Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna
Syýasy habarlar
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna
Çap edildi 22.08.2018
1474

23-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry baş­lan­ýar. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hä­zir­ki du­şu­şyk dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, kö­pa­syr­lyk me­de­ni we ru­hy umu­my­lyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýurt­la­ry­my­zyň hem-de halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge tä­ze dep­gin ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­ne hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­niň giň to­pa­ry gi­ri­zi­ler. Iki ýur­duň Li­der­le­ri ta­gal­la­lar bir­leş­di­ri­len­de, gel­je­gi has uly bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň düýp­li ugur­la­ry­ny hem-de se­bit we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­ri aý­dyň­laş­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar. 17-nji aw­gust­da bo­lan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow se­bit bo­ýun­ça goň­şy ýurt­lar, şol san­da Gyr­gy­zys­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň we gi­ňelt­me­giň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, türk­men hal­ky­ny goň­şy ýur­duň hal­ky bi­len öň­den gel­ýän dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň hem-de ta­ry­hy taý­dan ke­ma­la ge­len me­de­ni we ru­hy däp­le­riň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän öza­ra peý­da­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar düýp­li iş­jeň­leş­di. Türk­me­nis­tan we Gyr­gy­zys­tan öza­ra söw­da­nyň, ma­ýa go­ýu­my­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Gyr­gy­zys­tan Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da­ky, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn hem-de Uzak Gün­do­ga­ryň ulag ul­ga­my­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry iş­jeň gol­da­ýar. Dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry kö­pu­gur­la­ýyn ös­dür­mek­de 2014-nji ýyl­da Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça dö­re­di­len hö­kü­me­ta­ra türk­men-gyr­gyz to­pa­ry­na uly orun be­ril­ýär. Bu to­pa­ryň üçün­ji mej­li­si şu ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da Aş­ga­bat­da esa­sy pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­riň hem-de eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ra ne­ti­je­li hä­si­ýet mah­sus­dyr. Bu gat­na­şyk­lar hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne-de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ys­ny­şyk­ly me­de­ni we yl­my alyş­ma­lar ýo­la go­ýul­dy, türk­men hem-de gyr­gyz we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar gu­ral­ýar. Iki ýurt­da bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. 2015-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Gyr­gy­zys­tan­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň gün­le­ri, 2016-njy ýy­lyň iýu­nyn­da bol­sa Türk­me­nis­tan­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Iki ýur­duň öza­ra gat­na­şyk­la­ry sport ul­ga­myn­da hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri Ys­syk­kö­lüň ke­na­ryn­da ge­çi­ril­ýän Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na iş­jeň gat­naş­dy­lar, gyr­gyz tür­gen­le­ri bol­sa Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da çy­kyş et­di­ler. Sy­ýa­hat­çy­lyk we sag­ly­gy di­kel­diş ul­ga­my hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly pu­dak­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hä­zir­ki du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men-gyr­gyz hyz­mat­daş­ly­gy­ny bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow