Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 17.09.2018
1551

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman şanly waka — karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça sebitde iri toplumyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge aýratyn ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy uzak möhletleýin esasda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, bu gün däp bolan bu işewür gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, giň gerimli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilip, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Öz nobatynda, öňdebaryjy ýapon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu desga tassyklanan tertibe laýyklykda bina edilýär we bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylar. Ýokary tehnologiýalaryň, şol sanda çig maly düýpli arassalamak boýunça tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bu kärhana dünýä tejribesinde iň innowasion önümçilikleriň biri bolar. Zawodyň çykarýan önümleri hil we ekologiýa talaplary boýunça iň ýokary dünýä ölçeglerine kybap geler. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman birek-birege ýagşy arzuwlaryny aýdyp, anyk netijelere gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow