Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda dokma senagatynyň halkara sergisi öz işini tamamlandy
Ykdysadyýet
Aşgabatda dokma senagatynyň halkara sergisi öz işini tamamlandy
Çap edildi 08.06.2015
1393

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly Dokma senagaty işgäreleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara sergisi öz işini tamamlady. Her ýyl Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli pudaklaýyn gözden geçiriliş dünýä dokma işewürlerinde uly gyzyklanma döredýär, olary ýurdumyzda bu ulgamda döredilen giň mümkinçilikler, ygtybarly hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda bar bolan şertler özüne çekýär, munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinen Türkmenistanda ileri tutulýan ýörelgelerine gönüden-göni gabat gelýär. Dünýäniň onlarça ýurtlaryndan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýa Pespublikasyndan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy kompaniýalar türkmen dokmaçylarynyň gazananlaryna şu gezekki gözden geçirilişine gatnaşyp, dokma senagatynda özleriniň iň täze işläp taýýarlamalaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler, şeýle hem halkara ülňüleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli harytlary öndürmäge gönükdirilen, ekologiýa taýdan arassa innowasiýa önümçiligi türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Nah ýüplük we matalar, trikotaž we tikin önümleri häzirki wagtda eksporta iberilýän önümleriň esasy bölegini düzýär. Aşgabatda geçirilen sergide pudagyň kärhanalarynda çykarylan önümleriň dürli görnüşleri görkezildi, olaryň arasynda arassa ýüplükden taýýarlanan dürli önümler, pagtadan dokalan matalar, garyşyk süýümden we ýüpekden tikilen lybaslar, taýýar lybaslaryň täze nusgalary esasy orny eýeleýär. Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek ýokary hilli çig maly gaýtadan işlemäge – pagta süýüminden taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge gönükdirilendir. Şu nukdaý nazardan dokma sergisi işewürleriň duşuşyp, özara pikir we tejribe alyşmaklary üçin amatly meýdança boldy, duşuşyklaryň barşynda özara teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläkki bilelikdäki hereketiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem geljekki hyzmatdaşlar bilen täze gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyzyň belli dizaýnerleriniň we dünýä belli daşary ýurtly ýokary modanyň ussatlarynyň öz taýýarlan dürli lybaslaryny görkezmekleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli ýörelgeleri dowam etdirmek we häzirkizaman meýillerini sazlaşdyrmak arkaly taýýarlanylan lybaslaryň toplumlary, nepis el işleri sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Dünýä meşhur modelýer Wýaçslaw Zaýsewiň, russiýaly dizaýnerler T. Parfenowanyň, A.Ahmadullinanyň, türk dizaýneri Muammer Ketenjiniň, gazagystanly modelýer Kuralaý Nurkadilowanyň zehininden çykan kaşaň – hakyky sungat eserlerine kybar gelýän lybaslar toplumlarynyň görkezilmegi bu serginiň unudylmajak pursatlary boldy. Aşgabadyň Modalar öýüniň, pudagyň kärhanalarynyň dizaýnerleriniň we çeper elli işgärleriniň, paýtagtymyzyň toý salonlarynyň wekilleriniň arasynda iň häzirki zaman lybaslaryny döretmek boýunça “Çeper eller” atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi serginiň myhmanlary – amaly-haşam sungatynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy, olar Sergi köşgüniň meýdançalarynda öz önümlerini görkezdiler. Serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň ählisine dabaraly ýagdaýda diplomlar we degişli şahadatnamalar gowşuryldy. “Çeper eller” bäsleşiginiň ýeňijileri hem hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda olar Halkara sergisini üstünlikli geçirmäge döredilen mümkinçilik, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrundaky yzygiderli tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar
15.09
Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
15.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy
14.09
Halk Maslahaty: özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň ilaty üçin eşretli durmuşy üpjün etmekdir
13.09
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13.09
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow