Baş sahypa
\
Sport
\
Aziada—2018-iň ilkinji medaly
Sport
Aziada—2018-iň ilkinji medaly
Çap edildi 21.08.2018
3257

Şu gün, Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynyň üçünji güni ajaýyp waka - agyr atletikaçy Kristina Şermetowanyň 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medala eýe bolmagyna beslendi. 91 kilogramy götermek üçin üçünji synanyşykda hemmelerden agyr—93 kilogramy götermäge taýýardygyny aýdyp, K.Şirmetowa bu agramy ynamly götermegi başardy, şeýlelikde ol “itekläp” götermek görnüşinde öňdeligi eýeledi. Hidilin Diaz az tapawut bilen ikinji orunda barýardy. Türgen gyzlaryň ikisi hem silkip götermekde 110 kilogram agramy galdyrdylar. Biziň ildeşimiz ikinji synanyşygyň öň ýanynda alan şikesi bilen çykdy. Şeýle bolsa-da, ol 113 kilogramy galdyrmagy başardy. Onuň bäsdeşi iki kilogram artyk agramy göterip, öňe geçdi. Soňky synanyşykda K.Şermetowa 116 kilogramy götermegi başarmady. Fillipinler türgen hem soňky synanyşygynda agramy galdyryp bilmedi, emma bary-ýogy bir kilogram tapawut oňa ýeňiş getirdi. Munuň özi mynasyp üstünlikdir hem-de 2017-nji ýylda dünýä çempionatynda ikinji orun, kümüş medaly alan türgeniň medallarynyň üstüni ýetirdi. Ýaryşyň düýnki gününde iň gysga – 50 metr aralyga arkanlaýyn ýüzmekde Merdan Ataýew synag tapgyryny üstünlikli geçip, 26,08 sekunt netije bilen finala çykdy. Finalda ol has-da çalt ýüzüp 25,88 sekunt netije görkezdi, emma bu görkeziji bilen ol diňe sekizinji orny eýelemegi başardy. Erkin göreş boýunça pälwanlaryň bäsleşigi tamamlandy. Biziň toparymyzda iň gowy netije görkezen Batyr Borjakow bäşinji orny eýeledi, oňa bürünç medaly almak üçin bir tilsimi üstünlikli ýerine ýetirmek ýeterlikdi. Ýygyndy toparymyzyň tälimçisiniň belleýşi ýaly, türgenlerimiz örän ýaşdyr. Geljekki güýçli türgenleri synap görmek zerur boldy. Şeýle hem bu bäsleşikler olar üçin ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça sentýabr aýynda Sloweniýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek bolup durýar. Aziadanyň dördünji gününde basketbolyň 3х3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary bäsleşiklere girişer, basketbolçylarymyz Yragyň, Gazagystanyň we Owganystanyň toparlary bilen duşuşarlar, şeýle hem şol gün grek-rim we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar geçer.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow