Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di
Çap edildi 25.07.2018
1645

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy”, şeý­le hem ata Wa­ta­ny­my­zy has-da ös­dür­mä­ge, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li we pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy hem-de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li beý­le­ki mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­ne geç­mek bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da DIM-niň alyp bar­ýan iş­le­ri, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li hyz­mat­daş­lar bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ oňyn ös­dür­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de da­şar­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn dö­wür üçin Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra fo­rum­la­ryň be­lent mün­be­rin­den be­ýan edi­len dün­ýä we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de bel­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wag­tyň ýag­daý­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň hem-de dip­lo­ma­tik dü­zü­miň öňün­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek bi­len bag­ly anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem we­la­ýat­lar­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem-de we­la­ýat­la­ry ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dyn­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem ha­bar be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň bir­nä­çe­si­ne ün­si çe­kip, bu ul­gam­da önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni, su­wa­rym­ly meý­dan­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýer­le­riň önüm­li­li­gi­ni we oba ho­ja­lyk ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, önüm­çi­li­ge suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak üçin anyk çä­re­le­ri gör­mek ge­rek di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Öň­de bol­jak pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry üçin jo­gap­kär­li sy­nag bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu möw­sü­me düýp­li taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her we­la­ýat­da gök we bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gyň, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän kä­ren­de­çi­le­ri we hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy yk­dy­sa­dy mak­sa­da­la­ýyk­ly­gyň hem-de ýur­du­my­zyň uzak ­möh­let­le­ýin bäh­bit­le­ri­niň nuk­daý­na­za­ryn­dan äh­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň eks­por­tyny art­dyr­mak işiň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Äh­li eda­ra­la­ryň we kär­ha­na­la­ryň ma­li­ýe işi­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re bu işiň ge­çi­ril­me­gi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow söw­da ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni çek­mek bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­ny kö­pelt­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ulag ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen ýur­du­my­zyň amat­ly geog­ra­fi­k ýag­da­ýy dün­ýä­niň köp döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň eks­por­ty­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ýa­kyn işe­wür gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Türk­men önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry­ny iler­let­mek üçin da­şar­ky ba­zar­la­ryň is­leg­le­ri­ni öw­ren­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri, se­na­gat pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny giň ge­rim­de se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li çä­re­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, şol san­da hi­mi­ýa we dok­ma pu­dak­la­ry­nyň, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri önüm­çi­li­gi­niň we beý­le­ki­le­riň ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­di. Mil­li Li­de­ri­miz gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da top­lum­la­ýyn di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy hem-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýan yk­dy­sa­dy me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, şo­la­ryň çig ma­la da­hyl­syz ösüş ýo­lu­na ge­çir­mek iş­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri­niň hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek, ýur­du­my­zyň baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri­niň esa­syn­da köp­dür­li we da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­mek mö­hüm­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz elekt­ron hem-de elekt­ro­teh­ni­ki se­na­ga­ty ös­dür­mek, içe­ri we da­şa­ry ba­zar­lar üçin ni­ýet­le­nen ha­ryt­la­ry ön­dür­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň şert­le­rin­de esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re pu­da­gyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da we de­giş­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew ulag­lar we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne hä­zir aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni, hal­ka­ra söw­da, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ara­gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de bu ul­ga­ma mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ky ýyl­lar­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ho­wa, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry­nyň döw­re­bap dü­zü­mi­ni, ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ge­çir­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty se­bi­tiň we dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran, Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň gu­rul­ma­gy hem-de ulan­ma­ga be­ril­me­gi yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant bol­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Döw­let we se­bi­ta­ra äh­mi­ýet­li üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne hem-de beý­le­ki ýurt­la­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat ed­ýär, şeý­le hem ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär di­ýip, nyg­ta­mak bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ul­gam­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň, onuň dü­züm­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, top­lu­myň äh­li pu­dak­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ryň iş­jeň peý­da­la­nyl­ma­gy, op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, bu top­lu­myň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi köpugur­ly ös­dür­mä­ge, tä­ze, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re pu­da­gyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin gel­jek­de hem ze­rur bo­lan çä­re­le­ri gör­mek tab­şy­ryl­dy. Soň­ra Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan düýp­li öz­gert­me­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ha­kyn­da ha­bar ber­di. Şeý­le hem mi­nistr gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­zü­mi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lan ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da du­ran gul­luk­la­ryň işi­niň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­nyň üs­tü­ne döw­le­ti­mi­zi, onuň kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça uly jo­gap­kär­çi­lik ýük­le­nen­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na, MHM-iň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Soň­ra iş mas­la­ha­ty­na ça­gy­ry­lan har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­ler­de iş­le­riň ýag­da­ýy, teh­ni­ka­nyň we en­jam­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler, iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň bir­kem­siz gul­luk et­me­gi hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer­ler­de düz­gün-ter­ti­bi, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny hem-de ýol-ulag he­re­ke­ti­niň saz­la­şyk­ly­ly­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek, äh­li ul­gam­lar­da ka­nun­çy­ly­gy ber­jaý et­mek hem-de şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ilat ara­syn­da dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­bat­la­ry diň­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­ler­de ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çek­di. Di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly hem-de go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň asu­da we aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýan Mil­li go­şu­ny­my­zyň go­ra­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Gel­jek­de hem äh­li har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ry döw­re­bap en­jam­lar we tä­ze teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­ger­li çä­re­le­ri gör­mek mö­hüm­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den ýur­du­my­za gel­ýän myh­man­la­ra döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da gör­kez­me ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz güm­rük gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň üs­tü­ne uly jo­gap­kär­çi­li­giň ýük­le­nen­di­gi­ni bel­läp, ýer­ler­de gö­zeg­çi­lik ge­çi­riş bö­lüm­le­riniň yg­ty­ýa­ryn­da bo­lan döw­re­bap en­jam­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zip, de­giş­li ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ugur­la­ry­ny, spor­tuň har­by-ama­ly gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­me­giň, ýaş es­ger­le­ri Wa­ta­na bo­lan çäk­siz söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, şu gün­ki mas­la­ha­tyň bar­şyn­da bel­le­ni­len gör­kez­me­le­riň de­giş­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na we umu­man, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne ýar­dam et­me­li­dir di­ýip bel­le­di. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gat­na­şan­la­ra öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow