Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 01.09.2018
1850

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamide isleg bildirdiler. Şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplük, portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 74 million 842 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we BAE-niň işewürleri 6 million 16 müň manatlykdan gowrak boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, saryja goýnunyň ýüňüni, çig ýagly we arassalanylmadyk kislotalary satyn aldylar. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 15 million 680 müň manatlykdan gowrak polipropileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow