Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy
Çap edildi 24.08.2018
1653

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şuş­dy. Iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry mä­hir­li sa­lam­la­şyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň köp ýurt­lar­da giň­den bel­le­nil­ýän Gur­ban baý­ra­my­nyň gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler hem-de bi­rek-bi­re­gi bu nu­ra­na baý­ram­çy­lyk bi­len gut­la­dy­lar, do­gan­lyk türk­men we öz­bek halk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den çyk­ýan pa­ra­hat­çy­lyk we ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Öz­be­gis­ta­nyň Li­de­ri hä­zir­ki du­şu­şy­gyň ýur­du­myz­da gu­ra­lan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, se­bi­tiň äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň we ne­ti­je­li or­nu­ny bel­le­di. Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­gyň sy­ýa­sa­ty ba­bat­da suw me­se­le­le­ri, su­wy aýaw­ly sak­la­ma­gyň we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri döw­le­ta­ra eko­lo­gi­ýa gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz AHHG-nyň meý­dan­ça­syn­da, şeý­le hem BMG we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len hyz­mat­daş­lyk­da goň­şy ýurt­la­ryň has ne­ti­je­li bir­le­şen ta­gal­la­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dost­luk­ly döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň, hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­daky gat­na­şyk­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Bu ul­gam­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, gö­ni işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler bar. Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ser­het­ýa­ka et­rap­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar tä­ze iter­gä eýe bol­dy. Ulag ul­ga­my döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­gi «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» ugur­la­ry bo­ýun­ça köp şa­ha­ly üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de, hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mek­de mö­hüm şert bo­lup dur­ýar, şun­da Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bir­nä­çe anyk baş­lan­gyç­la­ry bi­len çy­kyş et­di. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew yn­san­per­wer ul­gam­da dä­be öw­rü­len gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Ür­genç şä­he­rin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan Türk­men-öz­bek dost­luk öýi hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de uly orun eýe­le­ýär. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra mah­sus bo­lan öza­ra dü­şü­niş­me­giň we yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň gel­jek­de hem türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow