Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň çuň däplerine we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda 2014-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky Şertnamany, şeýle hem iki döwletiň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky we 2015-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky Bilelikdäki Beýannamalaryny goldanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze häsiýet bermäge we olary syýasy, ykdysady, söwda, ylym, tehnologiýa, medeniýet, bilim we beýleki ugurlarda işjeň ösdürmäge çalşyp, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlugy we ynanyşmagy berkitmek esasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine bolan ynamdan ugur alyp, şu aşakdakylary beýan edýärler: Taraplar strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, dostlugy we ynanyşmagy berkitmegiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, sebit we halkara giňişliginde hem has ýokary we hil taýdan täze derejä çykarýandygyny bellediler. Ýurtlaryň arasyndaky döwlet özygtyýarlylygyny, deňligi we çäkleriniň bitewüligini hormatlamak, içerki işlerine gatyşmazlyk, bähbitleri we özara peýdany birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklar şu ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar: 1) Syýasy ulgamda: Taraplar yzygiderli esasda döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklary goldamagy we ähli derejelerde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Taraplar saparlary alyşmak, bilelikdäki çäreleri geçirmek we parlamentara dostluk toparlarynyň özara hyzmatdaşlyk etmegi arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler. Taraplar iki ýurduň hökümetleriniň arasynda ysnyşykly özara hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hökümetleriň derejesinde duşuşyklary yzygiderli geçirmek barada ylalaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň barşyna seretmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegini goldaýarlar. Taraplaryň daşary syýasat edaralary özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleri boýunça syýasy geňeşmeleri geçirmegiň tejribesini giňelderler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, özara bähbitlere degişli meselelere dürli halkara giňişliginde seredilende, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmen tarapy gyrgyz tarapynyň 2027 — 2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň toparyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylda boljak 80-nji mejlisinde geçiriljek saýlawlarda hemişelik däl agzalygy derejesine isleg bildirendigini üns merkezine aldy. 2) Howpsuzlyk ulgamynda: Taraplar garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda strategik hyzmatdaşlyk, dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge we berkitmäge özleriniň berk eýerýändiklerini tassyklaýarlar. Taraplar terrorçylyga, ekstremizme we olaryň maliýeleşdirilmegine, separatizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna (açyklaşdyrylmagyna), şeýle hem ählumumy we sebit howpsuzlygynyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler. Taraplar hukuk goraýjy edaralaryň, gümrük, salgyt, penitensiar gulluklarynyň we migrasiýa babatda düzümleriň arasynda tejribe alşylmagyna we özara hyzmatdaşlyk edilmegine ýardam edýärler. Taraplar adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar şu saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini goldadylar. 3) Söwda-ykdysady ulgamda: Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegi we netijeli işleri geçirmegi maksat edinýärler. Taraplar ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini we sanawyny iki esse artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar şu saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini goldadylar. Taraplar miwe-gök önümlerini, dokma önümlerini we önümleriň beýleki görnüşlerini öndürýän bilelikdäki kärhanalary döretmek maksady bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Taraplar tejribe alyşmak maksady bilen, iki ýurtda sergileri geçirmek we olara gatnaşmak hem-de kärhanalara tanyşdyryş saparlaryny guramak üçin tagallalary ederler. Taraplar Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Taraplar ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika pudagynda kooperasiýany güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Türkmenistandan nebit önümlerini Gyrgyz Respublikasyna ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar telekeçilik, maýa goýum we beýleki hojalyk işleri üçin, şeýle hem kärhanalaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler. Taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara saparlaryny guraýarlar, olaryň halkara pudaklaýyn sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmaklaryna, bilelikdäki işewürler maslahatlaryny geçirmeklerine ýardam edýärler. Taraplar agrosenagat toplumynyň, oba hojalygynyň, ýeňil senagatyň, ulag we aragatnaşyk kärhanalarynyň önümçilik taýdan ýöriteleşmesiniň we kooperasiýasynyň ösdürilmegine, şeýle hem maýa goýumlarynyň özara çekilmegine hem-de bilelikdäki işewürler geňeşleriniň döredilmegine aýratyn üns bererler. Taraplar syýahatçylyk alyşmalarynyň guralmagyna we iki ýurduň syýahatçylyk guramalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyga ýardam berýärler. 4) Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk: Taraplar ulag gatnaşyklary ulgamynda, üstaşyr geçirmegiň erkinligini üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem özleri gatnaşyjylary bolup durýan halkara şertnamalarynyň düzgünlerini nazara almak bilen, iki ýurduň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerinde özara goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan edýärler. 5) Suw-energetika ulgamynda: Taraplar sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen, Merkezi Aziýada suw-energetika serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmak boýunça ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhümdigini ykrar edýärler. Şu maksat bilen, Taraplar bu ulgamda özara bähbitli, uzak möhletli durnukly usullary tiz wagtyň içinde işläp taýýarlamak üçin yzygiderli geňeşmeleri geçirerler. Taraplar energetika babatda, şol sanda suw-energetika pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýärler. 6) Medeni-ynsanperwer ulgamda: Taraplar bilim, ylym we tehnika babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, bilim we ylmy guramalaryň arasynda göni aragatnaşyklary ösdürmegi höweslendirmegi, şol sanda bilelikdäki bilim, ylmy we ylmy-tehniki maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýärler. Taraplar iki ýurduň medeni mirasyny aýawly saklamak maksady bilen, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryny geçirmegiň ähmiýetlidigini bellediler. Taraplar ylmy we pedagogik işgärleri taýýarlamak, ylmy barlaglary, hünärmenleri we talyplary, bilim, hünär derejeleri we alymlyk derejeleri hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň meseleleri boýunça maglumatlary alyşmak babatda özara hyzmatdaşlyk edýärler we amatly şertleri döredýärler. Taraplar iki ýurduň meşhur medeniýet, sungat we ylym işgärleriniň döredijiligine we işlerine bagyşlanan çäreleri yzygiderli geçirmegi maksat edinýärler. Taraplar 2018-nji ýylda Ç.T.Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Gyrgyzystanda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat günlerini hem-de Türkmenistanda Gyrgyzystanyň Medeniýet we sungat günlerini geçirerler, medeni we ynsanperwer alyşmalaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge goldaw bererler. Taraplar hökümet edaralarynyň ugry boýunça medeniýet babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edinýärler. Taraplar, netijelilik, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemlerinden kanagatlanma bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň Türkmenistana döwlet saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge uly itergi berjekdigini belleýärler. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna gyrgyz wekiliýetine bildiren myhmansöýerligi, mähirli we dostlukly garşylandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda jogap sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda her biri türkmen, gyrgyz we rus dillerinde iki asyl nusgada amal edildi, özi-de ähli nusgalaryň birmeňzeş güýji bardyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý ŽEENBEKOW.