Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen gämisi Astrahanyň portuna geldi
Ykdysadyýet
Türkmen gämisi Astrahanyň portuna geldi
Çap edildi 06.01.2015
1793

Astrahan, 6-njy ýanwar (TDH). Şu gün Russiýanyň Astrahan oblastynyň günortasynda ýerleşýän Olýa portunda RO-PAX kysymly “Berkarar” türkmen gämisini garşylamak dabarasy boldy. Awtomobil – ýolagçy gatnadýan bu gämi özüniň ilkinji ýüzüşinde Astrahan oblastyna gurluşyk serişdelerini eltdi. Bu serişdeler türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina ediljek 350 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi gurmak üçin niýetlenendir. Iki döwletiň baýdaklary, bannerler bilen bezelen portda gämini resmi adamlar, ýerli administrasiýanyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Astrahanyň köpsanly ýaşaýjylary garşyladylar. “Berkarar” gämisini garşylamak boýunça dabaraly çäräniň barşynda Astrahan oblastynyň daşary –ykdysady gatnaşyklar ministri Denis Afanasew, Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň baştutany Rinat Utaliýew, Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky konsuly Mekan Işangulyýew çykyş etdiler. Astrahan oblastynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Gäminiň ýüki düşürilenden soň, uly ýükli awtomobilleriň 30-syndan ybarat ulag kerweni Olýa portundan 180 kilometr aralykda ýerleşýän Funtowo obasyna tarap ugur aldy. Astrahan oblastynda türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüljek mekdebiň guruljak ýerinde biziň ýurdumyzyň wekillerini—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny garşylamak dabarasy boldy. Olara iki halkyň dostlugynyň nyşanyna öwrüljek bu möhüm desgany gurmak ynanyldy. Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Olýa (Russiýa Federasiýasy) portlarynyň arasyndaky parom geçelgesi hünärmenleriň pikirine görä, yklymyň ýewropa we aziýa böleklerini birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” we “Günbatar-Gündogar” transmilli geçelgeleriniň çäklerinde ulag ýük akymlaryny artdyrmak üçin itergi berer.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow