Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 27.08.2018
1317

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ebrahim Ýusuf Al Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutanlygyna bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmek ýaly asylly işinde uly üstünlik arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamany we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy hem-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Diplomatyň belleýşi ýaly, Bahreýn Patyşalygynda milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýsatyna we durnukly ösüş esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine, häzirki zamanyň ulag, energetika we ekologiýa ýaly ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär hem-de hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň möhüm ugurlary, halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygynyň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de iki ýurduň düzümleýin we giň eksport mümkinçilikleri barada aýdyldy. Parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilýän türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny nazara alyp, kanunçykaryjylyk babatda toplanan tejribe alyşmak meseleleri duşuşygyň esasy mowzugyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Ebrahim Ýusuf Al Abdulla işjeň gatnaşyklaryň we iki ýurduň hem-de onuň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. *** Şu gün Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde özara gyzyklanma bildirilýän döwletara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow