Baş sahypa
\
Sport
\
Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär
Sport
Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär
Çap edildi 29.08.2018
3066

Indoneziýanyň paýtagtynda dowam edýän tomusky XVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler şu gün dzýudo we kuraş göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Zenanlaryň arasynda dzýudo boýunça 52 kilograma çenli agram derejede ýurdumyza wekilçilik edýän Gülbadam Babamuratowa iň güýçli türgenleriň biri hasap edilýär, ol gyrgyzystanly dzýudoçyny ýeňdi. Tutluşygyň dowamynda Gülbadam yzygiderli hüjüm edip hem-de ýerlikli tilsimi ulanmaga pursat arap, has işjeň hereket etdi. Ol waza-ri tilsimini ulanandan soňra, ýeňiş gazanmak şeýle bir kyn bolmady. Ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşikde biziň meşhur türgenimiz, gynansak-da, şikes aldy we ýaryşy dowam etdirip bilmedi. Kuraş göreşi boýunça ýaryşlar hem dowam edýär. 63 kilograma çenli agram derejede 19 ýaşly Gülnabat Nasyrowa mongoliýaly türgeni ýeňip, 1/8 finala çykdy. Bäsdeşi tutluşygyň soňunda has işjeňlik görkezse-de, türkmen türgeni oňa artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik bermedi. Çärýek finala çykmak ugrundaky bäsleşikde deňme-deň hasap wagtynda biziň ildeşimiz arassa tilsimi geçirip ýeňiş gazanmaga mümkinçilik aldy, emma şol pursadyň öň ýany emin göreşi saklady. Tutluşygyň tamamlanmagyna 14 sekunt galanda bolsa Gülnabat Nasyrowanyň bäsdeşine ýene bir utuk berildi, bu bolsa biziň türgenimize ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik bermedi. Kuraş göreşi boýunça ýaryşlar dowam edýär. Ertir sportuň bu görnüşi üçin soňky günde Türkmenistandan ýene-de dört türgen göreşe girişer. Jakartada geçirilýän Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna üç gün galdy. 31-nji awgustda türkmen dzýudoçylary ýene-de göreşe girerler, şol gün hem sambo boýunça ýaryşlar başlanar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow