Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi
Çap edildi 19.08.2018
1360

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz öz hatynda Kofi Annanyň görnükli syýasatçy we beýik şahsyýet bolandygyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halklaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigini belläp, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk bildirip medet beriji sözlerini beýan etdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow