Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si
Çap edildi 31.08.2018
2480

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de ka­bul edi­len beý­le­ki yk­dy­sa­dy we dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň bar­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le hem mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içe­ri sy­ýa­sa­tyň wa­jyp we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýer­ler­de mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýe­ten de­re­je­si­ni we gel­jek­ki ösü­şi­ni, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni äş­gär ed­ýän çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de bol­jak fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz onuň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, top­lu­myň kär­ha­na­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­la­ýyn tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Ne­bi­tiň we te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny, onuň gaý­ta­dan iş­le­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy pu­da­gyn­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň bar­şyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy­ny hem-de döw­re­bap äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­mak we wa­gyz et­mek, ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­ny ös­dür­mek hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­na gat­na­şy­jy­la­ry ne­bit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çe­kip, onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýer se­bit­ler­de pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyp, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da de­giş­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni öz wag­tyn­da we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ry­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýyl ýur­du­myz­da pag­ta aras­sa­la­ýan kär­ha­na­la­ryň 38-si, taý­ýar­la­ýyş bö­lüm­le­ri­niň 156-sy taý­ýar­la­nyl­dy, pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 1 müň 76-sy, aw­to­mo­bil­le­riň 2 müň 261-si, trak­tor­la­ryň 2 müň 162-si, trak­tor tir­keg­le­ri­niň 3 müň 325-si ula­ny­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry mil­li Li­de­ri­mi­ze “Ak ker­wen” da­ba­ra­la­ry­na ak pa­ta ber­mek ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp we wa­tan­daş­la­ry­my­za hem-de daý­han­la­ra ýüz­le­nip, sent­ýabr aýyn­da ýur­du­myz­da mö­hüm çä­rä­niň — pag­ta ýy­gy­my­nyň köp­çü­lik­le­ýin baş­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Köp zäh­met siň­di­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wag­tyň için­de ýyg­nap al­mak hä­zir­ki dö­wür­de daý­han­la­ryň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­dir. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da eder­men pag­ta­çy­la­ryň mil­li baý­ly­gy­myz bo­lan pag­ta­nyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­nap, uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 5-nji sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 16-njy sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan pag­ta ýy­gy­my­ny “Bis­si­mil­la” bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz daý­han­la­ra bol ha­syl al­ma­gy ar­zuw et­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne wi­se-prem­ýe­riň ün­sü­ni çe­kip, Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän öz­bo­luş­ly suw how­da­ny bo­lan “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu kün­jek eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa zo­lak bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýer­de şä­her­çe­le­ri gur­ma­ly di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Şeý­le hem bu ýe­re ýyg­na­nan su­wy gaý­ta­dan iş­läp, ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ry dö­ret­me­li, ba­lyk­çy­ly­gy ös­dür­me­li di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň “Türk­men­ma­şyn­gur­lu­şyk” kon­ser­ni­ne de­giş­li önüm­çi­lik dü­züm­le­rin­de dür­li gör­nüş­li diod­ly lam­pa­la­ryň, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, gaz we elekt­rik pli­ta­la­ryň, elekt­rik gyz­dy­ry­jy­la­ryň harç­la­ýan ener­gi­ýa­sy­ny ha­sap­la­ýan elekt­ron gur­na­ma­la­ryň, şeý­le hem 1-nji synp okuw­çy­la­ry üçin komp­ýu­ter­le­riň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, asyl­ly dä­be gö­rä, 1-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň 1-nji syn­pa ka­bul edil­ýän äh­li okuw­çy­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan sow­gat be­ril­ýän komp­ýu­ter­le­riň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iş­le­ri kä­mil de­re­je­de do­wam et­me­gi we 1-nji syn­pa ka­bul edil­ýän okuw­çy­la­ra gow­şu­ryl­ýan net­buk­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň öw­re­di­li­şi­ni gi­ňelt­me­gi, ýur­du­my­zyň okuw mek­dep­le­rin­de hä­zir­ki za­man mul­ti­me­di­ýa teh­ni­ka­la­ry­ny ös­dür­me­giň, okuw ul­ga­my­na mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak ar­ka­ly ösü­şiň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne çyk­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şu mak­sat bi­len, döw­let ta­ra­pyn­dan tä­ze kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na we ozal he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň tä­ze­çil usul­da en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na ägirt uly se­riş­de­ler gö­nük­di­ril­ýär. Hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň bu iş­le­re çe­kil­me­gi­ne uly gol­daw be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bit­ler­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we önüm­çi­li­ge kä­mil hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň elekt­ron pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry” at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn fo­ru­my şu ýy­lyň 6 — 8-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu ýyl ýur­du­my­zyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne elekt­roe­ner­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry we hu­su­sy dü­züm­ler gat­na­şar. Bu ýer­de ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, dür­li kuw­wat­lyk­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak, elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy usul­lar ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Mil­li Li­de­ri­miz ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi­­niň we mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu çä­rä­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Soň­ra ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de wi­se-prem­ýer Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy bi­len ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak esa­syn­da iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ulan­ma­ga ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ba­ry diň­läp, ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz­da gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di, tä­ze kuw­wat­ly elekt­rik stan­si­ýa­lar gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den çe­ki­len uzyn­ly­gy müň­ler­çe ki­lo­met­re ýet­ýän elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň bir­nä­çe­si çal­şyl­dy, tä­ze ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry gur­nal­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, ener­gi­ýa akym­la­ry­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, tä­ze kö­pu­gur­ly ge­çi­ri­ji­ler dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi­niň türk­men ta­ra­py üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne we ola­ry iber­me­giň se­riş­de­le­ri­ne deň­hu­kuk­ly, bök­denç­siz hem-de ke­pil­len­di­ri­len el­ýe­ter­li­li­giň äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mak­sa­da ýe­til­me­gi­ne ýur­du­my­zyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di, olar äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­ler­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ýer­de ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň umu­my ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na go­şul­jak­dy­gy­na hem-de di­ňe bir tu­tuş we­la­ýa­tyň ener­gi­ýa bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün edil­me­gi­ne däl-de, onuň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. On­da ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, kär­ha­na­lar, gu­ra­ma­lar, hä­kim­lik­ler hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan 70-den gow­rak ser­gi bö­lüm­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Şo­lar­da ýur­du­my­zyň se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, söw­da hem-de hyz­mat­lar, ma­li­ýe we bank ul­gam­la­ryn­da ýe­ten de­re­je­si, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri öz be­ýa­ny­ny ta­par. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan mil­li se­ne­na­ma­my­zyň baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň we beý­le­ki se­ne­le­ri­niň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­nyň işi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, äh­li kär­ha­na­la­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Aw­tou­lag­la­ryň işi­ne, du­ral­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na, şo­la­ryň he­re­ket edi­şi­ne, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na de­giş­li anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da ýük da­şa­ma­gyň we ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň az däl­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz de­mir ýol ulag­lar ul­ga­my­nyň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re de­gip ge­çip, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­la­nyp, iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň de­mir ýol ul­ga­my­nyň ula­nyş möh­le­ti­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. De­mir ýol­la­ry elekt­rik­leş­dir­mek iş­le­ri­ni do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer M.Ça­ky­ýe­we ýur­du­my­zyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow we aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nist­ri O.Su­ha­now bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da her ýyl dür­li aw­tou­lag­la­ryň — ýe­ňil, ýo­lag­çy, ýük hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len aw­tou­lag­la­ryň hal­ka­ra ser­gi­si­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hal­ka­ra ser­gi­ni ge­çir­mek üçin äh­li yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe müm­kin­çi­lik­le­riniň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çä­rä­niň dür­li şert­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, ila­ty­myz we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry üçin has oňaý­ly aw­tou­lag­la­ry saý­la­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne, şan­ly se­ne­le­re we şu my­na­sy­bet­li me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň, ýur­du­my­zyň ösüş ýo­lun­da ga­za­nan­la­ry­nyň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň we dö­re­di­ji­lik fo­rum­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­den yba­rat bo­lar. 1-nji sent­ýabr­da bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li bi­lim ul­ga­my­na de­giş­li tä­ze bi­na­lar açy­lar. Bu se­ne my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­zyň “Aş­ga­bat” aý­dym-saz mer­ke­zin­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da kon­sert­ler hem-de we­la­ýat­lar­da tä­ze umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry gu­ra­lar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler, “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” ady bi­len ge­çi­ril­ýän bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler gu­ra­lar. Sent­ýab­ryň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de Aş­ga­bat­da “Ko­reý hep­de­li­gi” çä­re­le­ri bo­lar. Şeý­le hem kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ha­ta­ryn­da pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­riň, tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly beý­le­ki bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” ug­ry bo­ýun­ça we­lo­si­ped ýö­ri­şi we yl­gaw ýa­ry­şy my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Ony sun­gat us­sat­la­ry­nyň 15-nji sent­ýabr­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek kon­ser­ti jem­lär. Şol gün Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak we me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­ne hor­mat­ly at­la­ry dak­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Da­ba­ra baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bi­len ut­gaş­dy­ry­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi­ne we ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne kö­pö­wüş­gin­li me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň we beý­le­ki me­de­ni köp­çü­lik­le­ýin da­ba­ra­la­ry­nyň, şol san­da sent­ýabr aýy­nyň iri sport çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz şo­la­ryň hem­me­si­niň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň dö­re­di­ji­lik ru­hu­na, hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň işi­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de be­ýan edil­me­gi­ne, şon­da ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ilat köp­çü­li­gi­ne giň­den ýe­ti­ril­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­leri ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si ge­çir­mä­ge taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni çä­re­ler ba­ra­da aý­dyp, şo­la­ryň ge­ri­mi we dö­re­di­ji­lik joş­gu­ny bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ta­ry­hy se­ne­na­ma­syn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­ýan jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ne ky­bap gel­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 5-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek jem­leý­ji kon­ser­te we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den ýa­şa­jyk aý­dym­çy­lar, ça­ga­lar tans, aý­dym we folk­lor to­par­la­ry gat­na­şar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik ba­ra­da aý­dyp, bu dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ne ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ze­hin­li ça­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si­niň uly hö­wes bi­len gat­naş­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ýaş ne­sil­le­riň ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin bol­sa ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň baş mak­sa­dy­nyň ýaş­la­ryň dö­ret­mä­ge bo­lan hö­wes­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mek­den we ös­dür­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi ug­run­da iç­gin ala­da et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­män, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek­de ýol be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­do­wa berk kä­ýinç yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim mi­nist­ri M.Gel­di­ny­ýa­zo­wa Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan duý­du­ryş be­ril­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow DIM-niň alyp bar­ýan işi, sent­ýabr aýyn­da bel­le­ni­len mö­hüm hal­ka­ra çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar we iri fo­rum­lar bar. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 18-nji sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy öz işi­ne baş­la­ýar. Oňa gat­naş­mak üçin 29-njy sent­ýabr — 2-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Nýu-Ýork şä­he­ri­ne sa­pa­ry me­ýil­leş­di­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol­daw ber­me­gin­de ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my fo­rum­da öňe sür­jek baş­lan­gyç­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we tas­syk­la­nyl­dy. Olar dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly BMG-niň ag­za ýurt­la­ry­na ibe­ril­di we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de be­ýan edil­di. Şeý­le hem sa­pa­ryň çäk­le­rin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry bi­len du­şu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki işin­de bi­ta­rap­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, je­del­le­riň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler ar­ka­ly çö­zül­me­gi­ne esas­la­nar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. 28-nji sent­ýabr­da Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de GDA ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­ler. Şon­da Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk et­me­gi ba­ra­da­ky me­se­le göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de baş­lyk­lyk et­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy we ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy, şeý­le hem beý­le­ki de­giş­li res­mi­na­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­nyň Ýol­baş­çy ge­ňe­şi­niň (SPE­KA) no­bat­da­ky ses­si­ýa­sy­na we Ga­za­gys­ta­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de 20 — 21-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek SPE­KA — 2018 Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na, şeý­le hem Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň 17 — 20-nji sent­ýabr­da Ita­li­ýa­nyň Rim şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­na­şar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len deň­lik, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we iş­jeň­lik esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan giň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra bo­lan yg­rar­ly­ly­gy iş ýü­zün­de tas­syk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. BMG bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga äh­mi­ýet ber­mek bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my möç­ber­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­riň yla­la­şyk­ly çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň işi­ne gat­naş­ma­gy­ny Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy hök­mün­dä­ki yzy­gi­der­li işi­niň do­wa­my hök­mün­de ga­rap, hyz­mat­daş­ly­ga stra­te­gik hä­si­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, 2019-njy ýyl­da GDA baş­lyk­lyk et­me­gi öz üs­tü­ne al­ýan ýur­du­my­zyň umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän däp bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy hök­mün­de Türk­me­nis­tan giň ugur­lar bo­ýun­ça ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aý­dy­lan­la­ry jem­läp, türk­men ta­ra­py­nyň öň­de bol­jak hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­ma­gy­na oý­la­ny­şyk­ly we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň esa­syn­da­ky taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa mil­li par­la­men­tiň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan işi, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­bar ber­di. Iş to­par­la­ryn­da hä­zir­ki dö­wür­de döw­let ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny we hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, tä­ze ka­nun­çy­lyk tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li res­mi­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Jo­gap­kär dü­züm­le­riň äh­li­si bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri çö­zül­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­le­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän ta­ry­hy or­nu­ny, onuň de­mok­ra­tik esas­la­ry­nyň ösü­şi­ni wa­gyz et­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň “Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Ka­nu­ny­nyň ugur­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Onuň sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­ba­ry diň­läp, tä­ze ka­nun­lar taý­ýar­la­ny­lan­da Türk­me­nis­ta­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len me­ýil­na­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy üp­jün ed­ýän türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek­ki ösü­şi­niň we­zi­pe­le­rin­den ugur alyn­ma­ly­dyr. Dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri çöz­güt­le­riň çalt hem-de öz wag­tyn­da ka­bul edil­me­gi­ni, ýur­du­myz­da we jem­gy­ýe­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re gys­sag­ly ses­len­me­gi­ni ta­lap ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mek we kä­mil­leş­dir­mek, de­pu­tat­la­ryň ýer­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň wa­jyp­dy­gy­na üns be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz umu­my­mil­li fo­rum bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da aý­dyp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­let dur­mu­şy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çöz­güt­le­ri ka­bul ed­ýän ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy gu­ra­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li düz­gün­le­riň üs­tün­de düýp­li iş­le­me­giň, şol san­da onuň ag­za­la­ry­nyň hu­kuk de­re­je­si­ni ka­nun­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň mej­li­si­ni gu­ra­ma­ga gat­naş­ýan äh­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny, şo­la­ryň ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga we de­mok­ra­tik esas­la­ra la­ýyk ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Soň­ra Hö­kü­me­tiň mej­li­si­ne ça­gy­ry­lan “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy D.Sa­bu­row ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. Gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­mek, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýer­li uçar gat­naw­la­ry­nyň ug­ru­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­lar­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak, ozal bar bo­lan­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, şol san­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­her­le­rin­de, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Ga­laý­mor” daý­han bir­le­şi­gin­de ho­wa men­zil­le­rini di­kelt­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Mun­dan baş­ga-da, ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da gul­lu­gyň teh­ni­ki par­ky­nyň üs­tü­niň tä­ze, hä­zir­ki za­man uçar­la­ry bi­len ýe­ti­ril­ýän­di­gi, içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­lar üçin uçar­la­ryň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýan­dy­gy, bu iş­le­riň ho­wa ulag­la­ry ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ös­dü­ril­me­gi­ne oňyn şert­le­ri üp­jün ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry bo­ýun­ça tä­ze ugur­la­ry açyp, türk­men uçar­la­ry­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na yzy­gi­der­li uçuş­la­ry ama­la aşyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Bu bol­sa hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ iş­jeň­leş­dir­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, äh­li we­la­ýat­lar­da döw­re­bap, ýo­lag­çy­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­ýan hem-de dür­li gör­nüş­dä­ki uçar­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly uçuş-go­nuş zo­la­gy bo­lan ho­wa men­zil­le­ri­niň gu­rul­ma­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň howp­suz­lyk we yg­ty­bar­ly­lyk ba­bat­da tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ho­wa ul­ga­my­nyň ösen dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ho­wa ulag­la­ry ul­ga­my­nyň hä­zir­ki za­man uçar­lar par­ky­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça uzak­ möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň “Boeing” uçar­la­ry­ny saý­lap al­ma­gy ýur­du­myz­da bu uçar­la­ry hal­ka­ra, se­bi­ta­ra we içer­ki ugur­lar bo­ýun­ça peý­da­lan­mak­da ga­za­nan oňyn tej­ri­be­si bi­len baglanyşyklydyr. Şeý­le hem bu çöz­güt ýo­lag­çy­la­ra hyz­ma­tyň ýo­ka­ry hil gör­ke­zi­ji­le­ri­ni we äh­li ugur­lar­da­ky uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze uçar­la­ry ulan­ma­gyň ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, ýo­ka­ry de­re­je­li ýük da­şal­ma­gy­ny we ýo­lag­çy gat­na­dyl­ma­gy­ny ýo­la goý­ma­ga kö­mek et­jek­di­gi­ni bel­läp, tä­ze uçar­la­ry sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky tek­lip­le­ri ma­kul­la­dy hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Soň­ra mej­li­se ça­gy­ry­lan içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra ral­li­si­ne taý­ýar­ly­gyň bar­şy, öň­de bol­jak ýa­ryş­la­ry göw­ne­jaý de­re­je­de gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. IIM-niň ýol­baş­çy­sy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy­ny hem-de sport aw­to­mo­bi­li­niň teh­ni­ki pas­por­tu­ny gow­şur­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýa­ryş­la­ra gat­naş­ýan sü­rü­ji­ler üçin sport ly­bas­la­ry top­lum­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ly­bas­lar­da öň­de bol­jak ral­li­niň ny­şan­la­ry şe­kil­len­di­ril­di hem-de mil­li be­zeg sun­ga­ty­nyň äheň­le­ri peý­da­la­nyl­dy. Peý­da­la­ny­lan se­riş­de­le­riň hi­li aw­to­mo­bil spor­ty üçin sport ly­bas­la­ry­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra we de­giş­li ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ýyl­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň gu­ral­ma­gy­nyň ýur­du­myz üçin uly äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýa­ryş­lar asyr­la­ryň do­wa­myn­da Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy ýo­luň hä­zir­ki dö­wür­de gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Öň­de bol­jak ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak iş­le­ri äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň ýa­kyn­dan ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin äh­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ral­lä gat­na­şy­jy­lar üçin sport ly­bas­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny ma­kul­lap, şo­la­ryň be­ze­gi ba­ba­tyn­da bir­nä­çe bel­lik­le­ri aý­dyp, mi­nist­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Hö­kü­met mej­li­si­niň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sent­ýabr aýyn­da dür­li de­re­je­li köp­ san­ly çä­re­le­riň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi­ni we şo­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny we uly üs­tün­lik­le­ri hem-de “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow