Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na açyl­dy
Ykdysadyýet
Po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na açyl­dy
Çap edildi 21.07.2018
1626

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zy bat­ly dep­gin­ler bi­len se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan ug­ru­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Da­ba­ra hö­kü­met ag­za­la­ry, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, şeý­le hem ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry gat­naş­dy­lar. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň çä­gin­de ir er­tir­den baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy hö­küm sür­di. Äh­li ýer­de aý­dym-saz­la­ryň owa­zy be­lent­den ýaň­la­nyp, baý­dak­lar par­la­ýar, dür­li reňk­li şar­lar uçu­ryl­dy. De­ňiz­ýa­ka ül­kä­niň ar­tist­le­ri dür­li öwüş­gin­li çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ber­kit­mä­ge ber­ýän uly ün­si üçin çuň­ňur ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler. Ýyg­na­nan­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýö­red­ýän iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň için­de hem-de da­şa­ry döw­let­ler­de is­leg bil­di­ril­ýän dür­li ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­syn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­ny teh­ni­ki hem-de teh­no­lo­gik taý­dan en­jam­laş­dyr­ma­gyň we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çö­zül­ýär. Bu ul­gam­da göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň eks­port kuw­wa­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga we pug­ta­lan­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň köp gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň we ro­waç­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat eder. Çä­re­de çy­kyş eden In­do­ne­zi­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “P.T.IS­TA­NA Ka­rang La­ut” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne bil­di­ren yna­my üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. TNGIZT-de gur­lan po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň tas­la­ma­sy şu kom­pa­ni­ýa bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­dy. Je­nap Lo­uz Wi­zioz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy ösüş­de bat­ly dep­gin­le­ri ga­zan­ýan ýur­du­myz bi­len uzak­möh­let­le­ýin öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, In­do­ne­zi­ýa­nyň we dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gy­zyk­lan­ma­sy köp ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan “Açyk ga­py­lar” hem-de iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry we ma­ýa­dar­la­ry bi­len giň hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz­da ola­ryň iş­le­me­gi üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­di. Ozal bel­le­ni­li­şi ýa­ly, se­na­gat­da, gur­lu­şyk­da, ulag­da, oba ho­ja­ly­gyn­da hem-de dur­muş­da ula­nyl­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek­de giň­den peý­da­la­nyl­ýan önüm­le­riň ýüz­ler­çe gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň esa­sy bö­le­gi bo­lan po­li­mer­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça iri önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len top­lu­my­nyň gu­rul­ma­gy ýur­du­my­zyň ne­bit we gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de il­kin­ji ädim bol­dy. Mil­li­se­kund ka­ta­li­ti­ki kre­king (MSCC) des­ga­syn­dan ge­lip go­wuş­ýan su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz onuň üçin çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gra­nu­lir­le­nen pro­pi­len ke­nar­ýa­ka ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan çy­ka­ryl­ýan önüm­le­riň sa­na­wyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Bu önü­mi Rus­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan, alys­da­ky we go­laý­da­ky beý­le­ki ýurt­lar sa­tyn al­ýar. Eks­port ugur­ly ha­ry­dyň esa­sy bö­le­gi sarp edi­ji­le­re de­ňiz ula­gy ar­ka­ly ug­ra­dyl­ýar. Şu mak­sat­lar bi­len Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­mak we ug­rat­mak üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­mi­nal gu­rul­dy. Aý­ra­tyn hem bü­tin dün­ýä­de po­li­mer önüm­le­ri­ne is­leg­le­riň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň öňün­de hil taý­dan tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Şu ýyl Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de se­bit­de iri po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­ny ulan­ma­ga ber­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­ny gur­mak ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi­ni şert­len­dir­di. Bu is­len­dik ul­gam­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan se­riş­de­le­riň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär. Onuň sarp edi­li­şi yzy­gi­der­li art­ýar, ula­nyl­ýan çä­gi hem gi­ňel­ýär. Des­ga­da or­naş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ki ul­ga­myň ýyl­lyk kuw­wa­ty biak­sial-ugur­ly po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­niň (BOPP) 21 müň ton­na­sy­na ba­ra­bar­dyr. Köp san­ly sin­te­ti­ki we te­bi­gy gap­laý­jy se­riş­de­le­riň ara­syn­da BOPP ör­tü­gi­niň hä­zir­ki wagt­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Mu­nuň özi tö­tän­den däl­dir, çün­ki özü­niň bäs­deş­le­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ol köp ar­tyk­maç­lyk­la­ra eýe­dir. Onuň ag­ra­my we dy­kyz­ly­gy örän pes bo­lup, has berk se­riş­de ha­sap­la­nyl­ýar. Önü­miň ba­ha­sy gym­mat däl­dir we dür­li mak­sat­lar üçin ula­nyl­ýan gör­nüş­le­ri köp­dür. Ol ýo­ka­ry we pes tem­pe­ra­tu­ra­la­ra dur­nuk­ly­dyr. Po­lip­ro­pi­len azyk önüm­le­ri­ni gap­la­mak üçin has go­wy önüm­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ol ýag­ty­ly­ga, ýo­ka­ry çyg­ly­ly­gyň we kis­lo­ro­dyň tä­si­ri­ne dur­nuk­ly­dyr. BOPP ör­tü­gi özü­niň gör­nü­şi­ne la­ýyk­lyk­da dür­li reňk­de bol­ýar, ol gaý­ta­dan iş­läp be­jer­mek­de amat­ly­dyr, hu­su­san-da, keb­şir­le­mek, kes­mek, çap et­mek ýa-da me­tal ör­tük­le­ri­ni ört­mek üçin oňaý­ly­dyr. Sta­ti­ki elekt­ri­giň top­lan­ma­syn­dan, şöh­le­den go­ra­mak ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ber­ýän tä­ze gat­la­ry goş­mak müm­kin­çi­li­gi bar. Tä­ze kär­ha­na­da çig mal hök­mün­de Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ula­nyl­ýan TPP 382 BF ky­sym­ly po­lip­ro­pi­len ula­nyl­ýar. Ol aja­ýyp die­lekt­ri­ki aý­ra­tyn­ly­ga eýe­dir we örän berk­dir, gaý­ta­dan iş­le­mek­de örän dur­nuk­ly­dyr. Özü­niň gör­ke­zi­ji­le­ri hem-de ula­nyş hä­si­ýet­le­ri bo­ýun­ça bu po­li­mer hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne, şol san­da azyk önüm­le­ri hem-de der­man se­riş­de­le­ri üçin bel­le­nen ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Üç gat­ly BOPP ör­tü­gi taý­ýar­la­ma­gyň teh­no­lo­gi­ki işi çig ma­ly – po­lip­ro­pi­le­ni we pro­pi­le­niň so­po­li­mer­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň aý­ra­tyn bö­le­gin­de gur­na­lan ýö­ri­te gap­la­ra ug­rat­mak­dan baş­lan­ýar, soň­ra olar ekst­ru­de­re gel­ýär, on­da 240 gra­dus tem­pe­ra­tu­ra­da 36 — 38 kg/m2 ba­syş as­tyn­da ere­dil­ýär. Gyz­gyn er­gin aý­lan­ýan ba­ra­ba­nyň üs­ti bi­len deň paý­la­nyl­ýar. Ör­tü­giň üs­ti we aşa­ky gat­lak­la­ry so­po­li­mer esa­syn­da al­nan go­şun­dy­la­ryň ga­ryn­dy­syn­dan, or­ta­ky gat­lak bol­sa po­lip­ro­pi­len­den yba­rat­dyr. Il­ki­baş­da ol ga­lyň bol­ýar, soň­ra bol­sa süýn­di­ri­ji en­jam bel­li bir gyz­gyn­ly­gyň hem-de de­giş­li ba­syş güý­ji bi­len ör­tük dik­li­gi­ne ge­rek­li bel­le­nen öl­çeg­le­re çen­li süýn­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, 7 müň mil­li­metr in­li­lik­den gow­rak we 10-80 mik­ron ara­ly­gyn­da­ky ga­lyň­lyk­ly ör­tük ýö­ri­te sa­ra­ýan ab­zal­da uzyn ýu­mak­la­ra sa­ral­ýar. Ön­dü­ri­len uly we uzyn ýu­mak­la­ra sa­ra­lan ör­tük ýö­ri­te tek­je­ler­de 4-6 sa­ga­dyň do­wa­myn­da tap­lan­ýar we soň­ra ke­si­lip, gap­la­nyp taý­ýar ha­ryt gör­nü­şi­ne eýe bol­ýar. Ga­lyň­ly­gy­na bag­ly­lyk­da, BOPP ör­tü­gi­ni gap­laý­jy se­riş­de hök­mün­de azyk, dok­ma, der­man, parf­ýu­mer, kos­me­ti­ka se­na­ga­tyn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da ula­nyp bol­ýar. Ol şe­ke­ri, doň­dur­ma­ny, ça­ýy, mi­ne­ral suw­la­ry, çö­rek we unaş hem-de kon­di­ter önüm­le­ri­ni, gül­le­ri, egin-eşik­le­ri, sow­gat­lyk önüm­le­ri gap­la­mak üçin has amat­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, BOPP ör­tü­gi teh­ni­ki mak­sat­lar­da ula­nyl­ýar. Şeý­le­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça türk­men ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ry­nyň ön­dü­rip baş­lan tä­ze önü­mi ýur­du­my­zyň için­de hem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Tä­ze kär­ha­na­da in­že­ner-teh­ni­ki iş­gär­le­riň, esa­sy we hyz­mat ed­ýän iş­gär­le­riň 89-sy iş­lär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ula­nyş sy­nag­la­ry döw­rün­de ör­tük­le­riň üç gör­nü­şi­niň — ýö­ne­keý we üç gat­ly, ga­lyň­ly­gy 10, 20 we 30 mik­ron bo­lan ör­tük­le­riň ön­dü­ri­li­şi öz­leş­di­ril­di. Bu önüm­le­riň eý­ýäm 40 ton­na go­la­ýy Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ar­ka­ly ýer­le­nil­di. Ine, şu gün hem po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň kär­ha­na­la­ry­na ug­ra­dyl­dy. Umu­man, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň möç­be­ri­niň we gör­nü­şi­niň art­dy­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ösü­şiň hem-de ro­waç­ly­gyň ýo­ly bi­len ynam­ly ga­dam ur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mä­ge hyz­mat eder.

Soňky habarlar
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
09.09
Döwletli mekan obasy — Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna sowgat
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr
top-arrow