Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di
Çap edildi 30.08.2018
1614

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sung Sang-Ro­ky ka­bul et­di. Mil­li Li­de­ri­miz ir sä­her bi­len “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, Hö­kü­met bi­na­sy­na ta­rap we­lo­si­ped­li ug­ra­dy. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­my­zyň bu kün­je­gi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Bu ýer­de ýer­le­şen des­ga­lar öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik keş­bi­niň döw­re­bap de­re­jä eýe bol­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň baş­tu­ta­ny ýüz­be-ýüz söh­bet­deş­lik­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, öz ýur­dun­da hem Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re ägirt uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni hem-de mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li çä­re­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Sung Sang-Rok Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň işe­wür­ler dü­zü­mi­niň ýyl-ýyl­dan dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den iri ma­ýa­dar­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp ­san­ly­sy­ny özü­ne çek­ýän gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da öz orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, bu ugur­da ne­ti­je­li gol­daw be­ril­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­niň dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni çek­mek­den, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni hem-de anyk maksatlara gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, bu gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, te­bi­gy se­riş­de­le­ri se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak hem-de türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň se­na­gat pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şun­da tagallalaryň tä­ze, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­riň, şol san­da gaz­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu ugur­da, “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar, bu kom­pa­ni­ýa Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça iri möç­ber­li gur­lu­şy­gyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de hyz­mat­da­şy­myz bo­lup dur­ýar. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ulag hem-de lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, bi­le­lik­dä­ki dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň, uzak ­möh­let­le­ýin ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy türk­men ta­ra­py­na tä­ze öza­ra bäh­bit­li tek­lip­le­ri hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Sung Sang-Rok bil­di­ril­ýän ynam üçin ýe­ne bir ge­zek ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, kom­pa­ni­ýa­nyň öz üs­tü­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynan­dyr­dy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow