Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilini kabul etdi
Çap edildi 30.08.2018
1530

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy hem-de şu kom­pa­ni­ýa­nyň gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Adolf Faýsl­ma­ýe­ri ka­bul et­di. Myh­man du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge Ger­ma­ni­ýa­nyň we umu­man, Ýew­ro­pa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň he­mi­şe gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­ni ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly işe­wür hyz­mat­da­şy hök­mün­de ta­na­dan bu kom­pa­ni­ýa bi­len gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry, hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­daky iş­ler hem-de mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­me­giň gel­je­gi ba­ra­da gür­rüň edil­di. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry dü­zü­len­de we gur­lan­da de­giş­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ag­zal­dy. Hu­su­san-da, se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da me­se­le goz­gal­dy. Şu ba­bat­da myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Adolf Faýsl­ma­ýer şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy çeş­me bo­lan ga­zy, şeý­le hem goş­ma­ça ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni na­za­ra alyp, Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny düz­mek­de hyz­mat­la­ry­ny tek­lip et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni bel­läp, ne­bi­tiň we ga­zyň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de peý­da bol­ýan uly möç­be­rli bo­lan ugur­daş ga­zy, Gün ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ün­si çek­di hem-de bu ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri türk­men hü­när­men­le­ri bi­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip et­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu tas­la­ma­la­ryň eko­lo­gi­ýa de­giş­li ugur­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly ýag­daý­la­ry dö­red­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin söh­bet­deş­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da yna­ny­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­dy. Mu­ňa kom­pa­ni­ýa ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow