Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat
Çap edildi 27.08.2018
1574

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de 24-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len we Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk ed­ýän ýurt hök­mün­de gat­na­şan bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy se­bi­tiň we Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň her bi­ri­niň dur­mu­şyn­da äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky sam­mit 2009-njy ýy­lyň ap­rel aýyn­da Ga­za­gys­tan­da ge­çi­ri­lip­di. Şon­dan bä­ri ge­çen do­kuz ýyl­dan gow­rak döw­rüň için­de Aral ýa­ka­syn­da­ky ýag­daý bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe me­se­le­ler eme­le ge­lip, şo­lar se­bi­tiň çä­gin­den çy­kyp­dy hem-de ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň sam­mi­te we ony ge­çir­mä­ge ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de çe­me­le­şen­di­gi bel­le­nil­di. 2016-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­na gaz­na­nyň baş­lyk­ly­gy­ny ge­çir­mek ha­kyn­da me­se­le goz­ga­lan­da, ýur­du­myz Mer­kezi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hö­kü­met­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­da de­giş­li me­ýil­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Şo­nuň ta­nyş­dy­ryş çä­re­si şol ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di. Türk­men ta­ra­py bu we­zi­pä gi­riş­mez­den öňür­ti me­ýil­na­ma­ny we beý­le­ki de­giş­li me­se­le­le­ri ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça Ger­man jem­gy­ýe­ti­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň ösüş we hyz­mat­daş­lyk agent­li­gi­niň we beý­le­ki dü­züm­le­riň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­ha­ty gu­ra­dy. 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti öz işi­ne baş­la­dy. On­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň suw ho­ja­ly­gy we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men­ler he­mi­şe­lik esas­da iş alyp bar­ýar­lar. 2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk et­me­gi­niň döw­rün­de gaz­na­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň, onuň Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk to­pa­ry­nyň we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu dü­züm­le­riň bir­nä­çe­si, hu­su­san-da, AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti 7-8 ýy­lyň do­wa­myn­da öz mej­lis­le­ri­ni ge­çir­män­di. Mun­dan baş­ga-da, 2017-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Türk­me­nis­tan­da Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my gu­ral­dy. Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan bu gu­ra­ma­nyň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na be­ril­ýän ägirt uly üns ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­di we Aral sam­mi­ti­ne taý­ýar­lyk gör­mek­de, onuň gün ter­ti­bi­ni hem-de jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Şu mak­sat bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we AHHG-nyň we­kil­le­ri­niň hem-de bi­ler­men­le­ri­niň ara­syn­da de­giş­li du­şu­şyk­lar, ge­ňeş­me­ler we gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Şeý­le­lik­de, 22-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk to­pa­ry­nyň 74-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Şon­da bir­nä­çe ugur­daş me­se­le­le­re ga­ral­dy hem-de “Aral deň­zi se­bi­tin­de suw se­riş­de­le­ri­niň top­lum­la­ýyn do­lan­dy­ry­ly­şy­ny, peý­da­la­ny­ly­şy­ny we go­ral­ma­gy­ny hem-de döw­le­ta­ra mag­lu­mat al­şy­ny gu­ra­ma­gy mag­lu­mat-hil bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da” döw­le­ta­ra yla­la­şy­gyň tas­la­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şol gün dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa gat­na­şy­jy­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­ly­şy­na ga­ra­dy­lar. 23-nji aw­gust­da AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu taý­ýar­lyk çä­re­le­ri Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki düýp­li we iş­jeň pi­kir alyş­ma­lar üçin pug­ta bin­ýa­dy dö­ret­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­tiň do­wa­myn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi şert­le­rin­de Aral deň­zi­niň çäk­le­rin­de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak hem-de suw se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn peý­da­lan­mak, suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek üçin Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri jik­me-jik ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bäş ýur­duň Li­der­le­ri­niň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da äh­li ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra alyp, Ara­lyň çäk­le­rin­de suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de we top­lum­la­ýyn do­lan­dyr­mak hem-de ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ozal ka­bul edi­len çöz­güt­le­re bo­lan yg­rar­ly­ly­gy­nyň tas­syk­la­nyl­ma­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň esa­sy ne­ti­je­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy, çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­ri, me­de­ni­ýet­le­riň, däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy bi­len bag­la­nyş­ýan halk­la­ryň köpasyr­lyk dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ru­hun­da deň­hu­kuk­ly hem-de öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy. Şeý­le çe­me­leş­me Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Aral me­se­le­si­niň kyn­çy­ly­gy­ny ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry has-da ut­gaş­dyr­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni äş­gär et­di. Hu­su­san-da, sam­mit­de Aral deň­zi­niň ýa­ka­syn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ha­kyn­da 2016-njy ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da ka­bul edi­len Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Döw­let Baş­tu­tan­la­ry dö­re­di­le­ni­ne 25 ýyl bo­lan Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň ta­lap edil­ýän­di­gi ba­bat­da bir pi­ki­re gel­di­ler. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rü­niň me­ýil­na­ma­syn­da kes­git­le­nen mö­hüm we­zi­pe­le­re do­ly ky­bap gel­ýär. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Aral üçin Ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dy­ryp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­ne öz­baş­dak ug­ry goş­mak ba­ra­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz 2012-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da (Rio+20) eden çy­ky­şyn­da bu tek­li­bi öňe sü­rüp, Aral deň­zi me­se­le­si­niň hä­zir­ki dö­wür­de se­bi­tiň çäk­le­rin­den çy­kan­dy­gy we äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na, onuň dü­züm­le­ri­ne, ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­na we agent­lik­le­ri­ne bu baş­lan­gy­jy gol­dan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýär. Türk­men ta­ra­py Aral sam­mi­ti­ne taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de BMG-niň ýo­kar­da ag­za­lan Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy we ony BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di hem-de bu res­mi­na­ma­ny Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hem­me­si­ne ug­rat­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu Ýö­ri­te­leş­di­ri­len mak­sat­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­ga gat­na­şan ta­rap­la­ryň ba­şy baş­la­nan işi do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy ha­kyn­da umu­my pi­ki­re ge­len­di­gi­ni nyg­ta­mak ge­rek. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aral sam­mi­tin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­ne se­bi­tiň döw­let­le­ri, BMG-ä ag­za ýurt­lar, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm­le­ri bi­len de­giş­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy­lar. Ýa­kyn wagt­da bu tab­şy­ryk­lar ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nar. Ol, il­kin­ji no­bat­da, AHHG bi­len BMG-niň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta hal­ka­ra-hu­kuk esa­sy­ny üp­jün ed­ýän res­mi­na­ma­la­ra da­ýan­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2008-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da ka­bul edi­len Baş As­samb­le­ýa­da AHHG-a syn­çy­nyň de­re­je­si­ni ber­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk et­mek ha­kyn­da 2010-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da gol çe­ki­len Äht­na­ma, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ka­bul edi­len hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Ka­rar­na­ma bar. Şun­da türk­men ta­ra­py Aral gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len mak­sat­na­ma­sy­na Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri hök­mün­de ga­ra­ýar. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len fo­rum­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da dur­nuk­ly ösüş bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns ber­len­di­gi­ni bel­le­me­li. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da Aral me­se­le­si­ni çöz­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ge­ri­mi­ni aýan ed­ýän bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­tir­di. Mu­nuň özi Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni dö­ret­mek, Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, aras­sa agyz su­wu­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry, de­ňiz su­wu­ny süý­je­di­ji gur­na­ma­la­ry bi­na et­mek we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, ila­tyň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy­na, dur­muş-yk­dy­sa­dy çöz­güt­le­riň we beý­le­ki me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk iş­ler­dir. AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ýe­ne bir wa­jyp baş­lan­gy­jy ba­ra­da aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz 2015-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Ko­re­ýa­nyň Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nü­şi bo­ýun­ça “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny” ulan­ma­gy tek­lip et­di. Hä­zir­ki dö­wür­de bu tek­lip aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi äh­li döw­let­le­riň hem-de adam­la­ryň is­leg­le­ri­ne we bäh­bit­le­ri­ne esas­lan­ýan hal­ka­ra ka­da­la­r­da anyk kes­git­le­nil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu bol­sa umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­re ky­bap ge­ler. Onuň ma­ny­sy su­w tu­tuş adam­za­dyň, dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň umu­my bäh­bi­di di­ýen dü­şün­je­de jem­len­ýär. Su­wa jo­gap­kär­li çe­me­leş­mek adam­la­ryň baş hu­ku­gy bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan türk­men ta­ra­py yzy­gi­der­li esas­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny öňe sür­ýär we äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­riň bi­le­lik­dä­ki işi­ne da­ýan­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ug­ra eýer­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan öz köpýyl­lyk we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy­na bil bag­la­ýar. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da BMG-niň Baş Sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li­ne, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Ger­ma­na söz be­ril­di. Ol BMG-niň we Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň se­bit mer­ke­zi­niň Aral me­se­le­si bo­ýun­ça döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk üçin bin­ýat bo­lan AHHG-nyň mö­hüm or­nu­ny kes­git­län Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Awa­za­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ni oň­la­ýan­dy­gy­ny we oňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Gaz­na baş­lyk­lyk ed­ýän türk­men ta­ra­py­nyň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de sam­mit üs­tün­lik­li geç­di. Dür­li gu­ra­ma­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň, şol san­da BMG-niň çe­kil­me­gi bi­len, oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da äh­li de­re­je­de ze­rur taý­ýar­lyk iş­le­ri we de­giş­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ha­nym N.Ger­man ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şah­sy ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de du­şu­şyk ýo­ka­ry de­re­je­de bol­dy. AHHG-nyň esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ta­rap­la­ryň umu­my sy­ýa­sy er­ki­ni hem-de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­mä­ge bo­lan taý­ýar­ly­gy­ny we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň suw-eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ba­bat­da AHHG-nyň ozal­dan gel­ýän we yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­dy­gy bel­le­nil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi türk­men ta­ra­py­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak me­se­le­sin­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­da tut­ýan hu­kuk gu­ra­ly­nyň esa­syn­da se­bit­le­ýin gat­na­şyk­la­ra ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­ler ha­kyn­da­ky anyk tek­lip­le­ri­ni gol­da­ýar we “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy” baş­lan­gy­jy­ny iler­let­mä­ge iş­jeň go­şul­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär. Şeý­le hem türk­men Li­de­ri­niň Aral me­se­le­si­ni Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň öz­baş­dak ug­ry hök­mün­de kes­git­le­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy. Mu­nuň özi gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­ler bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky uzak­ möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Se­bit mer­ke­zi­niň AHHG bi­len yzy­gi­der­li gat­na­şyk­la­ry do­wam et­mä­ge we hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan ugur­la­ry­nyň çäk­le­rin­de oňa mun­dan beý­läk-de gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, sam­mi­tiň ne­ti­je­le­ri­niň we ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ut­ga­şyk­ly işiň umu­my bäh­bit üçin se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMGÖM-niň He­mi­şe­lik we­ki­li ha­nym Ý.Pa­no­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ni AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy. Şeý­le hem ol bu du­şu­şy­gyň türk­men ta­ra­py­nyň gaz­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň me­ýil­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­len­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de we dost­luk, yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen du­şu­şyk Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da mö­hüm yla­la­şyk­la­ry ga­zan­ma­gyň ke­pi­li bo­lup hyz­mat et­di. Mu­nuň özi Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ha­nym Ý.Pa­no­wa sam­mi­tiň öz wag­tyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Aral deň­zi­niň gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny we onuň äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da Aral me­se­le­si­ni çöz­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni hem-de bu ugur­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin kö­pu­gur­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMGÖM-niň He­mi­şe­lik we­ki­li sam­mi­tiň Aral deň­zi­niň çä­gin­dä­ki ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny ka­bul et­me­gi ha­kyn­da­ky çöz­gü­di­ni oň­la­dy. Mu­nuň özi se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň we hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni Ara­lyň gur­şa­wyn­da suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­lar bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­dir­mek­de äh­mi­ýet­li­dir. Ýe­le­na Pa­no­wa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da Aral me­se­le­si­niň çäk­le­rin­de hem-de umu­man, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de äh­lu­mu­my Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dan söz­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, BMG-niň agent­lik­le­ri­niň, has ta­ky­gy, BMGÖM-niň AHHG, se­bi­tiň döw­let­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r we äh­lu­mu­my ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek me­se­le­le­ri hem-de Aral me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny ha­nym N.Drozd, öz ge­ze­gin­de, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da çy­kyş et­mek müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­di­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-nyň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy­nyň ýur­duň se­bit­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin wa­jyp bin­ýa­dy dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýa­daw­syz ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­nil­di. Na­tal­ýa Droz­dyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň bu ul­gam­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na mö­hüm üns ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re, suw tyg­şyt­laý­jy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we de­giş­li mak­sat­na­ma­la­ra esas­lan­ýan iri suw ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de gaz­na­nyň işi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan­dy­gy we Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ge­çen hep­de­de ge­çi­ri­len AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti bu ugur­da­ky se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, şol san­da ÝHHG bi­len se­bit­le­ýin çäk­ler­den çy­kan Aral me­se­le­si­ni üs­tün­lik­li ýe­ňip geç­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek wa­jyp­dyr we ze­rur­dyr. Ha­nym N.Droz­dyň bel­leý­şi ýa­ly, AHHG-nyň işi­niň ut­ga­şyk­ly we stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­niň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­me­li­dir. ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi Aral deň­zi­niň gur­şa­wyn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga we ony dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gol­daw ber­mä­ge, hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we onuň çäk­le­rin­den da­şyn­da eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne Aral me­se­le­si­niň çöz­gü­di bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyr. Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň 24-nji aw­gust­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti hem-de onuň jem­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň ta­rap­la­ryň Aral me­se­le­si­ni çöz­mek­de deň­hu­kuk­ly we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de mak­sat­la­ryň we bäh­bit­le­riň umu­my­ly­gy­na bo­lan ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi äş­gär eden­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen sam­mit Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky uzak­ möh­let­le­ýin gel­je­gi na­zar­la­ýan we anyk ne­ti­je­le­ri ugur edin­ýän gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­ka öw­rül­di.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow