sur­la­ry­na da­ýan­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny sö­zü­ni do­wam et­di. Bu sy­ýa­sat äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ne­ti­je­de, ber­ka­rar döw­le­ti­miz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r­da yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu bol­sa dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýag­daý­dyr di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Şol döw­rüň örän çyl­şy­rym­ly öw­rü­li­şik pur­sa­dyn­da Türk­me­nis­ta­nyň saý­lap alan ýo­lu­nyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry gör­kez­di. Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly ma­kul­lan­dy we gol­daw tap­dy. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze ýol­la­ry aç­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa, açyk­ly­gy we Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rü­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da aý­dyp, ýur­du­my­zy ag­rar ül­ke­den se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan ägirt uly iş­le­ri bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bu yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly­dyr we «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di, äh­li ugur­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ril­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, onuň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge örän köp ma­ýa go­ýum­la­ry, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di. Ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ge­ri­mi­ne ba­ha ber­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­tir­di. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýy­ly­nyň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze goý­lan esa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 350 es­se­den hem köp art­dy we 500 mil­liard ma­na­da ýa-da 185 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bol­dy. Mu­nuň 68 gö­te­ri­mi, ýag­ny 335 mil­liard ma­na­da ýa-da 124 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy önüm­çi­lik pu­da­gy­na gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler bi­ze 2600-den hem köp önüm­çi­lik-teh­ni­ki we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ry gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da köp pu­dak­ly yk­dy­sa­dy­ýet dö­re­dil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz dür­li ugur­la­ry — elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, ne­bit­gaz, ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, elekt­ron, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty pu­dak­la­ry­ny hem-de beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy hem ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu gir­de­ji­ler gy­şar­nyk­syz art­ýar. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, biz al­ýan gir­de­ji­le­ri­mi­zi şu mak­sa­da gö­nük­dir­ýä­ris. Zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny we ta­lyp hak­la­ry­ny her ýyl 10 gö­te­rim kö­peld­ýä­ris. Mun­dan baş­ga-da, Döw­let býu­je­tin­den goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi­ne gö­nük­dir­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýer­leş­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, on­lar­ça döw­let­de, şol san­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Be­la­rus, Gyr­gyz, Tür­ki­ýe hem-de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­la­ryn­da we bir­nä­çe beý­le­ki döw­let­ler­de Söw­da öý­le­ri­ni aç­dyk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­ki we­zi­pe­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de do­wam ed­ýän ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra we çyl­şy­rym­ly ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­re ga­ra­maz­dan, şu ýyl we gel­jek ýyl je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň 6,2 gö­te­rim art­ma­gy­ny üp­jün edil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän we eks­port ed­ýän önüm­çi­lik­ler döw­le­ti­mi­ze köp gir­de­ji ge­tir­ýän, gel­je­gi uly bo­lan ugur­lar­dyr. Eks­port et­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ösen köpugur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­my­za, hu­su­san-da, Hy­ta­ýa we Eý­ra­na tä­ze gaz ge­çi­ri­ji­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­na go­şan ha­ky­ky go­şan­dy hök­mün­de ga­ra­mak bo­lar. Bu bol­sa Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň umu­my ýag­da­ýy­na we ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär, ony dün­ýä äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni köp möç­ber­de iber­ýän döw­let­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, eks­port et­me­giň dur­nuk­ly hal­ka­ra ul­gam­la­ry­ny dö­ret­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni we nus­ga­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi, trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny gol­da­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ös­dür­mä­ge, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän, gaý­ta­dan iş­len­ýän we eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. Şu mak­sat bi­len, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge 8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de hem te­bi­gy gaz­dan «Euro-5» öl­çe­gi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­ni­ni (gaz ben­zi­ni) ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy gu­ta­ryp bar­ýar. Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­na ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul eden mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy dur­mu­şa ge­çir­mek­de örän uly orun de­giş­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da we­la­ýat­la­ry­myz­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­di sa­ny kuw­wat­ly, hä­zir­ki za­man elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­dy. Şo­la­ryň bi­ri­ni — ut­gaş­dy­ry­lan gör­nüş­de iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny ýa­ňy-ýa­kyn­da biz Ma­ry şä­he­rin­de işe gi­riz­dik. Elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, paý­laý­jy ki­çi stan­si­ýa­lar gur­lup, şä­her­le­ri­mi­ziň­dir ilat­ly ýer­le­ri­mi­ziň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik we yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry hem tä­ze­len­ýär. Gur­lu­şyk top­lu­myn­da hem öz­gert­me­ler giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Pu­dak­da tä­ze ma­te­rial­lar we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. Ahal we­la­ýa­tyn­da döw­re­bap aý­na we aý­na önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän iri kär­ha­na işe gi­ri­zil­di. Bi­ziň ýur­du­myz «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te» tap­gyr­la­ýyn geç­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap top­lum­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, biz düý­bün­den tä­ze di­ýen ýa­ly hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny dö­ret­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da ka­liý hlo­ri­di­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de hem am­miak we kar­ba­mid ön­dür­ýän döw­re­bap za­wo­dyň, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň gu­rul­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ýod, brom we olar­dan alyn­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän bir­nä­çe des­ga­nyň gur­lu­şy­gy dep­gin­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ne­ti­je­de, teh­ni­ki ýo­duň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri ep-es­li ar­tar. Ýe­ňil se­na­gat­da ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­miz içer­ki ba­zar­la­ry ýo­ka­ry hil­li öz ha­ryt­la­ry­myz bi­len üp­jün et­mä­ge we önüm­le­riň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ulag ul­ga­mynyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge, he­re­ket ed­ýän ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge we ola­ryň tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar taý­ýar­lan­dy we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy we mu­nuň bol­sa ulag ul­ga­my­nyň hal­ka­ra kom­mu­ni­ka­si­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ýur­du­my­zyň geog­ra­fi­ýa taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ry ut­gaş­dyr­ýan iri lo­gis­tik mer­kez­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de köpugur­­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­den üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Ýur­du­myz­da gur­lan köp­rü­ler hem mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ra öw­rül­di. Di­ňe Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den bäş sa­ny de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­si gu­rul­dy. Bu bol­sa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni iş­jeň ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na de­mir ýol­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýük­le­ri Gü­nor­ta Hy­ta­ýyň ke­nar­la­ryn­dan Pars aý­la­gy­nyň ba­zar­la­ry­na has amat­ly ýag­daý­da elt­mä­ge şert dö­ret­di. Içer­ki de­mir ýol­la­ry we in­že­ner-teh­ni­ki des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak hem iş­jeň al­nyp ba­ryl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­men­ba­şy — Fa­rap we Aş­ga­bat — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy we dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri hem giň ge­rim bi­len do­wam ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz ho­wa ulag­la­ry pu­da­gy­nyň iş­jeň öz­ger­dil­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň hem-de Türk­me­na­bat şä­he­rin­de tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, şeý­le hem Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki ho­wa men­zi­lin­de uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň gur­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myz älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de halk ho­ja­ly­gyn­da iň kä­mil ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­wi­de­ni­ýe hem-de In­ter­net ul­gam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň bi­lim, hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, ylym we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şu dö­wür­de 509 sa­ny hä­zir­ki za­man tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry açyl­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, mul­ti­me­diýa ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de aý­ra­tyn du­rup geç­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti we te­le­ke­çi­lik, şeý­le hem hu­kuk ul­ga­my, hä­zir­den köp san­ly hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz äh­li ün­süň örän ze­rur bo­lan ma­li­ýe, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, oba ho­ja­lyk, se­na­gat­laş­dyr­mak we elekt­ron se­na­ga­ty bo­ýun­ça tä­ze okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny we me­ýil­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu iş­le­ri ama­la aşyr­mak üçin öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­li we bir­leş­dir­me­li. Bi­lim ul­ga­my­nyň, iş be­ri­ji­niň we zäh­met ba­za­ry­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, iş­gär­le­ri gaý­ta­dan taý­ýar­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni öz­gerd­ýän kuw­wat­ly güýç hök­mün­de yl­myň dur­muş­da örän mö­hüm or­ny bar­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we yl­my mer­kez­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip gel­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Ýur­du­myz­da yl­myň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­hat­la­r yzy­gi­der­li ge­çi­ril­di. Gö­zel Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny, ta­ry­hy­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ber­ýän yl­my sa­par­lar gu­ral­dy. Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ry­my­zyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Yl­my bar­lag­ha­na­lar döw­re­bap en­jam­lar we ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa yl­my ös­dür­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­mek hem bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de we paý­tag­ty­myz­da hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, Kar­dio­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, New­ro­lo­gi­ýa, Mor­fo­lo­gi­ýa hem-de Aý­ra­tyn howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mer­kez­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit­len­mek, Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­kez­le­ri, şeý­le hem Hal­ka­ra hi­rur­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi bar. Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di. Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de köpugur­ly has­sa­ha­na, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de «Awa­za» şy­pa­ha­na­sy, we­la­ýat­lar­da «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri işe gi­ri­zil­di. Hä­zir ýur­du­myz­da 122 sa­ny has­sa­ha­na iş­le­ýär. Köp bö­le­gi oba ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän sag­lyk öý­le­ri­niň ul­ga­my giň ge­ri­me eýe bol­dy. Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da der­man se­na­ga­ty hem dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Ýer­li çig mal­dan ýo­ka­ry hil­li der­man we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly beý­le­ki se­riş­de­ler ön­dü­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly we özü­ni çalt öde­ýän gör­nü­şi hök­mün­de «adam ma­ýa­sy­na» go­ýum­la­ry goý­ma­ga aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen sy­ýa­sa­ty­myz­dan ugur alyp, biz hal­ky­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­de ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam ed­ýä­ris. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport we at­çy­lyk-sport top­lum­la­ry­ny, sta­dion­la­ry, sport mek­dep­le­ri­ni, sag­lyk öý­le­ri­ni yzy­gi­der­li gu­rup, ulan­ma­ga ber­ýä­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti diý­lip yk­rar edil­me­gi Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň ga­za­nan iň uly üs­tün­li­gi­miz­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy hem-de V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň we «Amul — Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Bu çä­re­ler Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi tu­tuş dün­ýä­de iri sport ýa­ryş­la­ry­ny hal­ka­ra de­re­je­­de gu­ra­ma­ga ukyp­ly ýurt hök­mün­de ta­nat­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň kä­mil sport bin­ýa­dy­na we hal­ky­my­zyň gol­da­wy­na eýe bo­lup, gel­jek­de hem Azi­ýa hem-de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di. Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ul­ga­my ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler do­wam ed­ýär. Hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy­nyň, ga­dy­my däp­le­ri­niň, me­de­ni­ýe­ti­niň, ru­hy we mad­dy gym­mat­lyk­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne, döw­le­ta­ra we hal­ka­ra me­de­ni-yl­my gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir ýur­du­myz­da teatr­la­ryň 10-sy, mu­zeý­le­riň 36-sy, ki­tap­ha­na­la­ryň hem 230-sy iş­le­ýär. Her ýyl bir hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri mil­li çe­per dö­re­di­ji­lik we me­de­ni­ýet baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­lip, ga­dy­my mi­ra­sy­my­za buý­sanç duý­gy­my­zy art­dyr­ýar. Biz gel­jek­de hem baý ru­hy-mil­li we me­de­ni mi­ra­sy­my­za da­ýan­mak bi­len, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji, ru­hu­be­lent mil­let­di­gi­ni bü­tin dün­ýä wa­gyz ede­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Oba ho­ja­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de öz­gert­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da iri mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry gu­rul­ýar. Ne­ti­je­de, mal­la­ryň we guş­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ýo­kar­lan­ýar. Ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li we­la­ýat­lar­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry dö­re­dil­di. Bu bol­sa ila­ty­my­zy hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de et, süýt we gök önüm­le­ri­ni sak­la­mak üçin üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry hem dö­re­dil­ýär. Ýer­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ha­sy­ly­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze su­wa­ryş usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler do­wam ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da ne­ti­je­le­riň pes­di­gi­ne ün­si çe­kip, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni üýt­ge­dip gu­rap, ýer­den bol ha­syl al­ma­gyň, düýp­li öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­giň hem-de do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­giň amat­ly ýol­la­ry­ny göz­le­me­li­di­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­dan ugur al­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­ri hö­dür­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, pes önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri we dü­şe­wünt­siz daý­han bir­le­şik­le­ri­niň oba ho­ja­lyk ýer­le­ri al­nyp, has go­wy iş­le­mä­ge ukyp­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­re be­ril­se, dog­ry bo­lar. Şu mak­sat bi­len, ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­me­gi hem-de iş to­pa­ry­nyň çöz­gü­di esa­syn­da ýer­le­ri 99 ýyl möh­let bi­len is­leg bil­dir­ýän­le­re ber­mek tek­lip edil­di. Şeý­le hem bö­lü­nip ber­len ýer­le­riň 70 gö­te­ri­min­de pag­ta we bug­daý ek­mek, ga­lan 30 gö­te­ri­min­de bol­sa beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek ne­ti­je­li bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň hem-de oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren önüm­le­ri ola­ryň is­le­gi bo­ýun­ça öz ga­ra­ma­gyn­da gal­dy­ryl­sa we er­kin ba­ha­lar bo­ýun­ça ýer­le­mek hu­ku­gy­ny göz öňün­de tut­ýan ter­tip kes­git­len­se, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Azyk­lyk bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­na tä­ze­den se­ret­me­giň, ýo­ka­ry hil­li to­hum ön­dür­mek üçin goş­ma­ça tö­leg­le­ri bel­le­me­giň ze­rur­dy­gy­ny hem aýt­mak is­le­ýä­rin. Bu çä­re­ler oba zäh­met­keş­le­ri­niň bol ha­syl al­ma­ga hö­we­si­ni art­dy­rar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin te­le­ke­çi­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge, eks­port et­mek üçin ýo­ka­ry hil­li azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mä­ge giň­den çek­me­gi ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tek­lip et­di. Ila­ty­my­zyň gök we mi­we önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ola­ryň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň go­la­ýyn­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len daý­han ho­ja­lyk­la­ry we gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar dö­re­dil­se, peý­da­ly bo­lar. Ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wa­ryş we zeý­keş aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak, suw üp­jün­çi­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne hem-de ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na suw ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak ýer gaz­ýan teh­ni­ka­la­ry we bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin, 10 ýyl möh­le­te çen­li ýyl­da 1 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na onuň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­mek, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ga­ra mal­la­ry we do­war­la­ry ýe­tiş­dir­ýän hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ry dö­ret­mek, ola­ry ot-iým ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni hem ka­nun­çy­lyk taý­dan çöz­me­li di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Ýur­du­my­zyň ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­ma­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek tä­ze mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra we hü­när­men­le­re tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly sak­la­mak we art­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gur­şa­wy dö­ret­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ýe­ne bir mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Biz, ta­pyl­gy­syz baý­lyk­la­ry­myz bo­lan be­lent dag­la­ry­my­zy, uç-gy­rak­syz meý­dan­la­ry­my­zy, aja­ýyp der­ýa­la­ry­my­zy­dyr köl­le­ri­mi­zi örän aýaw­ly we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ly­dy­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sü­rüp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len bu baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri gör­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp-des­sur­la­ry­ny hor­mat­la­mak bi­len, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ge­çir­ýä­ris. Soň­ky ýyl­lar­da to­kaý meý­dan­la­ry çalt dep­gin­ler bi­len gi­ňel­ýär. Ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da gök öwüs­ýän se­ýil­gäh­ler gu­rul­ýar. Ilat­ly ýer­le­riň daş-tö­we­re­gin­de, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ryň bo­ýun­da dö­re­di­len to­kaý zo­lak­la­ry amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ga­ra­gum säh­ra­syn­da «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýur­du­my­zyň goş­ýan go­şan­dy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ba­bat­da­ky me­se­le­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, ýe­ňil bol­ma­dyk ge­çiş döw­rün­de ila­ty go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len deň­siz-taý­syz ýe­ňil­lik­le­ri — gaz­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan, agyz su­wun­dan we na­har du­zun­dan mugt peý­da­lan­ma­gy üçin ýe­ňil­lik­le­riň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­di. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we edil­ýän je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin ujyp­syz ba­ha­la­ry bel­le­dik. Ýö­ne, dö­wür üýt­ge­ýär. Tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler dö­re­ýär. Hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by te­bi­gy we yk­dy­sa­dy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, jem­gy­ýe­tiň, döw­le­tiň we her bir ada­myň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uý­gun­laş­ma­gyn­dan yba­rat bo­lup, bu me­se­le­ler oý­la­ny­şyk­ly çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ila­tyň gir­de­ji­le­ri gör­ne­tin art­dy. Her maş­ga­la ga­zanç et­mek, ça­ga­la­ry ek­läp-sak­la­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let ta­ra­pyn­dan mugt be­ril­ýän se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly ulan­mak üçin bu me­se­le­le­re tä­ze­çe ga­ral­sa, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Se­bä­bi, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­myz, ýur­du­my­zyň ösen yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe hä­zir­ki däl-de, eý­sem, gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze hem hyz­mat et­me­li­dir. Şo­ňa gö­rä-de, men ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, agyz su­wu­ny mugt sarp et­mek üçin goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­le­ri­niň esas­lan­dy­ry­lan ul­ga­my­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­ryn di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä­ni — 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip edip, pu­dak­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li iri hem-de aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bu me­se­le­de esa­sy ugur bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Dur­muş sy­ýa­sa­ty ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bi­lim ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri do­wam et­dir­mek, bu ul­ga­my mun­dan beý­läk-de ýo­ka­ry hil­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Yl­my ös­dür­mä­ge hem uly üns ber­me­li. Aka­de­mi­ki ins­ti­tut­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­me­li. Yl­my bar­lag­ha­na­la­ry döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün et­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Ka­da­ly iý­mit­len­me­gi, ýa­ra­maz en­dik­ler­den ýüz öwür­me­gi, zäh­met bi­len dynç al­şy ut­gaş­dyr­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy göz öňün­de tut­ýan sag­ly­gy go­ra­ma­gyň mil­li ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­me­gi do­wam et­me­li. Bu ugur­lar­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­li. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, bu ul­gam­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ag­za­la­ry üçin me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na gö­nük­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýä we spor­ta köp­çü­lik­le­ýin çe­kil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan mil­li sport ul­ga­my mun­dan beý­läk hem ös­dü­ri­ler. Aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry we ta­lyp hak­la­ry­ny (10 gö­te­rim­den az bol­ma­dyk de­re­je­de) ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da ga­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň möç­be­ri Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75 — 80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let ta­ra­pyn­dan çä­re­ler gö­rül­me­li­dir. 2019-njy ýyl­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň köp bö­le­gi ug­le­wo­do­rod çig ma­lyn­dan po­lie­ti­len, po­lip­ro­pi­len, ýo­ka­ry ok­tan­ly ben­zin ýa­ly önüm­le­riň örän gym­mat gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek üçin ula­ny­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň uly möç­be­ri Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler. Gel­jek ýyl­da ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­mä­ge, tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­ny gur­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga hem aý­ra­tyn üns ber­ler. Bu bol­sa içer­ki sarp edi­ji­le­ri bök­denç­siz üp­jün et­mä­ge we goň­şy ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der. Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da ýod we brom ön­dür­ýän bir­nä­çe kär­ha­na­la­ryň düý­bi tu­tu­lar. 2019-njy ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly üns be­ril­me­li­dir. Gel­jek ýyl­da Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy, Aş­ga­bat — Ma­ry — Türk­me­na­bat — Fa­rap hem-de Aş­ga­bat — Ga­ra­gum — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu çä­re­ler bol­sa müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni jem­läp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­nyň we azyk howp­suz­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­ziň ge­çi­ren düýp­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy ne­ti­je­si bol­dy di­ýip nyg­ta­dy. “Biz ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­gy ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek, mugt bi­lim al­mak, her bir ada­myň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin do­ly şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­dyk” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Ta­ry­hy taý­dan gys­ga döw­rüň için­de mer­da­na türk­men hal­ky dün­ýä­de özü­ni pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, dost­luk­ly, gur­ma­gy we dö­ret­me­gi ba­şar­ýan mil­let­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. Şo­ňa gö­rä-de, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ga­raş­syz­lyk döw­rü­niň üs­tün­lik­le­ri­ne hem-de ta­ry­hy ýe­ňiş­le­ri­ne buý­san­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz äh­li hal­ky­my­za, aý­ra­tyn-da, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ýan­dyk­la­ry, jan-te­ni­miz bi­len gu­wan­ýan ata Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu gün üs­tün­den ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry ge­çen ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da tä­ze ta­ry­hy­my­zyň ýe­ňiş­li sa­hy­pa­la­ry­nyň ýa­zyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik ka­da­la­ry­na eýer­ýän mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zy gol­da­ma­gy, ata Wa­ta­ny­my­zyň güýç-kuw­wa­ty­na bo­lan berk yna­my, be­ýik mak­sat­lar bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re hoş­ni­ýet­li gat­naş­ma­gy tä­ze-tä­ze mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we ama­la aşyr­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ry şan­ly Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my bi­len gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, asu­da, aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy, Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de, äh­li­si­ne uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di hem-de do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lan­dy. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga geç­me­gi tek­lip edip, oňa gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di. Bi­rin­ji bo­lup çy­kyş eden Ahal we­la­ýa­ty­nyň Sa­rahs et­ra­by­nyň Oraz Sa­lyr adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Bä­şim Aý­dy­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da be­ýik iş­le­riň ýo­ly bi­len öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ýe­tip gel­ýän 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu gün mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar we äh­li ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Türk­men hal­ky mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da bag­ty­ýar, asu­da, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ýar. Şan­ly baý­ra­myň öň ýa­nyn­da hal­ky­my­zyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Se­bä­bi bu ýer­de döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da öz­gert­me­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da pi­kir alyş­ýa­rys. Öz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len iş­ler bi­len bir ha­tar­da, gel­jek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da anyk aý­dyp geç­di we bir­nä­çe halk bäh­bit­li oňyn tek­lip­le­ri öňe sür­di. Şol we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len gel­jek­de-de tä­ze ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­jak­dy­gy­na biz do­ly ynan­ýa­rys di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň mö­hüm pu­da­gy bo­lan oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mä­ge, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da ekil­ýän ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge, önüm­le­riň hil de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di, bu bol­sa oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Şeý­le yn­san­per­wer he­ma­ýat­la­ry üçin türk­men daý­han­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­li­giň or­nu­nyň ulu­dy­gy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Daý­han ho­ja­lyk­la­ry, paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri bi­len bir ha­tar­da, hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ryň dö­re­dil­me­gi oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni öz­gert­mek, bol ha­syl al­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, B.Aý­dy­ýew ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­me­gi bi­len oba ho­ja­ly­gyn­da ne­ti­je­li­li­gi has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da we şol gaz­na­dan ýer bö­lek­le­ri­ni 99 ýy­la çen­li peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dan tek­lip­le­ri­ni oba zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem top­ra­gy­my­zyň gurp­lu­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da tek­lip­le­ri öňe sür­di, bu bol­sa daý­han­la­ryň buý­sanç­ly ba­şy­ny gö­ge gö­ter­di, mu­nuň üçin ola­ryň mil­li Li­de­ri­mi­ze al­kyş­la­ry­nyň çä­gi ýok. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry bi­len ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­di. In­di Türk­me­nis­tan gal­la­ny eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Gal­la we pag­ta önüm­le­ri da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ha­ryt­la­ra öw­rül­di. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gin­de uly orun tut­ýar. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ma­ny­ly ta­ry­hy çy­ky­şy­ny uly buý­sanç bi­len diň­läp, Wa­tan, halk ha­kyn­da­ky ala­da­la­ra gur­şa­lan tek­lip­le­ri­ni, öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar­lar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ta­ry­hy çy­ky­şy türk­me­nis­tan­ly­la­ry Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi, mer­da­na hal­ky­my­zyň eş­ret­li er­ti­ri üçin mun­dan beý­läk-de jan aýa­man zäh­met çek­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar, güý­jü­mi­ze güýç goş­ýar di­ýip, eke­ran­çy öz çy­ky­şy­ny “Ar­ka­da­ga şöh­rat! Gah­ry­ma­na şöh­rat!” di­ýen joş­gun­ly şy­gar bi­len ta­mam­la­dy. Soň­ra Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gik we dur­nuk­ly ösüş ins­ti­tu­ty­nyň baş hü­när­me­ni Aý­na Açy­lo­wa söz be­ril­di. Onuň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li dur­nuk­ly ösüş sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ägirt uly sep­git­le­re ýet­di. Ýur­du­myz je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni bo­ýun­ça dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry sak­lap gel­ýär. Dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy, müň­ler­çe tä­ze döw­re­bap iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň düýp­li go­wu­lan­ýan­dy­gy­na, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň do­ly ber­jaý edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu aý­dyň ha­ky­kat mil­li Li­de­ri­mi­ziň peş­geş be­ren “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly ki­ta­byn­da hem do­ly be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň 80 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­nyň dur­muş ug­ru­na gö­nük­di­ril­me­gi hal­ky­my­zyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Şeý­le bi­möç­ber ala­da­la­ry üçin hal­ky­myz Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar. Siz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­na geç­mek, ýur­du­my­zyň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da düýp­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar­sy­ňyz. Si­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ňy­zyň ne­ti­je­sin­de, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de iri kär­ha­na­la­ryň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da zäh­met ön­düri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy di­ýip, çy­kyş eden aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Pre­zi­dent­li­ge saý­la­nan il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da dur­mu­şa gö­nük­di­ri­len ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň berk bin­ýa­dy­ny esas­lan­dyr­ma­gy baş mak­sa­dy­na öwür­di. Hal­ky­myz in­di bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýa­şa­ýyş üçin wa­jyp bo­lan te­bi­gy gaz­dan, agyz su­wun­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­syn­dan, na­har du­zun­dan mugt peý­da­la­nyp gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze mi­ras gal­dyr­mak ba­ra­da çä­re­ler gö­rül­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan şert­le­rin­de te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy re­je­li, tyg­şyt­ly we ýo­ka­ry de­re­je­de ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­ly­gy, şeý­le-de ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň art­ýan­dy­gy, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­ýan­dy­gy hal­ky­my­zyň mugt peý­da­lan­ýan hyz­mat­la­ry­na tö­leg gi­riz­mä­ge do­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu Halk Mas­la­ha­tyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da aý­dan­la­ry­ny türk­men yk­dy­sat­çy­la­ry do­ly gol­da­ýar­lar di­ýip, A.Açy­lo­wa nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny öz­gert­mek ba­ba­tyn­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty in­no­wa­sion esas­lar­da ýur­du­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny düýp­li ber­kit­mä­ge, gir­de­ji­le­ri art­dyr­ma­ga, dün­ýä ba­zar­la­ry­na bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­lar, so­wa­dy­jy am­mar­lar, mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry gu­rul­ýar, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň işi ýo­la go­ýul­ýar. Bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da ak ýü­rek­den, jan aýa­man, ha­lal zäh­met çek­mek her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr di­ýip, çy­kyş eden aýt­dy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan sag­lyk, uzak ömür we giň ge­rim­li asyl­ly iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Soň­ra Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­by­nyň Sa­dul­la Roz­me­tow adyn­da­ky oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ka­mil Roz­me­tow çy­kyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy hem-de ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ni Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­niň baş­lan­ma­gy we eziz Wa­ta­ny­my­zyň ýe­tip gel­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän bu mas­la­ha­tyň ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan tu­tum­la­ra ba­dal­ga be­ren wa­ka hök­mün­de ta­ry­ha gir­jek­di­gi ha­ky­kat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösüş­le­re bes­len­ýär. Bu aja­ýyp ösüş­ler, gel­je­ge ba­dal­ga ber­ýän tu­tum­ly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň bar­ha ro­waç al­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eg­sil­mez ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, türk­men hal­ky­nyň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi, be­re­ket­li top­rak­dan bol ha­syl al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da ýe­tiş­di­ril­ýän bug­daý we pag­ta ha­sy­ly üçin döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­na gaý­ta­dan se­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri daý­han­la­ry has-da ruh­lan­dyr­dy. Oba ho­ja­ly­gyn­da döw­re­bap öz­gert­me­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi, daý­han­la­ryň zäh­me­ti­ne my­na­syp ba­ha be­ril­me­gi, türk­men top­ra­gy­na bo­lan yh­la­sy­ny bar­ha art­dyr­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Si­ziň mas­la­hat­da tä­ze dö­re­dil­jek ýer gaz­na­syn­dan ýer al­ýan daý­han­la­ra alan ýe­ri­niň azyn­dan 70 gö­te­ri­mi­ne şert­na­ma­la­ýyn esas­da döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän ekin­le­ri ekip, borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren ha­sy­ly­ny öz is­le­gi­ňe gö­rä gal­dyr­mak hem-de ýe­riň ga­lan bö­le­gi­ne ekin do­la­ny­şy­gy­ny ge­çir­mek esa­syn­da beý­le­ki ekin­le­ri­ni ek­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri­ňi­zi tüýs ýü­rek­den gol­da­ýar di­ýip, çy­kyş eden bel­le­di. Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­tyn­dan ruh­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant go­şar­lar di­ýip K.Roz­me­tow nyg­ta­dy hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ze Ga­raş­syz we Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi, ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň we hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry­na ho­şal­lyk bil­dir­di. Soň­ra Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­by­nyň «Ak­ga­la» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Ma­ral Gur­ba­no­wa söz be­ril­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy we Halk Mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ryh üçin gys­ga döw­rüň için­de asyr­la­ra ba­ra­bar ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne saýlanan gü­nün­den baş­lap, mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­my­zy we we­la­ýat­la­ry­my­zy ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Şol ýer­ler­de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar hem-de dür­li äh­mi­ýet­li des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­na edil­di we gu­rul­ýar. Kä­ren­de­çi­niň nyg­taý­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da ýa­daw­syz ala­da ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le my­sal­la­ryň bi­ri ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da işe gi­ri­zi­len ýyl­lyk kuw­wa­ty 1 mil­lion 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni­ni ön­dür­ýän “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy­dyr. Bu kär­ha­na­lar oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ýo­ka­ry hil­li mi­ne­ral dö­kün­le­ri bi­len do­ly üp­jün edip, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni eks­port ed­ýän iri döw­let­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bu kär­ha­na­la­ryň işe baş­la­ma­gy bi­len tä­ze iş orun­la­ry hem dö­re­dil­di. Ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­la­ry­nyň adyn­dan M.Gur­ba­no­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da gök we mi­we önüm­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan daý­han ho­ja­lyk­la­ry­ny, mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan hem-de ola­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän hu­su­sy ho­ja­lyk­la­ry­ny dö­ret­mek, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry hem-de suw tyg­şyt­laý­jy en­jam­la­ry, suw ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ha­kyn­da aý­dan tek­lip­le­ri­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mas­la­hat­da eden ta­ry­hy çy­ky­şy, çuň ma­ny­ly söz­le­ri daý­han­la­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar di­ýip, kä­ren­de­çi aýt­dy hem-de pu­da­gyň zäh­met­keş­le­ri­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu mas­la­hat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin jan aýa­man zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Çy­kyş ede­niň bel­leý­şi ýa­ly, ol ene top­rak­dan rys­gal ta­pan ze­nan. Şu gün onuň dur­mu­şyn­da ýat­dan çyk­ma­jak iň bagt­ly gün­le­riň bi­ri bol­dy. Oňa kä­ren­de­çi ze­nan hök­mün­de be­lent mün­ber­den äh­li ze­nan­la­ryň adyn­dan çy­kyş et­mek hor­ma­ty ne­sip et­di. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şu ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­by­ny türk­men hal­ky­my­za sow­gat ber­di. Bu ki­tap ýur­du­myz­da enä be­lent sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu eser­de enä­niň keş­bi Aýa, Gü­ne, ba­ha­ra — ýa­za meň­ze­dil­ýär, ene­ler mu­kad­des­li­ge de­ňel­ýär di­ýip, M.Gur­ba­no­wa bel­le­di hem-de öz­le­ri ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry­na jo­gap edip, asyl­ly­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da per­zent­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­jek­dik­le­ri­ne ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­nyň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi tüýs ýü­rek­den ynan­dyr­dy. Kä­ren­de­çi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman, ýur­du­nyň aba­dan, mer­te­be­si­niň mun­dan-da be­lent bol­ma­gy­ny hem-de türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar gel­je­gi, eş­ret­li dur­mu­şy üçin alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di. Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy, pen­sio­ner Re­jep­my­rat Al­la­nu­row şu ta­ry­hy fo­ru­ma gat­naş­ýan uly ne­sil­le­riň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi hem-de tu­tuş hal­ky­my­zy ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si hem-de Ga­raş­syz­ly­gyň 27 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. R.Al­la­nu­ro­wyň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my dur­muş mek­dep­le­ri­niň bi­ri bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň ça­gy­ryl­ma­gy pa­ra­sat­ly hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne, kö­pa­syr­lyk kök­le­ri­ne eýe bo­lan de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len däp­le­re gö­rä, hä­zir­ki gün­de hem döw­let me­se­le­le­ri äh­lihalk ta­ra­pyn­dan ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp çö­zül­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýe­re ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­den ge­len we­kil­ler, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Olar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len oňyn sy­ýa­sa­ty­ny hem-de be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny ila­ty­my­za dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça asyl­ly işe öz go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Pen­sio­ner öz çy­ky­şy­ny do­wam et­mek bi­len, hä­zir­ki wagt­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň uly nes­li üçin gur­lan hem-de dur­ky tä­ze­le­nen luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň we şy­pa­ha­na­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­lyk­la­ryn­da, ulag hem-de ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da dür­li ýe­ňil­lik­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Ýyl­sa­ýyn art­ýan pen­si­ýa­la­ry hem-de döw­let kö­mek pul­la­ry öz wag­tyn­da tö­le­nil­ýär. Ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan R.Al­la­nu­row hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li ulan­mak, hu­su­san-da, ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, agyz su­wu­ny, na­har du­zy üçin tö­leg­le­ri ka­da­laş­dyr­mak ba­bat­da­ky tek­li­bi­ni gol­da­dy. Çy­kyş ede­niň nyg­taý­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň köp ýyl­lar­dan bä­ri dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän döw­rün­de hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li dur­muş şert­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýa­şu­lu­lar ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin sak­la­mak hem-de döw­let se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak mak­sa­dy bi­len, soň­ky bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sak­la­nyp gel­ýän ýe­ňil­lik­le­riň aý­ryl­ma­gy ba­ra­da tek­li­bi aýt­dy­lar. R.Al­la­nu­ro­wyň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly çy­ky­şy şu mej­li­se gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­sin­de uly ru­hu­be­lent­lik duý­gu­sy­ny dö­ret­di we ýur­du­my­zyň ýa­şu­lu­la­ry umu­my­mil­li fo­rum­da ka­bul edi­len çöz­güt­le­ri, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny bi­ra­gyz­dan gol­da­ýar­lar we ma­kul­la­ýar­lar. Ýa­şu­ly çy­ky­şy­ny ru­hu­be­lent goş­gy se­tir­le­ri bi­len jem­läp, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­na buý­sanç söz­le­ri­ni we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Soň­ra Ma­ry şä­he­rin­dä­ki «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ýag­myr Ha­now çy­kyş et­di. Ol Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni ýe­tip gel­ýän baý­ram­çy­lyk — ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ne baş­la­ma­gy bi­len mä­hir­li gut­la­dy. Çy­kyş eden döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­rip, alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hem­me pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hu­su­sy işe­wür­li­giň we­ki­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Te­le­ke­çi­le­ri­miz äh­li pu­dak­lar­da ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler we uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar” di­ýen söz­le­ri­ni ge­tir­di hem-de hä­zir­ki wagt­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ber­ýän uly gol­daw­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry dür­li ul­gam­lar­da iş alyp bar­ýar­lar, dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­ma­gyň dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­ýär­ler, hal­ka­ra de­re­je­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ola­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ge­tir­mek, tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­mak, mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Türk­men işe­wür­le­ri­niň gur­lu­şyk­da, dok­ma pu­dagyn­da, se­na­gat­da, bi­lim we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da, ma­ha­bat, ne­şir­ýat iş­le­rin­de alyp bar­ýan iş­le­ri buý­sanç dö­red­ýär. Olar di­ňe bir ýur­du­my­zyň çä­gin­de däl, eý­sem, do­gan­lyk da­şa­ry döw­let­ler­de-de des­ga­la­ry bi­na edip, türk­men bi­na­gär­li­gi­niň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär­ler. Hu­su­sy ul­gam Wa­ta­ny­my­zyň azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de my­na­syp go­şant goş­ýar. Bu gün ak ba­zar­la­ry­my­zy we mu­kad­des sa­çak­la­ry­my­zy be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­ler be­ze­ýär. Hal­ky­my­zyň sa­çak­la­ry­nyň rys­gal-be­re­ke­di, gu­rul­ýan me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi te­le­ke­çi­le­riň yh­las­ly zäh­met­le­ri­niň mi­we­le­ri­dir. Türk­men hu­su­sy işe­wür­le­ri­niň güý­ji bi­len ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tu­tup bil­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­niň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­mek biz üçin has hem ýa­kym­ly­dyr di­ýip, Ý.Ha­now sö­zü­ni do­wam et­di. Ol döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­ky­şyn­da be­ýan edi­len tek­lip­le­ri, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len äh­li dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny te­le­ke­çi­le­riň adyn­dan do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­gi­niň mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy aýaw­ly, oý­la­ny­şyk­ly hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy üçin dö­re­di­len şert­ler, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň mugt peý­da­lan­ýan hyz­mat­la­ry­ny do­ly tö­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Röw­şen” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň orun­ba­sa­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: “Te­le­ke­çi­ler ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­dyr” di­ýip, bi­ze uly ynam bil­dir­ýär di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň je­mi içer­ki önü­miň möç­be­rin­de te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­nyň pa­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, Ý.Ha­now öz çy­ky­şy­ny söý­gü­li Wa­ta­ny­my­za hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ba­gyş­la­nan joş­gun­ly goş­gy se­tir­le­ri bi­len jem­le­di. Umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň do­wa­myn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň “Bal­kan” gä­mi be­je­riş-me­ha­ni­ki us­sa­ha­na­sy­nyň us­sa­sy Ber­di­mäm­met Aşy­row öz çy­ky­şyn­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň her bir gü­nü­niň eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da­ky giň ge­rim­li iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň, bag­ty­ýar­ly­gyň ru­hun­da ös­ýän-öz­ger­ýän ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň dur­muş-ýa­şa­ýyş de­re­je­si gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da giň möç­ber­li iş­ler, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li ta­ry­hy baş­lan­gyç­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol iş­ler bü­tin dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­ýär. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» ugur­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň ul­ga­my dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap ho­wa, po­lat we aw­to­mo­bil ýol­la­ry, de­ňiz we der­ýa ýol­la­ry halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň we raý­daş­ly­gyň ny­şan­la­ry­na öw­rül­di. Çy­kyş eden üçün­ji müň­ýyl­lyk­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, şu baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly 2-nji ki­ta­by­nyň hem-de “Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly tä­ze yl­my işi­niň çap­dan çyk­ma­gy­nyň uly ruh­lan­dy­ry­jy güý­jü­ni bel­le­di. Ýur­du­myz ulag ul­ga­myn­da se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy ugur­la­ry bo­ýun­ça çe­ki­len de­mir ýol­la­ry, Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň — Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na bö­le­gi­niň açyl­ma­gy, şeý­le hem Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den gur­lan Ker­ki — Ker­ki­çi, Türk­me­na­bat — Fa­rap de­mir ýol, aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­my­zyň de­ňiz ulag­la­ry ul­ga­my­nyň we­ki­li hök­mün­de B.Aşy­row söw­da flo­tu­ny ös­dür­mek, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny se­bit­de iň iri port top­lum­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň alyp bar­ýan ägirt uly işi­ni bel­le­di. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem­me iş­le­ri­niň we baş­lan­gyç­la­ry­nyň mäh­ri­ban hal­ky­myz ba­ra­da­ky ala­da ýug­ru­lan­dy­gy­ny nyg­tap, çy­kyş eden şu gün umu­my­mil­li mas­la­hat­da aý­dy­lan ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li äh­li baş­lan­gyç­la­ry kär­deş­le­ri­niň adyn­dan gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy. Ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň, dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry, ýur­du­my­zyň ulag pu­da­gy­nyň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy üçin B.Aşy­row döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de mil­li Li­de­ri­mi­zi Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len mä­hir­li gut­lap, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň ser­het bi­rik­me­si­niň ser­ker­de­si­niň orun­ba­sa­ry Eziz Ça­ry­ýew çy­kyş et­di. Ol mil­li Ýa­rag­ly Güýç­le­riň şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy we bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň hem­me­si­ni eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu wa­ka hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk mil­li däp­le­ri­ne we ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, çy­kyş eden mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­by­na ün­si çek­di, on­da gym­mat­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­lar, şol san­da türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la ge­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Har­by gul­luk­çy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, eziz Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bo­lup, ýur­du­my­zyň go­ra­gyn­da sars­maz ga­la bo­lup dur­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ata­sy we ka­ka­sy — us­sat mu­gal­lym, gaý­duw­syz es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hem-de içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň hor­mat­ly we­te­ra­ny Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň ömür ýo­ly, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi­niň şah­sy gö­rel­de­si türk­men har­by gul­luk­çy­la­ry üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir. Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy bo­lan «Eder­men­li­gi üçin» me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy buý­sanç duý­gu­sy­ny art­dyr­dy hem-de ýaş türk­men es­ger­le­ri ata Wa­ta­ny­my­za my­na­syp gul­luk et­mek bi­len, onuň gah­ry­man­çy­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýe­rer­ler di­ýip, ser­ker­de bel­le­di. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň «Wa­tan go­ra­gy mu­kad­des­dir», «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär», «Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar», «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi», «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­tap­la­ry ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar Wa­ta­ny­my­zyň go­rag­çy­la­ry we äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin eg­sil­mez ru­hy çeş­me­dir. E.Ça­ry­ýew har­by gul­luk­çy­la­ryň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ki­tap­la­ryn­da be­ýan edi­len pa­ra­sat­ly mas­la­hat­la­ra eýer­mek bi­len mun­dan beý­läk-de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zy göz­le­ri­niň gö­re­ji ýa­ly go­ra­jak­dyk­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowy ynan­dyr­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zy go­raý­jy­lar ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­jek har­by ýö­riş­de Mil­li Go­şu­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry eder­ler. Äh­li­halk mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­kad­des har­by Ka­sa­myň söz­le­ri bi­len çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy. Soň­ra Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň 2-nji ýyl ta­ly­by Dur­dy­mu­ham­met Oraz­gu­ly­ýew hem-de S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Doý­duk Gü­ji­ýe­wa çy­kyş et­di­ler. Olar ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­zi hem-de mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar. Ýaş­lar ta­ry­hy fo­ru­ma — türk­men hal­kyn­da asyr­lar­bo­ýy däp bo­lup gel­ýän il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm me­se­le­le­ri halk bi­len ag­zy­bir­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak ýö­rel­ge­si­ne esas­la­nyp ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­si­ne gat­naş­ýan­dyk­la­ry­na çäk­siz buý­san­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar. Ta­lyp­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da hem ösü­şiň we dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy gün­sa­ýyn beý­gel­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ýaş­la­ryň aň-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­nyň göz­ba­şy­dyr, döw­le­tiň he­re­ket­len­di­ri­ji, yk­bal kes­git­leý­ji, ösü­şi­niň ro­waç­ly­gy­ny art­dy­ry­jy güý­jü­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol çe­ken ta­ry­hy äh­mi­ýet­li ka­rar­la­ry bi­len tas­syk­la­nan hem-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň hem-de Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­la­ry mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­dy. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler, ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­ler dün­ýä­de giň­den yk­rar edil­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň sport döw­le­ti hök­mün­de hal­ka­ra ab­ra­ýy hem be­len­de gal­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan hem-de ýur­du­myz­da üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ge­çi­ri­len, şu ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy, we­lo­si­ped­li ýö­riş we yl­gaw ýa­ry­şy eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny ýe­ne bir gez beý­gelt­di. Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ýo­ka­ry sport gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ma­ga ça­lyş­mak döw­le­ti­mi­ziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ýaş­lar ta­lyp­la­ryň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze asu­da we bagt­ly dur­muş, ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­jek giň ge­rim­li öz­gert­me­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Ýaş­la­ry­myz dün­ýä­niň ösen döw­let­le­rin­de hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän ze­hin bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar we eziz Wa­ta­ny­my­zyň, mer­da­na hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni öň­kü­den-de ýo­ka­ry gö­ter­ýär­ler. Çy­kyş eden­ler ýaş nes­liň öz öň­le­rin­de goý­lan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­riň örän mö­hüm­di­gi­ne dü­şü­nip, gel­jek­de hem mil­li Li­de­ri­miz­den hem-de onuň hor­mat­ly ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň dur­muş ýo­lun­dan gö­rel­de alyp, oňat oka­mak, yl­my üs­tün­lik­ler, päk ýü­rek­li zäh­met bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň je­mi­ni jem­läp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik sy­ýa­sy dur­mu­şy­na de­giş­li gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş eden­le­riň hem-de mej­li­siň işi­ne iş­jeň gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­miz çy­kyş eden­le­riň şu umu­my­mil­li fo­rum­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dy­gy­ny aý­dyp, şu gün be­ýan edi­len tek­lip­le­riň hem-de bel­lik­le­riň hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tu­tul­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz çy­ky­şyn­da hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­dä­ki çy­kyş­lar­da dür­li tek­lip­le­riň aý­dy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le tek­lip­ler äh­li we­la­ýat­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ryn­dan hem ge­lip go­wuş­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şo­la­ryň esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan hem-de ka­bul edi­len res­mi­na­ma­la­ryň ýa­kyn we uzak gel­jek üçin döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň mak­sat­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ekin do­la­ny­şy­gy­nyň, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ge­çil­ýän hä­zir­ki dö­wür­de esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri gol­daw tap­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da ka­bul edi­len res­mi­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň oňat ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy res­mi­na­ma­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek bi­len, «Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da­» Ka­ra­ra gol çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz umu­my­mil­li fo­rum­da ma­kul­la­ma­la­ry göz öňün­de tut­mak bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len üp­jün et­me­gi ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky” Ka­ra­ra, şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­la­ry­ny ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ne de­giş­li äh­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­niň «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­» Kons­ti­tu­sion Ka­nu­na do­ly la­ýyk­lyk­da düz­gün­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi de­mok­ra­tik, açyk­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy, ada­myň we ra­ýa­tyň ka­nun öňün­de deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem-de azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ka­da­la­ry­na esas­lan­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz zäh­met­de ta­pa­wut­la­nan ra­ýat­la­ry­my­zy ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň mu­kad­des baý­ra­my­nyň öň ­ýa­nyn­da döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak hem-de ola­ra hor­mat­ly at­la­ry dak­mak ha­kyn­da­ky de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ken­di­gi­ni ha­bar ber­di. Sy­lag­la­ry er­tir, 26-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry bo­ýun­ça gow­şu­rar­lar. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si gel­jek ýyl ge­çi­ri­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň örän mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň in­di­ki mej­li­si­ni 2019-njy ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ça­gyr­ma­gy tek­lip edip, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Biz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, asu­da we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny hem-de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­ly örän mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de jem­leý­ji söz bi­len çy­kyş edip, hä­zir­ki ta­ry­hy za­ma­na­da — Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de giň halk köp­çü­li­gi­niň ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni, yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da eg­sil­mez dö­re­di­ji­lik ru­hu­nyň has-da äş­gär du­ýul­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ýag­daý Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki bi­rin­ji mej­li­sin­de has-da aý­dyň we hem­me­ta­rap­la­ýyn ýü­ze çyk­dy. Mej­lis­de biz mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de ga­za­nan aja­ýyp ne­ti­je­le­ri­mi­zi ara alyp mas­la­hat­laş­dyk di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Ýa­kyn we uzak gel­jek­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­riň ak ýo­ly bi­len öňe git­me­gi­niň ugur­la­ry­ny kes­git­le­dik. Bu me­se­le­ler Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn hä­si­ýet­li res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Bu ab­raý­ly we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da esa­sy zat — mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­me­giň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­ny, uky­by­ny we bi­lim­le­ri­ni ba­gyş et­mä­ge syn­maz er­ki be­ýan edil­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Göz öňün­de tu­tul­ýan iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­ny in­no­wa­sion ka­da­la­ra, ila­tyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­lan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Berk je­bis­lik we ag­zy­bir­lik ýag­da­ýyn­da ge­çen Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­ziň bu işi ab­raý bi­len ba­şar­jak­dy­gy­my­zy, asyl­ly mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ýe­ňil bol­ma­dyk ýol­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­raş­ýan­dy­gy­ny ynam­ly tas­syk­la­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň je­mi­ni jem­läp, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len äh­li me­se­le­le­re se­re­di­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de şo­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň her bi­ri­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şöh­rat­ly baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy, hem­me­le­re berk jan sag­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. “Ýa­şa­syn, ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti! Ýa­şa­syn, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri! Ýa­şa­syn, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar as­tyn­da çy­ky­şy­ny ta­mam­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýa­pyk di­ýip yg­lan et­di. Ru­hy­ýet köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy be­lent­den ýaň­lan­ýar. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­laş­dy we Ru­hy­ýet köş­gün­den ug­ra­dy.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow