Baş sahypa
\
Sport
\
Medallar ugrunda
Sport
Medallar ugrunda
Çap edildi 26.08.2018
2320

Häzirki wagtda dowam edýän tomusky Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmen türgenleriniň tutanýerliligine garamazdan Kemal Meredowyň (56 kilograma çenli) “ne-waza” görnüşinde mynasyp bolan bürünç medalyndan başga, olary ýeňşe örän ýakynlaşsalar-da, ýeňşi elden giderdiler. 85 kilograma çenli agram derejede Mergen Joraýew 1/16 finalda gazagystanly türgenden 4:0 hasabynda üstün çykdy. Ikinji tutluşyk jiu-jitsu boýunça türkmenistanly ussadyň has artykmaçlygy bilen geçdi: bäsleşigiň ahyrynda utuklaryň tapawudy 7-ä ýetdi. Tailandly türgen bilen bäsleşik möhletinden öň tamamlandy. Dünýä çempionatlarynda ençeme gezek baýrakly orunlara eýe bolan hem-de Aziýa — 2016-nyň çempiony iordaniýaly Haýdar Al Raşid bilen ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşik örän çylşyrymly boldy, ol biziň türgenimiziň ýeňilmegi bilen tamamlandy. (4:0) Üçünji orun ugrunda M.Joraýew palestinaly türgeni möhletinden öň ýeňmegi başardy. Bürünç medaly ugrunda aýgytlaýjy tutluşyk deňme-deň tamamlandy we şunda eminler çözgüdi kabul etdiler. Olaryň biri biziň türgenimize, ikisi bolsa onuň bäsdeşine ses berdiler. Wioletta Krowýakowa (62 kilograma çenli) ilkinji tutluşykda gazagystanly türgeni 3:0 hasabynda ýeňdi. Biziň türgenimiz iordaniýaly bäsdeşiniň ýaryşlardan çykandygy sebäpli 1/8 finala göreşsiz çykdy. Biziň ildeşimiz ýarym finala çykmazdan ozal Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili bilen duşuşyp, 7:0 hasabynda ynamly üstün çykdy. Ýarym finalda türkmen türgeni Singapurdan gelen bäsdeşinden asgyn çykdy. Üçünji orun ugrundaky göreş dünýä çempionatlarynyň baýrakly orunlarynyň eýesi iordaniýaly türgen bilen deň ýagdaýda geçdi. Şeýlelikde, ýeňiji işjeňlik üçin utuklar hasabynda kesgitlenildi, ol bolsa biziň türgenimiziň peýdasyna bolmady. Miraly Agaýew (62 kilograma çenli) 1/16 we 1/8 finala ýeňillik bilen çykdy. Emma çärýek finalda BAE-den gelen bäsdeşinden 5:0 hasabynda ýeňildi. Höweslendiriji bäsleşikde türgenimiz işjeňlik üçin utuklaryň hasabyna garşydaşyny ýeňdi. Bürünçe medal ugrunda tutluşykda M.Agaýew iordaniýaly bäsdeşiniň birnäçe tilsimlerini gaýtaryp bilmän, asgyn geldi we bäşinji orny eýeledi. Jiu-jitsunyň “ne-waza” görnüşinde mynasyp bolan bir bürünç medaly we dört bäşinji orunlar Türkmen türgenleriniň tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji çykyşynyň jemi boldy. Ýygyndy toparymyzyň uly tälimçisi Döwletmyrat Kasymow şeýle diýýär: - Biziň bäş türgenimiziň dördüsine ýeňiş gazanmaga azajyk şowlulygyň ýetmändigi gynandyrýar. Emma munuň özi olaryň mümkinçilikleriniň köpdügini görkezýär. Türkmenistanda “ne-waza” görnüşi boýunça toparlaryň döredilmegi bilen Aziýa oýunlarynda gazanylan medala çenli döwür bary-ýogy bir ýarym ýyldyr. Türkmen türgenleri örän gysga döwrüň içinde halkara derejeli ussatlar bilen bäsleşmegi başardylar. Jiu-jitsunyň “ne-waza” görnüşiniň ýurdumyzda ýaýran başa-baş tutluşyklaryň esasylarynyň biri hökmünde ösmek mümkinçiligi uludyr, sportuň bu görnüşiniň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi hem mümkindir. Boksçylaryň ýaryşlary dowam edýär. Hursand Imankulyýew üstünlikli çykyş edip, KHDR-den gelen bäsdeşini ilkinji tapgyrda nokdauna iberip, ynamly ýeňiş gazandy. Agyr atletika boýunça 75 kilograma çenli agram derejede bäsleşikler boldy. Gülnabat Kadyrowa jemi 211 kilogramy göterip, altynjy orny eýeledi. Basketbolçylarymyz hem-de ýüzüjilerimiz ýaryşlary medalsyz tamamladylar. Ertir biziň türgenlerimiz boks we agyr atletika boýunça güýç synanyşarlar.

Soňky habarlar
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.06
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
23.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: ikinji gün
23.06
YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan Kararnama kabul edildi
23.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar
22.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.06
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
22.06
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
top-arrow