Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi
Ykdysadyýet
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi
Çap edildi 24.02.2015
1655

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlendi . Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Esasy ugurlar boýunça köpýyllyk netijeli gatnaşyklary artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklamak bilen, topara başlyklyk edijiler iki tarapyň hem türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar we onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler. Ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine oňyn baha bermek bilen, toparyň agzalary energetika we ekologiýa, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy artdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň barşynda bar bolan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşynda we maliýe-tehniki hyzmatdaşlyk, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlaryndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň iki tarap üçin hem möhüm ähmiýeti bardyr. Telekeçilik ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak türkmen-awstriýa işewürçilik forumynyň ähmiýeti bellenildi. Onuň barşynda bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk ugurlary kesgitlener. Şeýle hem toparyň agzalary iki ýurtda hem syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etmek barada bir pikire geldiler. Medeni gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip bellemek bilen, toparyň agzalary gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada aýtdylar. Şuguň bilen baglylykda, döredijilik forumlarynyň we beýleki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bilim ulgamynda ylmy merkezleriň we edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri duşuşykda garalan ugurlaryň esasyny düzdi. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikldäki toparyň işiniň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge bolan umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanyldy we munuň özi iki dostlukly halklaryň bähbidine ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer diýip bellediler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow