Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-eýran işewürlik maslahaty
Ykdysadyýet
Türkmen-eýran işewürlik maslahaty
Çap edildi 26.02.2015
1724

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine bagyşlanan türkmen-eýran işewürlik maslahaty boldy. Işewür toparlaryň bu duşuşygy şu günler eýranly önüm öndürijileriň Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisine gabatlanyp Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Ozal habar berlişi ýaly ykdysady gözden geçirilişe Eýranyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy hatarda durýan we iri senagat merkezlerine wekilçilik edýän kompaniýalaryň 120-si gatnaşdy. Olaryň arasynda “Petrochemical Industries design & engineering”, “Gas Souzan Industrial & Manufakturing”, “Iran khodro Industrial Group”, “Farassan”, “Kayson”, “Bojnord plastic”, “Khoshnam khorasan”, “Jouybar luleh pipe & profile”, “Tejarat sabze roshan”, “Hamerz”, “Sapko”, “Marsus gam asia”, “Teknotech”, “Khazar electric”, “Bojnord cement”, “Cable metal”, “Razavi Food Industries Holding”, “Iran water & power resources development” we beýlekiler bar. Şu gün Eýranyň wekiliýetiniň agzalary, şol sanda döwlet düzümlerine wekilçilik edýän ýolbaşçylar we hünärmenler hem-de olaryň türkmen kärdeşleri ösüş boýunça milli meýilnamalary we sebitdäki hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmak arkaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has amatly ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin, “Mizan” işewürlik merkeziniň mejlisler zalyna ýygnandylar. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ykdysadyýet we ösüş, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Energetika, Aragatnaşyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Awtomobil ulaglary, Oba hojalygy, Suw hojalygy, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmennebitgazgurluşyk” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Döwlet haryt-çil mal biržasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundi Eýranyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini hem-de yzygiderli geçirilýän ykdysady maslahatlaryň we sergileriň, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň saparlarynyň muňa degerli ýardam berýändigini belledi. Işewürlik maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň ýagdaýy, häzirki döwürdäki täze şertleri göz öňünde tutmak arkaly, özara bähbitlere laýyk gelýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli mümkinçilikler barada gürrüň berýän wideoýazgylar görkezildi. Myhmanlar tarapyndan guralan aýry-aýry tanyşdyryş çäreleri ýol gurluşygy we awtoulaglar, şäheriň abadançylygy, nebitgaz we himiýa pudaklary boýunça taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin oňaýly mümkinçiliklere bagyşlandy. Şeýle hem söwda-ykdysady ulgam, dokma senagaty, oba hojalygy, azyk önümlerini öndürmek we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki wagtda Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýetli, daşary yurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji döwlet bolup durýandygy bellenildi. Ýurduň senagatyny ösdürmek, döwrebap ulag we senagat düzümini, gaýtadan işleýän innowasion ugurly iri önümçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň möhüm ugry hasaplanýar. Şu maksat bilen täze kärhanalaryň gurulmagyna we häzirki wagtda hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine örän uly möçberlerdäki maýa goýumlary gönükdirilýär. Meselelere garamagyň barşynda, kiçi we orta telekeçiligiň derejesindäki işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynyň ösüş depginini göz öňünde tutup aýdanyňda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň örän oňaýly bolup görünýändigi bellenildi. Maslahatyň çäklerinde goňşy iki ýurduň dürli pudak edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, şol duşuşyklaryň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berip biljek bilelikdäki täze taslamalary işläp düzmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa duşuşygyň göwnejaý guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylap, bu duşuşygyň barşynda iki ýurduň ykdysady kuwwaty we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow