Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 17.09.2018
1614

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi karbamid dökünlerini öndürmek boýunça sebitde iň iri senagat toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutladylar. Işewürler Türkmenistanda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere haýran galýandyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna döwlet Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 27 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz häzir amala aşyrylýan milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmegiň strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini çekmäge örän uly ähmiýet berilýär diýip belledi. Öňden gelýän hyzmatdaşlarymyzyň — Ýaponiýanyň «Mitsubishi Сorporation» konsorsiumynyň we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň işjeň gatnaşmagyndaky zawodyň gurluşygynyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy halk hojalyk toplumynyň strategik pudaklarynyň biriniň — ýurdumyzyň senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Duşuşygyň barşynda işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Meşhur kompaniýalaryň işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalarda giňden peýdalanmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda Ýaponiýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ähmiýetli orunlaryny belläp, däbe öwrülen gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. Myhmanlar «Mitsubishi Сorporation», “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň türkmen bazarynda mundan beýläk-de işlemäge ymtylmalaryny beýan edip, geljek üçin Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, taýýarlanan birnäçe teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlediler. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldiljekdigine özara ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow