Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk
Çap edildi 15.08.2018
1851

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy, bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz bi­len Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar. Bu sa­par hem-de onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-rus du­şu­şy­gy iki ýur­duň däp bo­lan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň hem-de mun­dan beý­läk-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, Türk­me­nis­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Dur­nuk­ly ösü­şiň äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li bin­ýat­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­ýar­lar. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len So­çi­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de mil­li Li­de­ri­mi­zi res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­ra deň­ziň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän bu şä­her Rus­si­ýa­nyň iri yk­dy­sa­dy, me­de­ni we şy­pa­ha­na mer­kez­le­ri­niň bi­ri hem-de onuň wa­jyp ulag ge­çel­ge­si bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ho­wa men­zi­lin­den Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li gar­şy­lap, türk­men kär­de­şi­ne So­çä ge­lip gör­mek üçin ibe­ri­len ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi, türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ösü­şi, şol san­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak bo­ýun­ça res­mi däl ýag­daý­da du­şu­şyk ge­çir­ýän­di­gi üçin sag­bol­sun aýt­dy. Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ne mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan stra­te­gik hyz­mat­daş­lar bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň kes­git­le­nen me­ýil­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­niň rus­si­ýa­ly kär­de­şi­ni fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çen­di­gi we onuň ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ma­gy bi­len gut­la­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­niň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ägirt uly iş­le­ri bi­tir­ýän­di­gi­ni bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ne iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we oňa jo­gap­kär­li döw­let işin­de uly üs­tün­lik­ler, Rus­si­ýa­nyň hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di. Soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri res­mi däl ýag­daý­da ozal ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ry we gel­jek üçin me­ýil­na­ma­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de onuň mö­hüm ugur­la­ryn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ägirt uly ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň uzak ­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Ge­çen ýyl Wla­di­mir Pu­ti­niň ýur­du­my­za bo­lan res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len we äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň giň top­lu­my onuň üs­tü­ni ýe­tir­di. 2017 — 2019-njy ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nen de­giş­li Hö­kü­me­ta­ra mak­sat­na­ma yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Öz­bo­luş­ly “ýol kar­ta­sy­na” öw­rü­len üç ýyl­lyk dö­wür bu ul­gam­da­ky türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň äh­li ugur­la­ry­ny, şol san­da söw­da, se­na­gat, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, hyz­mat­lar ul­ga­my we beý­le­ki pu­dak­la­ry öz içi­ne al­ýar. Mu­nuň özi amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, da­şa­ry ýurt­la­ryň, şol san­da Rus­si­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni şert­len­dir­ýär. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bir­nä­çe bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­myz­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ýar­lar. Hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry ha­sap­lan­ýan ulag pu­da­gy hä­zir­ki şert­ler­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýat­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, özü­niň geog­ra­fik we geo­sy­ýa­sy taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gin­den ugur alyp, Türk­me­nis­tan se­bit hem-de yk­lym äh­mi­ýet­li mul­ti­mo­dal ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we ola­ry yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bu ugur­da­ky wa­jyp ädi­me öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň Ha­zar deň­zin­dä­ki port dü­züm­le­ri­ni, şol san­da Türk­men­ba­şy we Ast­ra­han şä­her­le­ri­niň ara­syn­da­ky gä­mi gat­naw­la­ry­ny ne­ti­je­li ös­dür­mek gel­je­gi uly ugur ha­sap­la­nyl­ýar. Dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ýur­dy ha­sap­lan­ýan hem-de ägirt uly ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ne eýe bo­lan iki döw­let üçin hem ener­ge­ti­ka pu­da­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wla­di­mir Pu­tin döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lan yn­san­per­wer ul­ga­m­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne, ne­ti­je­li bi­lim, ylym we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Ta­rap­lar türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň de­re­je­si­ne we onuň maz­mu­ny­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Olar äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň BMG-niň hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şu­nuň ýa­ly ýa­kyn gat­na­şyk­lar iki ýur­duň halk­la­ry­nyň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne uly go­şant bo­lup dur­ýar. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wla­di­mir Pu­tin ge­çi­ri­len ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň je­mi­ni jem­läp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň we ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ga­dy­my dost­luk däp­le­ri­ne, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak hem-de mö­hüm hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýan türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry hoş­la­şan­la­ryn­da, bi­rek-bi­re­ge we iki ýur­duň halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, So­çi şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň uça­ry bu ýer­den Wa­ta­ny­my­za ta­rap ugur al­dy. Bir ýa­rym sa­gat­dan soň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ge­lip gon­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry gar­şy­la­dy­lar.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow