Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Gurban baýramy bilen gutladylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Gurban baýramy bilen gutladylar
Çap edildi 21.08.2018
1473

“Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Goý, gadymdan bäri musulman ymmatyna parahatçylyk, jebislik, hoşniýetlilik hem-de birek-birege kömek bermek ýaly müdimilik adamzat gymmatlyklaryny ündeýän bu baýramçylyk raýdaşlykdan hem-de bereketden doly bolsun! Goý, mukaddes baýramyň sahawaty biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň we jebisliginiň pugtalandyrylmagyna ýardam etsin! Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uly üstünlikler hem-de maşgala abadançylygyny,Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin”—diýlip Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gutlagynda aýdylýar. “Biziň hemmämiz üçin nurana we sahawatly baýram bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostluk gatnaşyklarynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, diňe bir biziň ýurtlarymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň parahatçylygyna, abadançylygyna we rowaçlygyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Şu nurana günlerde Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk dileg edýärin”-- diýip Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz gutlagynda ýazýar. “Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu baýram ähli musulmanlaryň ruhy dünýäsini tämizläp, päk ahlaklylyga, sabyr-takatlylyga, rehim-şepagatlylyga we agzybirlige çagyrýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size hoşniýetlilik, abadançylyk, sahawatlylyk, bagt, berk jan saglyk we uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin”-- diýlip Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň gutlagynda aýdylýar. “Öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi we türkmenistanlylaryň ählisini mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu ajaýyp baýramçylykda Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin”--diýip Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gutlag hatynda ýazýar. “Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň gutlaglarymy hem-de hakyky dostluk we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin”--diýip Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al-Nahaýanyň gutlagynda aýdylýar. “Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi uly şatlyk duýgusy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Beýik Biribardan halklarymyza abadançylyk, durnuklylyk we parahatçylyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin”--diýip Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas gutlag hatynda ýazýar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow