Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aş­ga­bat­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi öz işi­ne baş­la­dy
Ykdysadyýet
Aş­ga­bat­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi öz işi­ne baş­la­dy
Çap edildi 06.09.2018
1552

Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da iri pu­dak­la­ýyn fo­rum öz işi­ne baş­la­dy. Bu ýer­de “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” ady bi­len hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär. Ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len her ýyl­da ge­çi­ril­ýän ser­gi ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy­ny be­ýan et­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ägirt uly kuw­wat­lyk­la­ry­ny, gel­jek­ki ösü­şi­ni we bu ul­gam­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ äş­gär et­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup dur­ýar. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bu fo­ru­my Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Ser­gä gat­naş­ýan­la­ryň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy bu pu­da­gyň ýo­ka­ry saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bol­ýan­dy­gy­ny we da­şa­ry ýurt­la­ryň hem-de ýer­li işe­wür to­par­la­ryň bu pu­dak­da ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ägirt uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Baý te­bi­gy se­riş­de­le­re eýe bo­lan hem-de “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak, onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin mö­hüm şert­ler hut şu pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len ut­gaş­ýar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar hem-de da­şa­ry ýurt we ýer­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ibe­ren Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. On­da, hu­su­san-da, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir­lik­de, ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň dep­gin­li ösü­şi da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan elekt­rik ener­gi­ýasy­nyň eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu pu­dak­da hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti bo­lan iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­ýär. Ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry hem-de gel­jek­ki ösü­şi­niň ugur­la­ry bo­ýun­ça mag­lu­mat alyş­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär. Tä­ze uly gel­je­gi bo­lan tek­lip­le­re ga­ra­mak, pu­dak­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len ta­nyş­mak, ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry we köp san­ly da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy­na öw­rül­di. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da kö­pu­gur­ly göz­den ge­çi­ri­liş ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu ýer­de dün­ýä­niň elekt­roe­ner­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­ri­niň we hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň bö­lüm­le­rin­de 160-a go­laý di­war­lyk­lar gör­ke­zil­di. Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu fo­ru­ma bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry pu­da­gyň ma­ýa go­ýum özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni we işe­wür dü­züm­le­riň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga bo­lan is­le­gi­ni äş­gär ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li tas­la­ma­lar elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da elekt­roener­gi­ýa bo­lan is­leg­le­riň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň elekt­rik e­ner­ge­ti­kasy pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň 2013 — 2020-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy” ka­bul edil­di. Bu Kon­sep­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da köp san­ly gaz ­tur­bi­naly elekt­rik be­ket­le­ri gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. Pu­da­gyň hü­när­men­le­ri 2020-nji ýy­la çen­li ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de umu­my kuw­wa­ty 3854 MWt bo­lan tä­ze ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, şol döw­re çen­li Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýasy­nyň de­re­je­si 26 mil­liard 380 mil­lion kWt sa­ga­da ba­ra­bar bo­lar. Onuň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri bol­sa bir­nä­çe es­se ýo­kar­la­nar. Pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan di­ňe bir içer­ki sarp edi­ji­le­ri do­ly üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dy­rar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň eks­port ugur­la­ry­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň hem-de ugur­daş eda­ra­la­ryň, şeý­le hem kuw­wat­ly elekt­rik be­ket­le­ri­ne we ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ra hyz­mat ed­ýän pu­da­gyň iri kär­ha­na­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man gö­zeg­çi­lik ul­ga­my hem-de sarp edi­ji­le­re ener­gi­ýa iber­ýän hem-de pu­dak­da gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni alyp bar­ýan dü­züm­le­ri­niň bö­lüm­le­ri pu­da­gyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni, onuň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni we ýe­ten de­re­je­si­ni has do­lu­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Tä­ze elekt­rik be­ket­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry hem-de ozal he­re­ket ed­ýän be­ket­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri bo­ýun­ça ser­gi­de gör­ke­zil­ýän bö­lüm­ler myh­man­la­ryň we bu çä­rä gat­naş­ýan­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­di. Tä­ze elekt­rik be­ket­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry pu­da­gyň gel­jek­ki ösü­şi­ne göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ser­gi­de Ma­ry­nyň Döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan ga­ry­şyk gaz-bug elekt­rik be­ke­di­niň tas­la­ma­sy gör­ke­zil­ýär. Onuň gur­lu­şy­gy “Türk­me­ne­ner­go” döw­let elekt­roe­ner­ge­ti­ka kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ma­ry­nyň DES-niň esa­sy bö­le­gi bo­lup dur­ýan elekt­rik be­ke­di 1574 MWt kuw­wat­ly­ga ni­ýet­le­nen­dir. Onuň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň iri DES-niň umu­my kuw­waty iki es­se ar­tar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, eko­lo­gi­ýa de­re­je­si we ga­lyn­dy­syz önüm­çi­lik, şeý­le hem se­riş­de­le­riň tyg­şyt­lan­ma­gy bu des­ga­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar. Çün­ki ga­ry­şyk elekt­rik be­ke­di üçin ýan­gyç hök­mün­de di­ňe bir gaz däl, eý­sem, bug hem ula­ny­lar. Şun­da onuň peý­da­ly işi bir ýa­rym es­se — 34,2 gö­te­rim­den 57 gö­te­ri­me çen­li ar­tar, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly ga­lyn­dy­lar üç es­se aza­lar. Şeý­le hem ýan­gyç harç­la­ny­şy pe­se­ler. Şu­nuň ýa­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň se­riş­de tyg­şyt­la­mak­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­si bo­lan we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn or­naş­dy­ryl­ma­gy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne de­giş­li des­ga­la­ry gur­mak­da, elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry çek­mek­de, abat­la­ýyş-gur­na­ma we saz­la­ýyş iş­le­ri­ni alyp bar­mak­da özü­ni gör­ke­zen hu­su­sy kär­ha­na­lar my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Döw­re­bap­laş­dy­ry­lan pu­dak­la­ýyn dü­zü­miň dö­re­dil­me­gi kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýur­du­my­za döw­re­bap elekt­rik ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny we gur­na­ma­la­ry­ny, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ge­tir­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. De­giş­li teh­ni­ka­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ry hem-de kom­pa­ni­ýa­la­ry öz ga­za­nan­la­ry­ny, top­lum­la­ýyn çöz­güt­le­ri­ni we tä­ze­çil usul­la­ry gör­kez­di­ler. Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka kon­sern­le­ri we kor­po­ra­si­ýa­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryp hem-de ze­rur en­jam­la­ry ge­tir­mek­de öz hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da pu­da­gyň öňün­de goý­ýan giň möç­ber­li we­zi­pe­le­riniň çö­zül­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dün­ýä­niň köp döw­le­tin­den bi­ler­men­ler, syn­çy­lar, me­ne­jer­ler hem-de söw­da we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty mil­li elekt­roe­ner­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň ýa­kyn gel­jek üçin ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny, ýur­duň dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na mun­dan beý­läk-de go­şul­ma­gy bo­ýun­ça anyk he­re­ket­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Şeý­le hem çy­kyş­lar­da içer­ki hem-de hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na, elekt­roul­gam­la­ryň gur­lu­şygyn­da we ola­ry abat­la­mak­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, elekt­rikener­gi­ýa­ny sarp et­me­giň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ha­sa­ba­ty bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şeý­le hem ener­ge­ti­ka­nyň al­ter­na­tiw ösü­şi, tä­ze­çil ener­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, en­jam­la­ryň, ener­gotas­la­ma­la­ry­nyň we do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ryň ýag­da­ýy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler üns mer­ke­zin­de bol­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn we ul­gam­la­ýyn ösü­şi­ne we kö­pu­gur­ly esas­da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne hem-de äh­lu­mu­my ener­gi­ýa ul­ga­ma saz­la­şyk­ly go­şul­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň dün­ýä ba­zar­la­ry­na ug­ra­dyl­ýan eks­port ugur­la­ry­ny art­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, elekt­roener­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ni, ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, pu­da­ga hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak, ener­ge­ti­ka­nyň al­ter­na­tiw ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler di­ňe bir yg­ty­bar­ly ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy­na däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş 8-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam eder.

Soňky habarlar
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
09.09
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr
top-arrow