Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 04.08.2018
1771

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britaniýadan, BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 280 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-niň işewürleri bahasy 363 müň 300 manatlyk zyýansyzlandyrylan önümleri satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 885 müň manatlykdan gowrak kondisiýasyz polipropileni we pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow