Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 09.09.2018
1986

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, reňksiz aýna listi, trikotaž önümleri, hojalyk pamygy we pagta-süýümi, buýan köki, kök baldagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, BAE, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 193 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler dokma önümçiligi üçin jemi bahasy 400 müň manatlyga deň bolan ýüplük satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 803 müň manatdan gowrak bolan pagta-süýümini, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow