Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Çap edildi 16.09.2018
1767

Howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden ýygym möwsümi biraz gijiräk badalga alýan Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün pagta ýygymyna girişdiler. Welaýatyň häkimliginde geçirilen iş maslahatynyň esasy meselesi ýygym möwsümini, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegini we sazlaşykly hereket etmegini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Demirgazyk sebitde pagta ýetişdirilen meýdan 140 müň gektardan ybaratdyr. Şonça meýdandan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ýer eýeleri pagtanyň “Daşoguz-120”, “Serdar”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” we beýleki orta süýümli görnüşlerini has köp ekdiler. Häzirki zamanyň oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň üznüksiz depginini üpjün eder. Meýdanlara ýokary öndürijilikli kombaýnlar, esasan, “Jhon Deere” we “Keýs” çykaryldy, pagtany daşamakda bolsa ýük awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň örän köp sanlysy ulanylýar. Kabul ediş nokatlar we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Olaryň ýanynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalar bardyr. Şol ýerde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar. Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, alym oba hojalykçylar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, baş saglygyny, ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okadylar hem-de “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygym möwsümine başlap berdiler. Soňra Döwlet baýdagymyz bilen, halylar we şygarlar ýazylyp bezelen üsti “ak altyndan” doly awtoulaglar hem-de tirkegli traktorlar Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta arassalaýjy zawoda ugradylar. Dabaralaryň çäklerinde çärä gatnaşyjylar “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşen binagärlik ýadygärliklerine hem baryp gördüler. Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de welaýatyň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz we tans-halk döredijilik toparlary ajaýyp konsert taýýarladylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar baýramçylyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow